Shahiyr! Shahiyrligiñ chin bolyan bolsa, sönüp-yanip, yene sönüp-yanip git. Insanlik yargidiñ chüñ bolyan bolsa gara yere chümüp, chikip, chümüp git. Hem akil ber, hem iyliñden akil al, kitapdan däl, gara yerden nakil al, Alan zadiñ demiñ bilen yakip al, Hem yene-de yeriñ süydün emip git! Dag yoluna, chöl yoluna belet bol, Dag yolunda chat achmayan polat bol, Chöl yolunda tirkesh-tirkesh bulut bol, Teshne görseñ, dodagina damip git! Yol agirdir, müñ yanilar-öchüler, Bagtli yollar kiynlik bilen gechiler, Yel yigina shaglap gitse gechiler, Sen öküz dek, yele garshi iñip git! Bagt paylansa, üch bayligi ilki al, Ilgap barip, saglik bilen erki al, Yani bilen chuwal-chuwal gülki al, Soñ tapilar, galan zadi ziñip git! Dost paylansa, äber diyip gissanma, Alañdan soñ, giysgaltma hem giysgalma, Dileg etse, gözlerñi hem gisganma, Biyrin ber-de, biyri bilen oñüp git! Ha charik gey, ha chokay gey, telpek gey, parxi yokdur, geyseñ bolar erkek dey, Yöne welin shipbildama chepek dey, Ayna gonchli ädik yali doñup git! Sorasañ aydayin, kiyamat nedir, Erkekler ownasa, kiyamat shodur, Her bashi telpeklä goymagin gadir, Bäsh telpegi, bir giyñaja dañip git! Gözelligi, sor bagriña-öykenñe, Söyülseñ söy, söyulmeseñ süykenme, Söygi hem goshgudir, kishä öykünme, Öz möhrüñi, öz közüñi goyup git! Yeñip yasha! Axirda yeñ, bashda yeñ, Tomusda yeñ, yazda, güyzde, gishda yeñ, Söygüyñde yeñ, gaygiyñda yeñ, iyshde yeñ, Bir oguldan yeñilip hem yeñip git! Yeñsin ogluñ, dil bilen däl, iysh bilen, Señkä görä has yitiräk huwsh bilen. Ayak däl-de, parasatli bash bilen Yeñse ogul, gözüñ rahat yumup git! Gözüñ sürtüp, merhuwm enäñ alnina, bir aglapdiñ, indi beri aglama. Öz balañi eliñ bilen jaylama, Nobatinda, mele yere siñip git! Dünyä gelmegiñ-de nobati yagshi, Yene ölmegiñ-de nobati yagshi. Men diñe bir zatda nobata garshi: "Dost öyünde, islän chagiñ gonup git!" Basharsañ köpleriñ ichine garish, Tanishdan dost tutun, yatlardan -- tanish, "Jiguliyñ" ichinden gözleme durmush, Köplük bilen awtobusa münüp git! Köpelsin öyüñde yürekdesh miyhman, Yari iyshchi bolsun, yarisi dayhan, Elbetde, alimam, shahiyram hökman, Üyshüp-chaship, char tarapa eñip git! Sheyle dostlar bilen gezseñ bir sellem, Yetersiñ, iñ uli matlaba chenlem. Gadamiñ giyñden ur, entekler ellem Hol öñde-le, yash hakinda dimip git! Hali wagtiñ meñzemegin kilime, Diyri wagtiñ gissanmagin ölüme, Öten wagtiñ öykünmegin chilime, Ichi közli ojar yali sönüp git! Yene bir söz, magtanmak däl, öwüt däl, Mazarima dash oturtmak sargit däl. Mele yeriñ astinda-da dash git däl, Bakilik shol! Shol dashlara siñip git!
Ömrüme pent
-
bayram kadr
16 years ago
- slm.menem senin yaly.bu goşgyny gaty halayan.sada dil bilen emma gaty manyly yazylan gosgy..
-
nazar fm
16 years ago
- bayram kadr goyjak bolsang, dogry goyda, y harp bilen i garylandanam bir zat bolarmy?
-
bond
16 years ago
- ozin hichzat yazman yazanlara atdakma ,aytdyma ashak chekme yokary iter.hachana chenli beydip gezjek sho yzyndan chekip yorshin.
-
bayram kadr
16 years ago
- nazar fm::::::::
dos gaty görme welin sen ilki garyp goyup bir başla son gürle........name düşünmedinmi ya garylandygy üçin??????düşünmedik yerini düşündüreyin..:)))))
esasy zat beyle yalnyşlar dal.şahyrymyzyn düşündürmek isleyani gardaş
-
agayunus
16 years ago
bayram kadr goyjak bolsang, dogry goyda, y harp bilen i garylandanam bir zat bolarmy?
nazar fm | 2008-11-13 06:25:49
+1
düzeldiş ýalňyşmy agalar?! ýalňyşyň bar düzelt diýilse, hä diý-de sagbolsun aýt-da gaýtam.
bond | 2008-11-13 06:29:25,
bayram kadr | 2008-11-14 01:33:22
-
bond
16 years ago
- manysynda yalnyshmasa boldy duzme yazylanok barde.mekdebe bar duzme yazyp yalnysh gozlejek bolsan.yalnysh chykarmada many chykar.
-
agayunus
16 years ago
bond | 2008-11-14 05:15:38
howwa onsoň manysyna düşünseň boldy diýip islän zadyňy ýazybermelimi?! türkmen (bond) birinji ýalňyşlygyň ýalňyşlygy kabul edip bilmezlikde, ikinjisi gedemlik edip düzeltmezlikde. bärini köpçilik okaýar. biz ýalňyş diýdik, siz kabul edemzok diýdiňiz, wessalam iş tamam. mesele bizde däl sizde.
-
bond
16 years ago
- oz yalnyshyny duzet adam bn gepleshmani owren gownune degme birde yalnyshar yalnyshmayan adam yok sen na yalnyshmadym diyjek bolyanmy ,haybatly gurlemek gerk dal on u/n uwashja sen turkmen gyzy turkmen gyzyna agraslyk yarashyar .hich gaharlanmaly dal men yany siz barada soz achmadym ,siz eyyam azgyrnyp bashladynyz menden yalnysh gozlemek gerek dal goshgydan chykar turkmen gozeli agayunus peri diliniza bar eken.
-
bond
16 years ago
- kombadam geler tizden garashyn.
-
dertsiz
16 years ago
Men chok bilýäm ki Bond eski Kombat
mena bondyn kombatdygyna ynanamok
-
agayunus
16 years ago
menden yalnysh gozlemek gerek dal goshgydan chykar
bayram kadr goyjak bolsang, dogry goyda, y harp bilen i garylandanam bir zat bolarmy?
nazar fm | 2008-11-13 06:25:49
+1
haybatly gurlemek gerk dal
manysynda yalnyshmasa boldy duzme yazylanok barde.mekdebe bar duzme yazyp yalnysh gozlejek bolsan.yalnysh chykarmada many chykar.
kemsidiji gürlemek gerek däl!!!
bond | 2008-11-14 05:15:38
-
CeriumOxide
16 years ago
- goh gerek däl! inha bolmalysy!
Ömrüme pent- Kerim Gurbannepesow
Şahyr! Şahyrlygyñ çyn bolýan bolsa,
Sönüp, ýanyp, ýene sönüp, ýanyp git.
Ynsanlyk ýazgydyñ çuñ bolýan bolsa,
Gara ýere çümüp, çykyp, çümüp git.
Hem akyl ber, hem iliñden akyl al.
Kitapdan däl, gara ýerden nakyl al.
