Taryhda Mesopotamiýanyň (Derýaaralygy) medeniýetiniň başyny başlan Sümer ilaty hasaplanylýar. Alymlaryň pikirine görä, sümerliler Orta Aziýadan Hazar deňziniň eteklerinden häzirki Yragyň ýerlerine ýaýrapdyr diýip hasaplaýarlar. Mesopotamiýanyň ilaty ekerançylyk medeniýetine içgin üns beripdir. Ekerançylykda bolsa, ekiş we ýygym wagtyna, ýagny onuň başlanýan we tamamlanýan döwrüne üns beripdirler. Şonuň üçin olar «Zigorat» ybadathanalarynda astronomiýa merkezlerini döredipdirler. Bu astronomiýa merkezinde ýedi sany ýyldyzyň hereketdedigini açypdyrlar. Şeýle-de bahar baýramçylygynyň Oguz han türkmen döwründe hem bellenilendigi hakyndaky birnäçe ylmy çaklamalar öňe sürülýär. Maglumatlarda bellenilişine görä, Oguz han dünýä gelende, baglar gül açyp, daragtlar we ösümlikler al-ýaşyl öwsüp, tebigat janlanyp, ýaşyl begrese bürenýär. Dünýä ýüzüne gudratly şowhun ýaýraýar. Ençeme ýyllardan soň edil şol möwsümde Oguz han türkmen duşmanlaryny ýeňip, Talas şäherinden Buhara şäherine çenli aralygy eýeleýär. Şondan soň şol ýeňşiň hormatyna, her ýylyň şol gününde dabaraly baýram edilip, ýörite däp-dessurlar ýerine ýetirilipdir. Maglumatlara esaslanyp, bir zady aýdyp bolar, bu ylmy kesgitleme, hasaplar aýyň we ýylyň atlary Oguz türkmenleriniň dilinden Ahamenileriň döwründe Günorta Eýrana, ýagny fars ülkelere çenli ýaýrap hasaba girizilipdir. Taryhda mälim bolşy ýaly, pasyllaryň ählisi älem giňişligindäki saýýaralaryň (planetalaryň) hereket kanunlary, tebigat hadysalary bilen häsiýetlendirilip, pasyllaryň başlanýan güni, Ýeriň, Aýyň, Günüň ýyllyk hereketlerine görä kesgitlenilip, gadymy döwürlerde Aýyň, Günüň aýlanyş hereketlerine esaslanyp, ýylnamany döredipdirler. Horezm türkmenlerinde baharyň ýedi nygmaty diýilýän däbe aýratyn üns bermegi hem gönüden-göni Nowruz-bahar baýramy bilen baglanyşyklydyr. Şonuň netijesinde bolsa, täze ýylyň şu pasyldan başlanýandygyny düşündiripdirler.
Biziň topragymyz, taryhymyz bilen gös-göni baglanyşygy bolan Abu Reýhan Biruny «Masudyň kanunynda» dünýäniň dürli halklarynda ýöredilýän ýyl hasabynyň haýsy aýdaky, hepdesindäki haýsy günden başlanýandygyny hasaplap çykarypdyr. Onuň özi kitapda dünýä belli bolan grek, rim we musulman halklarynyň arasynda giňden ýaýran ýyl pasyllary hakynda gürrüň gidendigini ýörite belläp geçipdir.
Abu Reýhan Birunynyň «Masudyň kanuny» atly eserinde maglumat berlişine görä, dünýäniň köp halklarynda gije-gündiziň deňleşmegi ýyl senesiniň başlangyjy hasap edilipdir. Günleriň deňleşýän aýlary hindilerde çaýtara, rumlarda ýanwar, sogdylarda nausard, parslarda ferwerdin hasaplanypdyr. Parslardaky ferwerdin aýynda ýyl senesini açýan, täze ýyl başlanýan güne hurmuz diýlipdir. Eýranda hurmuz täze ýylyň birinji güni — Nowruz diýlip atlandyrylypdyr. Bu baýramyň Jemşidiň häkimliginden öň hem baýram edilendigini Birunynyň özi şeýle belleýär: «Bu güne Jemşitden öň hem hormat goýulýan eken, emma onuň baýrama öwrülmegi hut Jemşidiň zamanasy bilen baglanyşyklydyr» diýip aýdýar. Şeýlelikde, Nowruz baýramynyň has gadymy döwürlerden saklanyp, rowaçlanyp gelmegi alym Abu Reýhan Biruna uly gyzyklanma döredipdir. Nowruz her ýeriň geografiki, tebigy şertlerine seredilip, esasan, bahar aýynda sähelçe wagt tapawudy bilen baýram edilipdir. Musulman halklaryň arasynda bu bahar baýramy gadymy wagtlardan bäri Eýranda, Orta Aziýada, Kawkazda, Gazagystanda, Hindistanda, Pakistanda, Hytaýyň türki halklarynyň ýaşaýan ýerlerinde we beýleki musulman ýurtlarynda her ýyl uly dabara bilen bellenip gelnipdir.
Abu Reýhan Biruny «Gadymy halklardan galan ýadygärlikler» atly eserinde hem Nowruz baýramy hakynda gyzykly maglumatlary getirýär. Onuň bellemegine görä, mart aýynyň 21-ine älem giňişligindäki Günüň gyzgyn şöhlesi Ýer ekwatorynda dik düşýär. Abu Reýhan Birunynyň öz eserinde: «Nowruz gününde bir sagat bar, şol sagatda wagtyň çarhy älemi janlandyrmaga howlugýar. Ol günüň iň bagtly sagatlary, Günüň şöhlesiniň dik düşüp ugran sagatlarydyr» diýip belleýär. Oguz hanyň döwründen bäri türkmen halkynyň nesilme-nesil alnyp gaýdylan ýyl sanawy hem bolupdyr.
Bahar baýramy barada Hytaýda ýaşaýan türki halklaryň edebi çeşmelerinde hem gyzykly rowaýatlar getirilýär. Onda Nowruz baýramyna ilki «Ýaz baýramy» diýlip aýdylýar. Hytaýyň Gündogarynda ýaşaýan türki halklar hem Nowruz-bahar baýramyny uly dabara bilen belläp geçýärler. Hytaýda ýaşaýan türki halklar hem bu Nowruz baýramynda goňşy-goňşa baryp, süýjülik paýlap, täze baharyň nyşany hökmünde täze baýramçylyk egin-eşiklerini geýýärler. Olar Nowruzda ot ýakyp giň tegelenişip, oglan-gyzlar iki hatar bolup oduň daşyndan aýlanyp, türkmenleriň edil «Küştdepdi» tansyna meňzeş hereketleri ýerine ýetirýärler. Olar şol hereket pursadynda Nowruz baýramy bilen bagly aýdymlary aýdýarlar.
Umuman, türkmen halkynda hem Nowruz baýramyny bellemek dessury milletiň nesilbaşysy hasaplanýan Oguz han türkmeniň eýýamyndan gözbaş alyp gaýtmak bilen, türkmen halkynyň şanly taryhynyň dowamynda bellenilip gelindi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli däp-dessurlarymyzy dikeltmeklik ugrunda alyp barýan taýsyz tagallalary netijesinde türkmen halky Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda oňa ýokary derejede taýýarlyk görýär. Älem-jahanyň röwşen reňklere beslenen günlerinde täze umytlaryň baýramy — Milli Bahar baýramyny halkymyz uly dabara bilen giňden belläp geçýär we Nowruz baýramy bilen baglanyşykly käbir däp-dessurlar gadymdan bäri ýerine ýetirilip gelinýär. Bu baýramçylygy täze egin-eşikler bilen garşylamak indi däbe öwrüldi. Hatda gadymy döwürlerde hem Nowruz mynasybetli şol gün daýhanlar hiç hili ekin işlerini ýerine ýetirmändirler. Olar öz wagtlaryny diňe dost-ýarlary, dogan-garyndaşlary bilen duşuşmaga sarp edipdirler. Baýramçylyk günleri adamlar biri-birine gowudan-gowy arzuwlary edýärler. Biri-birlerine süýji-süýji tagamlary hödür-kerem edýärler. Toý saçaklary dürli tagamlar, gök otlar, süýji önümler bilen bezelýär. Bu baýramçylykda süýji tagamlar näçe köp taýýarlanylsa, Nowruzyň şonça-da bereketli boljakdygyna ynanylyp, türkmen çöregi, petir, ýagly petir, külçe, pişme, börek, gowurdak, dograma, etli çörek, gatlama, palaw ýaly iýmitdir tagamlar taýýarlanylypdyr.
Nowruz baýramyny bellemek bilen bagly her bir halkyň özüne mahsus käbir däp-dessurlary hem bar. Türkmenlerde ol, esasan hem, şaman oduny ýakmak bilen baglanyşykly bolupdyr. Nowruzda şaman oduny ýakyp, onuň üstünden bökseň, bar günäleriň dökülermiş diýlip yrym edilipdir. Pent-nesihat bilen birek-birekden öýkeli adamlary ýaraşdyrypdyrlar, «Ýaz ýuwundysy gyşa gatyk» diýip, aýawlylygy sargyt edipdirler. Nowruz bilen bagly edep däpleri nesilden-nesle geçip, häzirki günlerimize çenli dowam edip gelipdir.

Serdar MAŞARYKOW,
Türkmen döwlet medeniýet instituty.

Bilim, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir