Aradan ence yyl gecen hem bolsa, dademin uly ayal dogany Ogulbibi ejekemin dilinden hali-sindi esiden:"Dogan dogana gerek, dogansyz dunya biderek" diyen sozleri hazirem gulagymda yanlanyp dur.
Dadem dagy uc dogan. Orazbibi olaryn korpesi. Bular ene-atadan ir yetim galyarlar. Dadem kawagtlar:"Bizin duldegsir gonsymyz rus ayalydy. Ejemin hacan ayrylanyny bilemok. Kakam cala yadyma dusyar. Biz kemala gelip, yagsa-yamana dusunyancak, sol rus,ayaly komek etdi. Menin bilen yasytdas ogly bolanson, men, koplenc, olarda bolardym. Agyr durmus bizi ir taplady. Ogulbibi ejekem heniz yasajyk bolsa-da, juda akyllydy. Ejekem isjanlydy namysjandy. Ol yaslygyndan bize eje hem kaka boldy" diyip, kawagtlar oz gecmisinden gurrun bererdi.
Dadem cagalygyndan il-gunun malyny bakyp gununi gorupdir. Onun cagalygyny urus yyllarynyn kyncylykly gunlerine gabat gelipdir. Aclyk, horluk, agyr is urus yyllarynyn cagalaryny ir taplayar, ustesinede yetimlik- bularyn bary hakynda dadem birsyhly yatlar durardy. Sonra urus gutaryar, adamlar asuda durmusda yasap baslayarlar. Dadem hem ayal doganynyn goldawy bilen oylenyar. Oyli-isikli bolyar. Mellek yer alyp, oz elleri bilen jay guryar. "Öñün gelenden, sonum gelsin" diyleni, dadem ogully-gyzly bolup, osup-orneyar. Ol dowletli masgalanyn eyesi bolyar.
Dadem bagtyyar durmusy barada gurrun edende hemise ayal dogany Ogulbibinin adyny minnetdarlyk bilen agzardy. Onun oz ejekesi Ogulbiba bolan soygusi caksizdi. Ony gunde bir gezek gormese, karar tapmazdy. Dadem her yyl zahmet rugsadyna cykanda yurdumyzyn durli kunjeklerindaki sagaldys-dync alys merkezlerine giderdi. Ol dync alan yerinden uly cemedanyny sowgat-serpaydan dolduryp gelerdi. Ilkinji sowgadyny hokman ejekesi Ogulbiba berip, sonra bize paylardy.
Cagalykdan dademin oz ayal doganyna bolan seyle caksiz soygusini gorup ulalamyzson, ynsan ucin doganyn gadyr-gymmatynyn nahili beyikdigine has gowy dusunyaris. Doganyn gadyr-gymmaty hic bir dowurde-de peselenok.
Su gunki ajayyp dowrumizde-de, dogan bilen doganyn birek-birege hormat, sylag goyup, agzybirlikde yasamagyny adamzat durmusynda bagasyna yetip bolmajak gymmatlykdygyny yaslara aydasym gelyar.
Ogulsoltan Geldimamedowa
Balkanabat saherindaki 24-nji orta mekdebin mugallymy
28.03.2021 15:49

Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir