«Tesla» awtoulag kompaniýasy «Toyota», «Volkswagen», «Daimler» we «General Motors» ýaly bäsdeşlerinden öňe geçip, dünýäniň iň gymmat awtoulag kompaniýasy boldy. Amerikan markasynyň maýasynyň ähli bäsdeş kompaniýalarynyňkydan ýokarydygy bellendi. Bu barada car.ru habar berdi.
Habar berilmegine görä, «Tesla» markasynyň maýasy 605 milliard dollara ýetdi. Şol bir wagtyň özünde ikinji orunda durýan «Toyota» ýapon markasynyň maýasy ondan 2,5 esse az, ýagny 244,1 milliard dollar diýlip çaklanylýar. Üçünji setirde 153,2 milliard dollar bahasy bilen «Volkswagen» ýerleşdi.
Dünýädäki iň gymmat awtoulag kompaniýalarynyň arasynda «Daimler» (90,8 milliard dollar) we «General Motors» (80,4 milliard dollar) hem bar.
Ýöne girdejisi taýdan «Tesla» öňdebaryjylykdan daşda. Onuň ortaça girdejisi 2020-nji ýylda jemi 31,5 milliard dollar boldy, soňky üç ýylda bolsa 21,4 göterim ýokarlandy.
Geçen ýyl girdeji taýdan «Volkswagen» we «Toyota» öňdebaryjy bolup, olar degişlilikde 254 we 249,4 milliard dollar gazanmagy başardylar.
"Tesla" dunyaniñ iñ gymmat awtoulag kompaniyasy boldy.
-
Mecnun
3 years ago
- hadawoy towar ondurmegi basarmaya trillion dollar maya goyumynam peydasy yok
-
Aygul nuralyyewa
3 years ago
- Fizik Nikola Tesla-ny hem-de Bu_Tesla Repr-i yadyma saldy. @Shahyrana
-
sssss_1
3 years ago
- Toýota ýapon kompaniýasy bu ýyl rekorda derejede köp awtoulag öndürmegi magsat edine!
/Ýolagçy/
Real.123. 3 years ago- 👍👍👍