GORKAKBATYR

Okuwda boýly-boýuna durmaly bolanda, Şageldiniñ ýeri uzak wagtlap iliñ yzynda boldy. Göräýmäge boýlary özünden has kiçiler-de, setire düzülseler, ondan öñde bolup çykýardylar. Başda Şageldi muña hiç düşünip bilmedi: nämüçin? Bu ýerde näme syr ýatyr?
Ol bu ýagdaýa boýun bolmajak bolup, ilki okuwa öz göwresinden uly egin-eşik geýip, uly köwüş süýräp geldi. Ýöne netije ýok. Bar zat – şol öñküligi. Ol ýene-de käbir ýönekeýje usullary synap gördi, meselem, hatara durlanda daraklygyña galmak. Ýöne daraklygyñda sagatlap durup bolýarmy? Bar, duraýanam ekeniñ-dä, eýle bolsa, il nä daraklygyna galyp bilenokmy? Netije-de, nätse-de, Şageldi bir zady boýun almaly boldy: dogrudanam, klasdaşlarynyñ arasynda ol iñ keltesi...
Klasda iñ kiçisi, iñ ejizi bolansoñ, ol köplenç ýersiz-ýere kötek iýmeli bolýardy. «Güýçliñ gowusy ýok!» diýleni, güýji ýeten onuñ başyna baýardy, çemtni tapsa, awundyrman geçmezdi. Bu ýagdaý 1-nji klasdan tä 7-nji klasa barýançalar dowam etdi. Niçikmi ýañy okuwa başlanlarynda düzgüne giren zat, tä ýetginjek çykýançalar üýtgemedi. Şeýlelikde birnäçe ýyl geçip gitdi. Bir günden bir gün nobatdaky tomus kanikulyndan dolanyp gelenlerinde, klasdaşlary Şageldidäki käbir özgerişlikleri gördüler. Ýöne muña üns bermelidirem öýtmediler. Her kimiñ özüni görkezesi gelýärdi.
Çagalykdan az-owlak saýlanyp, ýetginjekligiñ çetinden girmegiñ aýratyn bir lezzeti bardy. Olar indi 7-nji klasa geçipdiler. Oglanlaryñ birentegi bu wagt eýýäm çilim çekip ýördüler, arasynda ýeñiliräk içgileri içip görenleri-de bardy. Boýy klasdaşlarynyñ hemmesinden uzyn, şonuñ üçinem setiriñ başyny çekýän Hanguly eýýäm aragam dadyp görendigini öwnüp gürrüñ berýär. Onuñ gyzlar barada bilýän zatlaryny-da munuñ üstüne goşsañ, onda bu klasda oña taý geljegiñ ýokdugy düşnükli. Onuñ öz ýaşytdaşlarynyñkydan tapawutly gürrüñleri oglanlaryñ köpüsiniñ agzyny suwardýar. Deñinden geçýän gyzlara lak atanda, klasdaş oglanlar oña boýun. Şonuñ ýalyda ol gyzlara däl-de, eýsem ilki bilen oglanlara göz görkezýär. Üssesine-de, ol entek başlangyç klasda okaýarkalar: "Kimiñ boýy iñ uzyn bolsa, klasda iñ güýçli şol bolýar" diýip, oglanlaryñ gulagyna guýdy. Başlangyç klasda gulagyña guýlan zat bolsa, ýadyñda gowy galýar. Mugallymlar şeýle diýýärler.
Ýetginjek ýaşa ýetýänçäler boýly-boýuna durmakda üýtgeşiklik kän boldy: boýy tiz ösüp, setiriñ öñüne geçenlerem, tersine, yza geçenlerem bar. Ine, indi Şageldem iliñ yzynda däl. Ýöne welin, onuñ şol öñki çepiksiligi. Şonuñ üçinem öñküsi ýaly garawsyz görünýär...
Onsoñ onuñ öñküsi dek ýumruk ýassygy bolup galmagy hiç kimi geñ galdyranok, göýä bu hökman şeýle bolaýmaly ýaly. "Jübä salyp gdibermeli" diýilýän çepiksizje Şageldä ýersiz ýerden süýkenmegi käbirleri edil borç edinenden enaýy däl. Ikilik baha alanam, irden ejesi bilen öýkeleşip gaýdanam, kakasyndan käýinç iýenem, okuwa gelensoñ, gaharyny Şageldiden çykarýar. Näme diýip, näme aýtjak? Şageldi bu klasda birçak ýumrugyñ güýji barlanyp görülýän janly garantga öwrülip giden.
Onuñ özem bu çaka çenli taýak iýmäge halys öwrenişen. Üstüne abanyp gelenlerinde, ýüzüni gorap, bir yññyl-çyññyl eden bolýar. Ýöne urulmasa sypmajagyny bilensoñ, üýtgeşik bir garşylygam görkezip baranok. Iýmeli taýagyny çydamlylyk bilen iýýär. Sebäbi garşylyk görkezse, ýumrugyñ öñküsinden-de gaty degjegini bilýär, bu ugurdan tejribesi ýetik. Günde-günaşa urlup ýörensoñ, ol indi asyl munuñ üçin artykmaç jebir çekýäne-de meñzänok. Teni ölüşipdir.
Şageldini urýan-da esasan öz klasdaşlary. Munuñ gowy tarapy sanardan kän... Ilki aýtmaly zat – olar ony kastsyz urýarlar, klasdaşlarça! Sebäbi olaryñ Şageldide köýüp ýatan arlary ýok, endiklerine görä, ýüz ugra birki şarpyk çalýarlar-da, geçip gidýärler. Wessalam. Ýüzüñi çytman, şoña dözseñ, bolany. Şageldem çydaýar.
Ýöne soñky döwürde, Şageldiniñ durmuşynda adaty gatnaşyga öwrülen bu düzgün bozulyp ugrady. Indi oña özünden pes klasdakylaryñ içinden-de ekjeşip görjek bolýanlar tapylýar. Içinde birki sanysy muña has-da höwesek.
Bäşinji klaslylardan iñ daýawy Atow uly arakesmede ony eýýäm iki gezek döşünden itip ýykdy. 7-nji klasly bolup 5-nji klasly Atowdan hiç bir sebäpsiz ýumruk iýen Şageldi öñki galagop rahatlygyny ýitirip, birki gün töweregine aljyraññy seredip gezdi. Sebäbi Atow öñden öwrenişikli, adalatsyz bolsa-da, ýöne birçak düzgüne giren ýagdaýy bozdy. Şonuñ üçinem Şageldiniñ gözlerine üýtgeşik tukatlyk aralaşdy. Ol çykgynsyz güne düşüp, içini hümledip gezdi. Erbet ýeri, indi ol arakesmede arkaýyn daş çykmakdan-da kesildi. Sebäbi daşaryk çykdygy kiçi klaslylar onuñ yzyna düşüp, yrsarap ugraýardylar. Atowyñ üstünliginden soñ, elbetde, olaryñ içinde öz güýjüni barlap görmäge höwesekler köpelýärdi. Şageldi näderini bilmän, jañ kakyldygy daşaryk eñýän klasdaşlarynyñ yzyndan gözi gidip, garap galýardy. Ol iki günläp partany gujaklap ýatdy. Üçülenji gün ýagty jahany küýsedi, gum-gukluk bolup ýatan klasda ýekesiränsoñ, daşaryk ýöneldi.
Uly arakesme wagty daşarynyñ jagyl-juguly has-da ýetik: kimsi top oýnaýar, kimsi kowalaşmak, kimsi ikibir-üçbir gürrüñe ýatypdyr, kimsi – jedele. Garaz, mekdebiñ howlusy gaz-ganat. Şageldiniñ göwni köpçüligi küýsese-de, ol ätiýajy elden bermän, gözden sowarak ýere – mekdebiñ arkasyna geçdi. Bu taýy ümsümlikdi. Okuwçylaryñ oba hojalygyndan tejribelik ekin ekýän atyzyndaky ýorunjanyñ üstünde gaýmalaşýan arylar, kebelekler, siñekler ýa-da gaýry mör-möjekler diýäýmeseñ, başga azar berjek ýokdy. Şageldi ýorunjaly atyzyñ bir çetinde durup, tebigatyñ toýuna üýşen dürli jandarlara tomaşa etdi.
Ýazyñ ahyry bolansoñ, Gün eýýäm tomusdaky ýaly gyzdyrýar, gülli ýorunjadan ýakymly otjumak ys kükeýär. Şageldi ünjüsini unutdy, ýorunjalygyñ daşynda aýlanyp, hezil etdi. Il deñinde daşaryk çykyp bilmän klasda busup oturan günleriniñ öwezini doljak bolup, töweregine söýünç bilen garanjaklap, birsalym atyzyñ daşynda hezil edip aýlandy. Ýorunjanyñ gülüne gonan owadanja kebelege elini uzadanda, onuñ añrysyndan çykan gaharjañ ary tasdanam onuñ barmagyndan çakmaga ýetişipdi!
Şageldi oýna gümra bolup, töweregini ýadyndan çykardy. Emma klasdaşlarynyñ içinde özüni ekabyr saýýan Atow eýýäm ony añtap ýören bolsa nätjek. Onsoñ ol 7-nji klaslyny urup ýykyşyny görkezmek üçin oglanlary yzyna tirkäp, duýman durka Şageldiniñ ýazzy mañlaýyndan çykdy. Duýdansyz üstüni basdyran Şageldiniñ gorkudan injigi saññyldady. Ol uruşdan gutulmaga ýol gözledi, ýöne 5-nji klaslylar tomaşa küýsäp, jagyl-da-jugul bolşup, derrew onuñ daşyny aldylar. Atow diýseñ, eýýäm ýumrugyny düwüp, topulmaga taýyn bolup dur.
– Uruşjakmy-eý, gel, uruşsañ!
Şageldi burça gabalan pişik ýaly janhowluna urundy, gaçyp sypjak boldy, emma bu wagt oña sypara "araba ýol" galmandy. Tomaşaçy märeke onuñ gaçjak ýolunda janly diwar boldy duruberdi. Şonda degnasyna deglen Şageldiniñ horja ellerine göýä alaçsyzlykdan agram inene döndi. Şol bada-da, entek garma-gürmelik başlanmanka, duýdansyz ýerden şarpygyñ batly sesi çykdy: şarp!
Näme bolup geçendigini 5-nji klaslylar zatda oñly düşünibem ýetişmediler. Bir görseler, ynha, Şageldi däl-de, eýsem öwünjeñ Atow ýerde çiñ arkan serrelip ýatyr!
Bu garaşylmadyk wakadan ýaña 5-nji klaslylar ala-wagyrdy boluşdylar. Eden işinden huşy göçen Şageldi bolsa, häziriñ özünde üstüne ýagjak ýumruklary sanap iýmek üçin derrew gözlerini ýumup, iki büküldi, galan zady owarram edip, diñe ýüzüni goramaga çemelendi. Daşyndan seretseñ, bu wagt ol ýene-de şol öñki Şageldidi, islendik gara güýje boýun bolmaga taýyndy.
Ýöne nämüçindir Atowdan jogap bolmady. Garşydaşyndan ar almakdan geçen, ol gaýta hykgyldap, demi içine dolup, aglamjyrap ýatyrdy. Klasdaşlary ony ýerinden turzup, goltugyna girip äkitdiler. Ine, şeýdip, Şageldi duýdansyz ýerden uruş meýdanynda gahryman boldy galyberdi.
Şageldiniñ Atowy urup ýykanlygy baradaky habar mekdebe ýyldyrym çaltlygynda ýaýrady. Klasdaşlary Şageldiniñ arkasyna kakdylar. Ýöne özleri welin, öñki gylyklaryny üýtgetmediler. Indiki arakesmede, bolgusyz bahana bilen Çäşem Şageldiniñ gulak düýbüne ýelmedi. Ýöne ol ikinji gezek elini aýlajak bolanda welin, eýýäm ýetişmedi. Şageldiniñ duýdansyz galgan şarpygy ony kese ýykdy. Çäşem ýerinden turup, ýene topuldy, emma ikilenç şarpygyñ sesi çykan badyna arkan gaýtdy. Şondan soñ ýumrugyny düwüp, taýyn bolup duran Şageldiniñ üstüne topulmaga Çäşem milt edip bilmedi. Ol hapa sögündi-de, çekgesini tutup gyra çekildi.
– Soñ göräeris! – diýip, boş haýbat atyp oñdy.
Şondan soñ Şageldiniñ üstüne topulanlardan sanlyja günüñ içinde ýene üç-dördüsi onuñ şarpygyny dadyp gördi. Iñ geñ ýerem Şageldi topulyp gelýänleriñ hiç birine öñürti elini aýlamaga maý berenokdy. Olar "uruşjakmy!" diýip, diline bat berýänçäler, alagedin olaryñ gulagynyñ düýbüne tozduryp goýberýärdi.
Bu ýagdaý, iñ ejiz oglanda bolup geçýän üýtgeşiklik, klasyñ iñ güýçlüsi Hangulyny ynjalykdan gaçyrdy. Bu gidişine gitse, "hä" diýmän, oña-da gezek ýetjegi görnüp durdy. Wagt ýitirmän Şageldini öñki agylyna gabamalydy, oña degerlije temmi bermeseñ boljak däldi, muny-da indi Hangulydan öññe başaryp biljek ýokdy. Ol öz etmeli işini çemelänsoñ, ýumruk ýaly Şageldi özüne el salgap biler öýtmän, oña garşy añyrdan gaty arkaýyn ýöräp geldi.
– Sen näm-ow, inim, gaty jikgerýäñ? – ol edil urjak ýaly edip, elini galgatdy.
Emma üstüne abanyp gelenden, aýratynam Hangulydan hiç bir oñlulyga garaşmaýan Şageldi alkymyna berip, ony-da ugrybir urup ýatyrdy. Ýöne klaslaryndaky iñ güýçli oglany urup ýykandygyny gören Şageldiniñ gorkudan ýaña sandyraýyşyny görmek gerekdi! Munuñ yzy, kim bilýär, nämä ýazar?! Uruş ula gitse, Şageldiniñ arkasyny tutjak barmy, hemme kişi Hangulydan öler ýaly gorkýar. Şonuñ üçin Şageldi ýüregini bire baglap, "näme bolsa, şol bolsun-a!" saldy, urşy soñuna çenli dowam etmäge ykjam taýyn bolup durdy. Çünki bu wagt onuñ öz gollaryndan özge hossary ýokdy.
Añry ýanlarynda üýşüp duran klasdaş gyzlar bu wakany görüp, gülüşdiler. Bu ýagdaýy gören Hanguly gahar-gazaba mündi. Onsoñ ol hasanaklap turdy-da, bir eli bilen çekgesini tutup, Şageldini rehimsiz depmäge başlady. Nämä garaşsa-da Şageldi beýle erbetlige garaşanokdy. Sebäbi obada urşulanda hiç kim başga birini aýak bilen depenokdy. Beýle uruş şäher urşudy, namart uruşdy. Şageldiniñ işi taýak iýmek bolansoñ, bu düzgüni gowy bilýärdi. Şonuñ üçinem ol özüni depişdirip alyp barýan Hangulynyñ deminden sypdy-da, hoñ ýaly ýerden yzyna bat alyp gelip, bar güýji bilen onuñ tumşugyna ýelmedi. Hanguly ikilenç diñ arkan gaýtdy. Şondan soñ Şageldi ony ýerinden turuzman, dört-bäş gezek içine düwündirdi. Iñ soñky gezek itenek-çomanak aýak üstüne galan Hanguly ýene bir şarpyk iýensoñ, kese gyşardy.
Şageldi daşynda şowhun edýän, sag elini ýokaryk galdyrýan oglanlary görüp, bir ýylgyrdy, mañlaýynyñ sowuk derini syldy. Onuñ garşydaşy bolsa, "hyk-çok" edip, ýüzüni tutup, suw kranynyñ ýanyna, çapylan dodagynyñ ganyny ýuwmaga gitdi.
Şoldur-da – şudur, Şageldä asyl biri ýanaşaýsa nädersiñ?! Ýalñyşyp, kimdir biri negada köne endigini gaýtalajak bolaýsa-da, ätiýajy özünde, topulaýjak ýaly edýär-de, derrew kürtdürip duruberýär. Gury haýbat bilen göwnüni hoşlamasa, dagy alajy ýok, şondan añryk geçmäge asyl indi olaryñ hiç biri-de milt edip bilenok.
Ejizeganymlyk edip, Şageldini urup ýetişdiren özleri, şonuñ üçinem oña ýanaşsañ, nämäniñ garaşýandygyny olar bilmän, kim bilsin?! Şageldiniñ ýüreginde öñünden çykandan gorky bar, onsoñ ondan öñürdäýmek kyn.

Awtor: Ak Welsapar
Çeşme: Halkyň haky hekaýalar.apk

Edebiýat, Arslanalayew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir