Takdyra tebdil bolmaz. (Tebdil-öwürme, çalşyrma, üýtgetme)

Bezirgeniñ ýoly bir bolsa-da, rysky başga.

Takdyra ten beren ýagşy.

Nesibe başçy, biz goşçy.

Nesibe bir erkeç bolar, tartsañ geler,dursañ durar.

Nesibesiz -tapar, nesibeli - ulanar.

Bir ýigidiñ dag ýaly maly bolsa hem, nesibesinden artyk iýip bilmez.

Bendesi peýlär, Tañrysy etjegine eýlär.

Bendäm bendäme sebäp, men ikisine-de sebäp.

PAÝHAS ÇEŞMESI

Edebiýat, GaRa_TmyN tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir