Kän mähire çoýdum, köp serdim güne,
Ezilen ýüregmi guradybilmän.
Arryjak bir seg deý kösendim gezdim,
Ejizlän ýerimde gurda bildirmän.

Neresse çaga deý aldandy duýgym.
Haýran, indi söýüldimmi, söýdümmi?!
Düýn bir şemal ýaglyk deýin galgatdy,
Meniñ dagdan agramlydyr öýdenmi.

Kalbyñ ynjar eken döwülip ynam,
Hem ýakynlañ senden ýüzün öwirse,
Bildim günbatarda gowulyk ýogun,
Gün dogan wagtynda dodak çöwürseñ.

Ýogsa artyk ýükem däldim illere,
Özüm çekip ýörerdim öz derdimi,
Ýa gam-gubur köp çökensoñ göwnüme,
Aral deýin awundyrdym kendimi.

Wepaly dostum deý sadyk duýgular.
Ga:ldylar göwnümiñ sakçysy ýaly.
Çyg çeken ýüregim doly arzuwdan.
Garrap giden gyzyñ bukjasy ýaly…

Merdan B.

Edebiýat, yyldyz. tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir