IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 9

91. Käbir lenta-gurçuklary, iýmitiň ýok ýerinde öz-özleriniň 90%-ni iýip, soňra bolsa öňküleri ýaly ýaşap bilýärler.

92. Deňiz pyşdyllary hemişe aglaýarlar. Şeýdip olar öz endamlaryndaky artykmaç duzdan saplanýarlar. Göz mäzleri, böwreginiň hereketini ýerine ýetirýär.

93. Adamyň agzyndaky suwuklygyňam bakteriosid häsýedi bar. Ine şol sebäpli agzymyzdaky ýaralar endamymyza garanymyzda, has çalt bitýärler. (Aslynda endama ýara düşse, onam biz ýalasak, diýmek ýara has çalt bitmeli. Ýöne barlap göremzok). Adam ukuda wagty, suwukluk az bölünip çykýar, şeýlelikde agyzdaky miliard bakterýälär agşam jübütleşýärler-köpelýärler. Irdenki agyzdan gelýän ys bolsa munuň sebäbidir.

94. Hasap boýunça(по статистике) sary reňkli awtoulaglar, başga awtoulaglara garanyňda 2 esse az awariýa düşýärler. (Sebäbi sary reňk, göze iň çalt düşýän reňk, muny başga awtoluagdakylar görüp, awariýanyň öňüni alýarlar. Ýene hemme taksileriň reňkiniň sary edilmegi muňa şaýatlyk edýär. Eger toýda yşarat(znak) bolasyňyz gelse onda sary reňkli esikleri saýlaň. "Jil berenem nä garşiňdä durmuşam, janym sana kurban ah sary köýnäk" diýilen aýdymam keýpine ýazylanok!)

95. Möýler öz awlaryny iýenoklarda sorýarlar. Möýler ilki meselem siňekleri tutup, kerepläp, soňra siňegiň içine awy göýberýärler. Ol awy, tutulan siňegiň iç-goşuny eredip sok-nektar ýaly edýär. Möý hem şol sogy yzyna sorýar. Şonda möýiň aşgazany awyny we iýmiti aýyl-saýyl edip saýlaýar. Başga adamlary möý çakanyndada şeýle sistema hereket edýär. Şonda meselem möýüň ululygy güjikýaly bolan bolsa onda belki şol möýüň çakan adamysynyň iç goşy soga öwrülerdi.

96. 1947-nji ýylda döredilen dünýäde birinji "Eniac" kompýuteriň 127 tonna agramy bar we ol 167kubmetr meýdany tutýar. Häzirki döwrüň prosessorynyň ulylygy 1kub millimetr bolup, ol "Eniacdan" 1000 esse ýokary hilli.

97. Ustritsalarda(balykgulaklar), towuk ýumurtgasyndan 20 esse köp holestrin bar.

98. Adaty adamyň dişlemegi, ortaça 80-90 kg. Afrikan ýolbarsynyň dişlemegi 600kg. Krokodiliň dişlemegi bolsa tonnadanam köp.

99. Miçigan uniwersitetiniň hasaplamalaryna görä, ýyldyrym, aýallara garanyňda erkekleri 6 esse köp çakýar.

100. Hakyky Tibet çaýy-ýag we duz bilen içilýär. Kalmys çaýyna bolsa duz we burç garylýar. Görüşüňizýaly hiçhili püsek(şeker) ýok.

Internet sahypalaryndan toplan: IDEALLIDER.

Täzelikler, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir