*Äri Türkmenabada komandirowka gidip barýar. Çagalaryna diýýär, kim "Türkmenabat" diýen söze kapýa düzüp islän zadyny aýtsa, şoňa şol zady getirjek.
Gyzy:
- "Kakam gitýär Türkmenabat, getirer maňa şekolat".
Berekella gyzym, saňa şekolat getirerin.
Ogly hem:
- "Kakam gitýär Türkmenabat, kakam getirer popugaý guşy" diýýär.
Onsoñ kakasy hem:
- Ýok oglum, bu kapýa bolmady. Pikirlen gowuja. Ogly pikirlendi pikirlendi we şeýle diýdi: - "Kakam gitýär Türkmenabat, ejemiň oýnaýşy bolar şat. Ejemiň oýnaýşy biziň goňşy, kakam getirer popugaý guşy".

*Aşyk bolan gyzyň saňa üns berenokmy? Seni hasap edenokmy? Onda bir alajyny tapyp ondan karz pul aljak bol. Goý bütin günläp pikiri diňe sen hakda bolsun.

*Bir adam restorana girip naharlanýar. Naharyny gutarjak bolup durka jübüsinden siňek çykaryp içine atýarda:
- Offisant, offisant! Bu ýeri nähili bir restoran? Naharyňyzyň içinden siňek çykýarla? Muny eşiden offisant ylgap gelýärde:
- Bolýar müşderi. Bagyşlaň. Sizden pulyny hem almarys, ýöne gygyryp beýleki müşderilere welin eşitdiräýmäň. Razy bolan bolup restorandan çykyp barýarka gapdalda oturan başga bir müşderi ýuwaşlyk bilen oňa pyşyrdaýar:
- Dost, ýene bir siňegiň barmaý?

*Menem söýgi isleýän, söýýän adamym eli bilen ýüzümi tutsa, saçlarymy sypalasa we ähli bergilerimi töläp berse...

*Aglamak bilen ähli meseleler çözülýän bolsady, dermanhanalar sogan satardy.

* A: Azat Dönmez toý edýämiş gidelimi dost?
B: Aý ýok bu gün işim bar indikisine gideris...

*Gatnaşyklaryñ arasyndaky iñ esasy zat Ynam.

*Gapjygy zarýada goýsaň gowy bolardy.
Ir bilen turýaň, gapjygy barlaýaň, oho dolupdyr. Zarýadnigi aýyrýaň, gapjygy jübiňe goýýaň we dawolny bazara gitýäň.

*Lukman, Men öýlenenim bäri, gözlerim-ä bir döw çaldy?
Ýeri näme görejiñiz peseldimi?!
Şeýle öýdýän: Men hiç pul diýen zady göremok.

*Himiýa sapagynda mugallym Serdarjykdan soraýar:
- Demiri günde goýsañ näme bolar?
- Poslar.
Mugallym bu gezek yzky partalardan Ahmedi turzup:
Altyny günde goýsañ näme bolar?
- Ahmet hem:
Ogurlanar mugallym ogurlanar...

Toplap taýýarlan - Perhat Sabirovv
Eger mowzuk göwnüñize ýarasa (+) bilen goldap kuwwatlamagyñyzy soraýaryn. Halamasañyz (-)
7.04.2021ý 2:01

Täzelikler, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir