Vesiýetnama Çagakak aglamak utanç diýdiler. Jahylkak aldamak utanç diýdiler. Şeydip endik etdik aglamazlyga Şeydip endik etdik aldamazlyga. Diýdiler köplükde gägirmek aýyp Diýdiler köçede sygyrmak aýyp Diýdiler meýlisde geçmänkaň töre Hakyň barmy töriň özünden sora ýenede diydiler ulamy kiçä Öljegiňi bilseňde ýalbarma kişä Diňe bir adama ýalbar diýdiler Onuň hem adyna Dilber diýdiler Aýyp däl näzini çekmek diýdiler Näzden ýüzüni sowan akmak diýdiler ýene iki merde ýalbarmak bolar Diýdiler enedir atadyr olar Ataňa ýalbarsaň galkynar ruhy Eneňe ýalbarsaň kemeler ahy Kim etse şolara tagzym diýdiler İşi rovaç ýaşy uzyn diýdiler ýene kän edepden tutdylar adyn Diýdiler gabanma özganiň şohratyn Gabanma zehiniň edermenligini Gabanma öz joraň gözelligini Gabanma öz äriň gerçekligini Gabanma öz geliniň alçaklygyny Ne näzlarini ne sözlerini gaban Diňe oynatgasy gözlerini gaban Diýdiler erkekden belentdir aýal O näme üçin diýip berdiler sowal Jogabyny berdiler gutaryp ömrüň ýagty dünýä bilen hoşlaşsaň bir gün Aýal är ojagyny saklar diýdiler Söýgiňi mün kere haklar diýdiler Çagalaryňy iýdir geýdir diýdiler Şeýdip ýaş ömrüňü köýdir diýdiler Emma beýdip bilmez erkek diýdiler Bu babatda pesdir erkek diýdiler Altmyşdan ýetmişden geçse mysaly Gözlerini ýumdymy eziz aýaly ýatdan çykyp wepa ygrar diýdiler İkinjiň gözlegini ygrar diýdiler Diýdiler diydiler diýdiler kän zat Käbiri aňsat köpüsi kyn zat Ansadyny hemmeler başar diýdiler Kynyny başarmakda iş bar diýdiler Kynam bolsa şu bir vesiýet diýdiler Diňe kyn zat şol mukaddes diýdiler... **ýalnyş ýeri bar bolsa özüňiz düzedersiniz...

Köneler, coolguy tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir