Menin bir problemam bar oytyan shu wagt, sizden maslahat alayayyn diydim Menin bir tanyshym bar weli, yok yerden gyn goryarda, a men bolsa onun gownune degmejek bolyan(degemok hem) yone menden elmydama oykeli. Men name edip bilerkam? Yada sizdede barmy azajyk zatdan oykelemek? Yone men adamyn gownune degesim gelenok, yone ol bolsa derrew gyn goryar:( Men name edip bilerkam, komek etsenizlan???
Sizden komek gerek oytyan:(
-
Bagul
16 years ago
- Yone men ol name diyse yok diyemok, hasiyetine gora hereket etyarmikam diyyan, yada men yalnyshyarmykam:(
YOkla Kaya aga, soyguli dal-de. Yone oran yakyn tanshymda, gownune degesim gelenok, onam gynandyryan ozumem gynanyan oytyan.
-
Maxat
16 years ago
- balyk tutup berme-de balyk tutmany öwretsen gowy bolar, durmyşda göwnüne degjek kan tapylar, öykelemezligi öwrener
-
ata
16 years ago
- ýagdaý näme?! Azyrak düşündiräýseň!
-
Bagul
16 years ago
- way nahili aytsamkam, yone elmydama menden gyn goryar, yone men onun gownune deger yaly hich zat edemok, hmmm, yada oz problemalary barmyka diyyan shonun uchin bolmagy hem mumkin,
Ana shu gunem syrkawlapdyr weli oran gynandym yone menin sheyle gynanyanymy ozi hem bilyan daldir.
-
kaya tm
16 years ago
- ay gaharyny birinden chykarmalydyra
eli yetyani sensinda, soyyan bolsan ylalashyber on bilen
-
Bagul
16 years ago
soyyan bolsan ylalashyber on bilen
bee agamjan bu name diydiginiz bolyaray???
Onunam gaharym gelse burnuny dishlesin :)
-
kaya tm
16 years ago
bee agamjan bu name diydiginiz bolyaray???
Onunam gaharym gelse burnuny dishlesin
ay soygulinmika oydupdum welin beyle dalmi asyl
gahary gelse burny dishleyan barmyka??????
-
ata
16 years ago
- haý, senem-ä :)
Sen umumy aýtdyň ýagdaýy, şoňa laýyklykda hem Maksat gowy maslahat beren ekeni bu babatda.
Men hem gysgaça şuny diýeýin:
Ynsan kalby/göwni näzikdir, aýratynam, gyz/zenan maşgalalarynyňky. Şoň üçinem, haýsydyr bir zyýanly ýagdaý ýok bolsa, onda ol joraňa goldawa dowam et. Ýöne senem içiňe salma öýkeläp zat edäýseň, soň bary jemlense, onda has erbet bolar we ýarylarsyň 1 gün!
Beýikleriň durmuşyndan nusga al, meselem şu ýerde ynsanlyk äleminiň görelde aljagy iň beýik şahsyýetlerinden biriniň gözel ahlagy, häsiýetleri barada maglumatlar bar, okap öwren we amal etjek bol. Iň esasylaryndan şular:
1- Sabyr;
2- Merhemet;
3- Pidakärlik;
4- Agras;
5- Yhlas;
we ş.m.
Şol häsiýetlere gowy düşünip, Pygamberimizi hem görelde alyp, şol ýagdaýy amal etseň, onda kynçylyk çekmersiň diýip umut edýärin!
-
Bagul
16 years ago
- maslahatlarynyz uchin kop sag bolun Ata aga :)
-
kombat
16 years ago
- göwnüni tapjak bolup, ýaşňyşypsyň.
öňem biri:
"hemmeleriň göwnüni görjek boldum welin, çagam özüme meňzemedi" diýipdir.
näzini çekip ýörme, kadaly gatnaşyk saklamak islemeýän bolsa, holaş, gitsin.
-
kombat
16 years ago
- sabyrdan yhlasa çenlisi kä agyr, kä ýeňil, aýtmasy aňsat, etmei kyn, dürtmesini bolsa duýman galarsyň.
-
garagum
16 years ago
- zat ýok ýere elmydama senden öýkeli bolsa, "gaty görse, gaty ýerde otyrsyn" diýýaler. senem şeý diýäý :)
-
Bagul
16 years ago
gaty görse, gaty ýerde otyrsyn"
Hahaha:)
Ayy bilmedim shu adamlaryn hasiyetlerine dushunip bilmedim hich hachan. Uytgeyarler oza:)
-
ata
16 years ago
- men başga ýerde ýazypdym welin, asyl degişli ýeri şu taýy bolansoň, bu ýere-de goýaýyn şol ýazgymy:
Ýöne seň ýanyňda başga bir türkmen bar we oň bn hem düşünişip bilmeýän bolsaňyz, örän geň. Sen-ä düşbije gyz bolmaly ýazgylaryňa görä Ol gyz/oglan hem şeýle bolsa, onda säwlik bolmaly däl, ahyryn?!
Diýmek, onda 1(näçe) säwlik bolup bilermikä diýýän?! Garaz, öňem-ä beýan ediňdiň şu ýagdaýy welin, şeýle etmeginde men-ä many göremok onuň. Çünki, hemişe-de ol nägile bolýan ýaly ýazypsyň. Eger ýagdaý şeýle bolsa, onda onda säwlik bar, pikirimçe.
Sabyr et we Allahdan ýagdaýyň düzelmegi üçin dileg et! Sebäpler we synaglar dünýäsi bolany üçinem, durmuşyň kada-kanunlaryna laýyklykda hereket etjek bol!
Garaz, sen sen bol-da gowulyk et. Gadyr-gymmatyňy bir gün biler, ol bilmese-de Biribar biler. Şoň üçinem sen gowy bol, gowulygyňa dowam et! Dileg hem et! Ynha, şu ýagdaýda Biribar hem dilegleriňi kabul eder we araňyz düzeler diýip umyt hem-de dileg edýärin!
-
Bayram-Jm
16 years ago
- Bagul! Senem chalaja zada ondan oykele. Gurleshman gez. Son ozi dushunip yanyna ylgap geler.
kaya tm 16 years ago- adamyn ugryny tapmaly we hasiyetine gora hereket etmeli
sonam ol diyyanin soygulina daldirda :D