Biziň köpümiz Ýadro urşy barada eşden bolsak gerek? Hamala Amerikaň birleşen ştatlary bilen Ruslar birek birege ýadro ýaraglaryny (bombalaryny) zyňyşyp ýer ýüzüni ahyrzamana gaplaýarlar. Şeýle uruş irde giçde bolar diýip, adamzadyň geçen neslini gorkyda sakladylar, bir giden kino düşürdiler, bir giden kitap ýazdylar we şoňa meňzeş. Hakyktada welin şeýle urş hiç haçan bolmaýar. Sebäbi şeýle urş bolmaz ýaly Hudaýyň özi bir giden çäreleri görüp goýdy. Hudaýa ynanmaýanlar üçin bolsa, fizikaň kanunlary bar zady öňünden belläp goýdy diýsek hem bolýar.

Ýadro ýaragy barada men 2000-nji ýyllar töweregi örän geň habary eşitdim. Hamala ýadro urşyndan soň "Ýadro gyşy" diýen zat başlaýarmyşyn. Şol wagt ol gyşyn nähili gyşdygyny men düşünmedim, diňe ençeme ýyllardan soň, internet elýeter bolanyndan soň, haýsy gyş barada gürrüň gidýänini bildim. Görüp otursak, ýadro bombalary partlanyndan soň asman göteriljek tozan bölejikleri ençeme ýyllap güniň öňüni tutmalymyş we ýer ýüzünde "Ýadro gyşy" başlamalymyş. Nähili geň bolsada bu ahwaly alymlar öňünden hasaplamagy başarypdyrlar. Hiç wagt bolmadyk ýadro urşynyň netijelerini öňünden aýtmagy başarypdyrlar. Ol alymlar iki sany, olaryň biri Ruslardan, ikinjisi bolsa ABŞ-dan. Şeýlelik bilen ýadro ýaragyny başga bir döwleti ýok etmek üçin ulanyp bolanok, sebäbi ýokrda aýdyşym ýaly ýadro gyşy tutuş ýer togalagyny egildirýär. Hasyllar bolanok, derýalar doňýar, tokaýlar doňýar, adamzadyň sany öz özinden azalýar. Iň birinji ýadro urgylaryndan soň bir aýa çekýän gije başlaýar. Soň hemişelik ala garaňky we adamzat aklyna gelinçä gyş düşýär. Garaz ýadro ýaragyny lomaý görnüşde ulanar ýaly däl, ýöne ştuklaýyn ulansaň bolýar. Taryhda şeýle usul bilen iki sany şäheri ýok etdiler, ýöne ol habar hem şübheli, sebäbi şäherler ýeriň aşagyndan partladyldy diýen maglumat bar. Köpler bilýän hem däldir, ýöne ýadro ýaragyny ulanmagyň bir näçe görnüşleri bar, mysal üçin ýadro ýaragyny ýerden beýiklikde, şäheriň üstinde partladýarlar. Şeýle şäherde binalara känbir zeper ýetenok, ýöne şäher tutuşlygyna ýanýar. Ondan başga ýadro ýaragy ýeriň aşagynda partladýarlar we uly ýer yranma döredýärler. Ofisal habara görä ýadro ýaragy bary ýogy 2 gezek ýaponýa garşy ulanyldy. Emma ýadro ýaragyň ulanylan gezekleri 2-den kän. Ýer yranma bilen ýok edilen şäherleriň barsy ýer asti ýadro partlamasy bilen ýok edilen şäherler diýen çaklama bar. Ondan başga ýadro ýaragyň taryhy örän şübheli bolup durýar. Taryhdaky käbir faktlara görä, ýadro ýaragy mundan 200-300 ýyl mundan öň hem bar eken. 1812-nji ýylda Napalion Moskwa şäherine girende ol şäher ýangyna sezewar bolýar. Ýöne nädip tutuş şäheri otlap bolýandygy örän geň. Onsoňam ol ýangyny gözi bilen gören şaýatlaryň aýdýan sözleri hem örän geň: —Mysal üçin Napalionyň goşunynyň içinde asmanda ikinji güni görenler hem bar. Bu bolsa belentlikde partladylan ýadro bombasyna örän meňzeş. Ýöne 1812-nji ýylda nirden ýadro ýaragy bolsyn diýsene? Şol ýylda ýadro ýaragyň ulanylandygyna ýene bir fakt şaýatlyk edýär, hamala 1812-nji ýyldan başlap 3 ýyllap tomus düşmändir. Şol ýyl tomusyň bolmadygyny ABŞ taryhçylary hem şaýatlyk edýär. Garaz ýadro ýaragyny ulanmaz ýaly Hudaýyň özi blokirowka goýup gitdi, ýadro urşynda kim ýeňsede oňa buzlyga bürenen çöllerden başga miras düşjek zat ýok.

Sorag-jogap, Adalat19 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir