Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Soňky wagtlar ýazgylar arkaly kä agzalar arasynda sene-mene ýa-da ýaňsylama bolupdy "jigim, aga" sözleriniň ulanylyşy babatda. Şu ýagdaý boýunça öz pikirimi aşakda beýan etmekçi. Sizem bu babatda öz pikirleriňizi paýlaşaýsaňyz! Sag boluň!
"jigim, aga" sözleriniň ulanylyşy babatda
-
ata
16 years ago
- meni ýaňsylamak üçin "ata agasy" diýýänleriň şol ýüzlenişi gerek däl! Goý, sada agzalyk adym bn ýa-da hakyky adym bolan "atamyrat" ady bn ýüzlenibersinler!
Jigim ýa agam diýýän agzalarymdan birahat bolýany bar bolsa, maňa şu ýerde bildirsin, gaýdyp şol sözler bn bimaza etmäýin!
Bu babatda başga ýagdaýlar bar bolsa hem bildiräýseňiz!
Sag boluň!
-
kombat
16 years ago
- tanamamsoň men ata jigi diýmedim.
-
Bayram-Jm
16 years ago
- Ata! Kyn görmeseñ ýylyñyda ýazaý! Biler ýaly.
-
ata
16 years ago
Ata! Kyn görmeseñ ýylyñyda ýazaý! Biler ýaly.
Bayram-Jm
hatyra güni, 80
-
ata
16 years ago
tanamamsoň men ata jigi diýmedim.
kombat
bir wagtlar "milletparaz=milliýetçi" diýip biri bardy. Şolam başda şuňa meňzeşräk bir zatlar diýipdi öýdýän, soňlar-a düzelipdi B-)
Wajyp däl-le "jigi" ýa "aga" diýilmegi. Türkmençilikde bar bolan ýagdaý we dogry ulanylanda, erbet bolmadyk bir ýagdaý diýip bilýän!
Muny ulaltmaga hajat ýokmuka diýýän!
-
ata
16 years ago
- şu mowzuk barada köp sanly agzalar pikirlerini bildiripdiler, käbirlerini sitata hökmünde bu ýere-de goýmakçy. Aşakda.
-
ata
16 years ago
- 1-
aslynda mena shul aga soze hormatin nyshany diyjek uya sozem bar, turklerin abi sozunu ulansak hormat goyyan bolyas oz ene dilimizdakini ulanson hormat bolanokmishinmi? elbette bolyar, name uchin bolmasin nothing is impossible bashda elbette hemme kisha agyr gelip biler ozunden uly doganyna aga yada uya diymek yone oz ene dilimizdaki sozlerimizi ozumuz ulanmasak gelipde bashga milletlerdakiler ulanmaz hemde bu sozler chinimi aytsam ulanmasak 10-15 yildan yitip gider belki adamlar manysyny biler yone ulanyan gaty azalar diyip pikir etyan muhammet mary tarapda dogry aytyan aga diyilenok gaty az ulanilyar belkide hich ulanilanok men gormedim birinin ulanip duranini yone yenede kabir yerlerde ulanilyar(beyleki welayatlarda takyk biljekdal men sheyle pikir etyan) mysal uchin menin bilishime gora enshalla sozu 7-8 yil mundan on hich hili diyen yali ulanilanokdi gaty az ulanilyardy yone shu wagt seredin ulanyan adamlarin sany gun-gunden kopelyar, aslynda turkmen dilinde ozunden ulylara agam ve uya diymeli ozunden kichilerede diysen agamjan uyamjan diysen yalnish bolmazmika diyyan, yagny diyjek bolyanim eger shular yali sozleri biz ulansak belki adamlarda bize seredip ulanip bashlar diyjek bolyan, mena chinimi aytsam doganlarima aga uya diyip ulanmadim diysemem bolyar yone gyz doganima bir je gazek uyam diydim olam gaty kynlyk bilen yone wagtyn gechmegi bilen o sozlerem doganlarimiza yuzlenmek uchin ulaniljaginy umyt edyarin :D sziin pikirleriniz?!....
-
ata
16 years ago
- 2-
Aslynda abi-->agany shu turkmen dilinde sap gurlali diyip gechirdik. Bashda turk mekdepden galan endik boyuncha "abi" diyyan kopdi, meselem, mana, shol wagt belki shu yerinin yashulyragydym.
Yone menden 1 yash kichilere chenli abi diyenson, shony bir hili gordum. Aslynda men aga-da dal, abi hem. Yone diyjek bolsalar, turkmenchesini aydalyn diydim!
Hakykatdanam, goz onune getirin mekdepleri. Mekdeplerde ozunden 1 yash ula hem, 2 yash ula hem ABI diymegi kyn goryan yok. Her kim abi diyip yor. Yone shol mekdeplerde oglanlar ozunden 1-2 yash ula aga diymani agyr goryaler. Name uchin?! Biz owrenishmedik. Oz sozumizem bolsa, ulanyshdan doly galan yaly :(
Yone nesip bolsa, aga, ini, uya we sh. m. sozleri ulanarys.
Menin ozumem Atamyrat abi diyip yoryadim ata atly agzamyza :) Yone shu yerde abi sozunden aga sozune gechishlik edelimiz bari, men hich turkmene abi diymedim, dine aga diydim.
Alym yashlaryn simpoziumynda hem dine "aga" ulandym, son gownume bolmasa, beylekilerem aga diyyan yaly bolup bashlady :D
-
ata
16 years ago
- 3-
Kopumuz TTMden uchurym,aramyzda abi (bu saytda aga) diyyas. Yöne aslynda türkmençilikde özünden sahelçe ulylara aga diyilmeyar(Mary tarapda sheyle,galanlary bilemok)Mysal menden 5-6 yash ulylara aga diyilmeyar. Has uly bolsa aga sözi ulanilyar. Abii diymek türk jemgiyedinde hormatyn nyşany. Yöne bizde beyle dalmika diyyan.Mysal uchin bir Lebaply oglan aydardy-Siz ene/atanyza sylag yok,sen diyip gepleşyan,siz diyip gepleşmeli diyyadi.Yöne men yetişen,ögrenen medenyedimde beyle zat yoga. Mysal uchin orslarda adam olse sylag hokmunde telpeklerni chykaryalar,bizde tersine geyyaler.
Mena özüme aga diyilmegine islemezidm.Siz name pikir etyaniz?Eger garşy bolmasanyz adynyzy tutjak göni.
PS:Agajan aga,Hojadurdy aga diyseng bolar,olar bizden has uly.
-
ata
16 years ago
Saryklar bilen ärsarylaryň köp meňzeşlikleri bar!
beý diýmegimiň sebäbi, meň tanaýan saryklarymam ärsarylaram ula hormat goýup gepleýärler, özinden 1 gün uly bolsada! plany aga diýip ýüzlenýärler. we dilleri bir birine meňzeşiräk!
CeriumOxide
-
ata
16 years ago
- ýokardaky 4 bolmaly, indi:
5-Turkmenlerin onden gelyan dabi bar,
Dabin bilsen ahli beladan gorar.
Aga sozi hakykatdanam ula hormat hokmunde diyilyar.
Emma munin ka halatda islenman hem mecbur bolup hem diyilayyar. Kate ozinche bolmayan bir gapy achylmagy uchin "Aga" diyilayar.
Elbetde bu koplench yash babynda kichi hem bolsa vezipe babynda Uly shahslar uchin diyilyar. Sebabi bu soz kop gapynin acharydygyni hemmamiz hem bilyaris.
Ay Turkmen aga diyishleyin
Yagshy soz yilany hinden chykarar,
Yaman soz ynsany dinden chykarar.
Elbetde bu hem "Aga" diymegin bashga gornushi.
-
ata
16 years ago
- men öz degişli ýazgylarymdan esasy-ha biriniň açan mowzugynda we pozulany sebäpli, tapyp bilmedim. Ikinji ýazgymy hem gözläp tapyp bilmedim, ýöne gysgaça many taýdan:
Mary taraplarda bolmasa-da, Lebabyň we beýleki welaýatlaryň käbir/köp ýerlerinde özünden 1 ýaş uly bolsa-da "aga, uýa" we "siz" diýip ýüzlenilýänini ýazypdym.
-
garabekewul
16 years ago
- ay mena bilemok yashlykdan alan terbiye sheylerakmi..ozumden ululara "sen"diyaysem,enem(ejem) oklawy tayynlap bashlayardy:)-ol oklawyn bady heiz hem bar.. shonyn u/n hazir hem ozumden ululara, yada tanamayan adamyma "siz" diyip yuzlenyan.
indi ozum sheylerak bolayypdyryn.. agamyn cagalary (olar shaherde ulalansonlar,dine sen, yada adyňy tutup yuzlenyarler)
sen diayse akyl berip bashlayan:)
-
CeriumOxide
16 years ago
ay mena bilemok yashlykdan alan terbiye sheylerakmi..ozumden ululara "sen"diyaysem,enem(ejem) oklawy tayynlap bashlayardy
ärsarylaň hemmesi şeýle öýtýän, meň tanaýan halaçly oglanlamam özünden 1 gün hem uly bolsa "aga" diýip ýüzlenýärler
-
kaya tm
16 years ago
- men ozumden uly bolsa aga diymesem bir hili bolyar sylamadyk yaly shonun uchin aga diyyan mena
-
garabekewul
16 years ago
- Kä agzalary gönüden-göni tanamsoň, ýaşymam olardan uly bolansoň we, hakykatdanam, öz jigilerim ýaly gowy göremsoň diýýän - mysal hökmünde Serdar, Maksat, Agajan (garabekewül) we ş.m
sagjabol agam men hem shonun u/n "akga"diyyana how:):)
-
ata
16 years ago
sagjabol agam men hem shonun u/n "akga"diyyana how
ertir görüşeris-dä, enşallah, jigim jan :)
Şu "jigim" sözüni hem köp maksada laýyklykda ulansa bolar, meselem:
1- hakykatdanam, gowy görüp;
2- ýaňsylamak;
3- özüniň ululygyny bildirjek bolup;
4- gompulyk edip;
5- kümsüklik edip;
6- ýalňyşyp;
we ş.m.
"Agam" sözi üçin bolsa, edil beýle däl ýaly :)
-
ata
16 years ago
ay mena bilemok yashlykdan alan terbiye sheylerakmi..ozumden ululara "sen"diyaysem,enem(ejem) oklawy tayynlap bashlayardy
hawa, terbiýä bagly. Meselem, biziň obamyzda özümden ululara, hatda, maşgalamyzda agalaryma-da "aga" diýemok. Hatda, ejem we kakama-da "siz" däl-de "sen!" diýip ýüzlenýärdim. Onam özlerinden şeýle öwrenenim üçin! Ýöne B-aly TTM giremsoň, gysga wagtdan öýmüze baryp, ejeme, kakama* "sen!" diýip ýüzlenip bilmän duryn, onsoň "siz!" diýipdim :)
* Obamyzda hemmeler diýen ýaly "kaka" diýýäler, ýöne ala-böle biziň we az sanly beýleki maşgalalarda "däde" diýip ýüzlenilýär.
A sizde ýokardaky ýagdaýlar nähili, hormatly agzalar! (myhmanlar ýazanok-da, bolmasa olara-da ýüzlenerdim) :)
-
ata
16 years ago
men ozumden uly bolsa aga diymesem bir hili bolyar sylamadyk yaly shonun uchin aga diyyan mena
kaya tm
maşgala terbiýesi sebäplimi, Kaýum?!
Şeýlemikä diýýän!
-
kombat
16 years ago
- türkler zadyny geçirjek bolup, özünden kiçem bolsa "abim", "ependim" diýmeýärmi? bärde zat satma aladamyza ýok.
-
Bagul
16 years ago
- hmm men-a ozumden ulylara elmydama "aga, abii"diymage owrenishipdirin. yone ozumden bir-iki yash uly bolsada shony diyyan, yone Hanym we Jenap yaly sozleride gowy goryan, hemde kop ulanyan.
-
CeriumOxide
16 years ago
- "aga" diýmegiň gowy zat welin, "abi" bir diýme how, gerek däl başga dillerden söz!
turkiýada okaýanlaň dili bulaşýa, şoňa dykgat etmeli, türkmençämiz barka başga dilden sözler ulanmak gowy dällaý, bolýa eger türkmençede şol söz ýok bolsa!
-
CeriumOxide
16 years ago
- düzeltme:
şol söz ýok bolsa
şol sözüň garşylygy bolmaly
-
Bagul
16 years ago
"aga" diýmegiň gowy zat welin, "abi" bir diýme how, gerek däl başga dillerden söz!
turkiýada okaýanlaň dili bulaşýa, şoňa dykgat etmeli, türkmençämiz barka başga dilden sözler ulanmak gowy dällaý, bolýa eger türkmençede şol söz ýok bolsa!
Men turkler bilen gurleshemde shol sozi ulanyan diyjek boldum:)
-
kaya tm
16 years ago
maşgala terbiýesi sebäplimi, Kaýum?!
Şeýlemikä diýýän!
howwa Ata aga terbiyam sheyle
-
ata
16 years ago
türkler zadyny geçirjek bolup, özünden kiçem bolsa "abim", "ependim" diýmeýärmi? bärde zat satma aladamyza ýok.
kombat
diňe zat satjak bolýanlar diýenog-a ony, hakyky hormat nyşanasy hökmünde-de diýýänler bar/köp!
Onsoňam,
"-Hormat goymayana hormat goyulmaz!
-Hormata garashylmaz, hormat goyular! Garashsan welin, shony gorman gynanmagyna we gaharlanmagyna sebap bolar!" diýen ýagdaý hem bar.
-
ata
16 years ago
"aga" diýmegiň gowy zat welin, "abi" bir diýme how, gerek däl başga dillerden söz
!
+1
Men turkler bilen gurleshemde shol sozi (abi) ulanyan diyjek boldum
onda bolýar-la :)
-
kombat
16 years ago
"abi" bir diýme how, gerek däl başga dillerden söz
aga sözüniňem asly parsça. "agaýy ata" diýen ýalyrak bolýar. Şoň üçin, bärde mesele haýsy dildeligi däl-de, şol manyly sözi nirde ulanmalydygy barada.
-
ata
16 years ago
- bäh, men öň başga ýerde-de ýazan ekenim-ä bu babatda, ynha:
duruň-how, öýlenmäkäm garradyp goýduňyz-la meni
indiki ýyl öýlenmekçi öz-ä, onsoň diýiberiň garry
Degişme bir ýana welin, şu "ata aga" diýmekleriniň asyl sebäbini öz pikirime görä beýan edeýin:
Her welaýatyň bu babatda üýtgeşigräk usuly bar bolmaly. Lebap we Daşoguz taraplarda özünden 1 ýaş uly bolana-da "aga" diýip ýüzlenip bilýän bolmaly.
Bärde bolsa umumy. Maňa aga diýýänleriň aglabasy Türkiýeden tanaýan bolmaly ilki başlarda, olaram maňa Türkçeläp "abi" diýýälerdi. Sahypa Türkmençe bolansoň, maňa "abi" diýjeklerine "aga" diýsinler diýdim. Olar "ata aga" diýensoňlar, meni görmedik, tanamadyk agzalaram ýaşymyň örän uludygyny pikir edip, "ata aga" diýip başladylar öýdýän, onsoň menden uly biri hem bolsa, maňa "ata aga" diýip ýör
Agalyga men mynasyp däl, ýöne diýýänleriň hormat we sarpalydygyna baglaýaryn!
-
Maxat
15 years ago
- mena özümi aytsam, kan ulanamok agam sözinam we jigim sözinam, kawagt bolaymasa, mana garşy ulanmaklary hem öwrenşen yagdayym dal
-
Maxat
15 years ago
- sen bir maana agam diymesenehow, arada 1 yaş bar eken, onsuzam şu saytda jigim bolmaga mynasyp adam yok))
ata 16 years ago- Ilki özüm ýazaýyn gysgaça:
1- Tanamaýan agzama "jigim" ýa "agam" diýemok;
2- Tanyşamsoň, meni agasy hökmünde görüp, maňa "ata aga" diýip ýüzlenýän bolsalar, onda şol agzalara "jigim" diýip ýüzlenýän - muňa mysal köp;
3- Özümden ýaşynyň ulydygyny we salyhatlydygyny bilsem, onda şol agzalara hem hormat goýýan we erkek bolsa "aga", gyz bolsa "uýa" diýýärin - muňa mysal Agajan aga (aA), Pelen aga, Saýlanan (aga/uýa(?!) we ş.m.;
4- Kä agzalary gönüden-göni tanamsoň, ýaşymam olardan uly bolansoň we, hakykatdanam, öz jigilerim ýaly gowy göremsoň diýýän - mysal hökmünde Serdar, Maksat, Agajan (garabekewül) we ş.m.
Başga-da bar bolsa, ýene ýazaryn, enşallah!