Alan zadyñ demiñ bilen ýakyp al,
Soñ ýene-de ýeriñ süýdün emip git.
Dag ýoluna, çöl ýoluna belet bol,
Dag ýolunda – çat açmaýan polat bol.
Çöl ýolunda – tirkeş-tirkeş bulut bol.
Teşne görseñ, dodagyna damyp git.
Ýol agyrdyr: müñ ýanylar, öçüler.
Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler.
Ýel ygyna şaglap gitse geçiler,
Sen öküz dek ýele garşy yñyp git.
Bagt paýlansa, üç baýlygy ilki al:
Ylgap baryp saglyk bilen erki al.
Ýany bilen çuwal-çuwal gülki al,
Soñ tapylar, galan zady zyñyp git.
Dost paýlansa “Äber” diýip gyssanma,
Alañdan soñ – gysgaltma hem gysgalma.
Dileg etse – gözlerñi hem gysganma,
Birin ber-de, biri bilen oñup git.
Ha çaryk geý, Ha çokaý geý, Telpek geý –
Parhy ýokdur: geýseñ bolar erkek deý.
Ýöne weli şypbyldama çepek deý.
Aýna gonçly ädik ýaly doñup git.
Sorasañ aýdaýyn kyýamat nedir?
Erkekler ownasa – kyýamat şodur.
Her başy telpeklä goýmagyn gadyr.
Bäş telpegi bir gyñaja dañyp git.
Gözelligi sor bagryña, öýkenñe.
Söýülseñ söý, söýülmeseñ süýkenme.
Söýgi hem goşgudyr! Kişä öýkünme,
Öz möhrüñi, öz közüñi goýup git.
Ýeñip ýaşa: ahyrda ýeñ, başda ýeñ,
Tomusda ýeñ, ýazda, güýzde, gyşda ýeñ.
Söýgiñde ýeñ, gaýgyñda ýeñ, işde ýeñ –
Bir oguldan ýeñilip hem ýeñip git.
Ýeñsin ogul dil bilen däl, iş bilen.
Señkä görä has ýitiräk huş bilen.
Aýak däl-de, parasatly baş bilen
Ýeñse ogul – gözüñ rahat ýumup git.
Gözüñ sürtüp merhum enäñ alnyna,
Bir aglapdyñ. Indi beri aglama:
Öz balañy eliñ bilen jaýlama,
Nobatyñda mele ýere sümüp git.
Dünýä gelmegiñ-de nobaty ýagşy,
Ýene ölmegiñ-de nobaty ýagşy.
Men diñe bir zatda nobata garşy:
Dost öýünde islän çagyñ gonup git.
Başarsañ – köplügiñ içine garyş,
Tanyşdan dost tutun, ýatlardan – tanyş.
“Žiguliñ” içinden gözleme durmuş,
Köplük bilen avtobusa münüp git.
Köpelsin öýüñde ýürekdeş myhman –
Ýary işçi bolsun, ýarysy daýhan.
Elbetde, alymam, şahyram hökman.
Üýşüp, çaşyp, çar tarapa eñip git.
Şeýle dostlar bilen gezseñ birsellem –
Ýetersiñ iñ uly matlaba çenlem.
Gadamyñ giñden ur! Entekler ellem
Hol öñde-le... Ýaş hakynda dymyp git.
Haly wagtyñ meñzemegin kilime,
Diri wagtyñ gyssanmagyn ölüme.
Öçen wagtyñ öýkünmegin çilime -
Içi közli ojar ýaly sönüp git.
Ýene bir söz, magtanmak däl, öwüt däl:
Mazaryma daş oturtmak sargyt däl.
Mele ýeriñ astynda-da daş gyt däl,
Bakylyk şol: Şol daşlara siñip git.
-
bond
16 years ago
- otury otur yerinde nokady nokat yerinde dami bolmasa ,ylnysh bar bolsa mogalymlar gelip goni 2-ligini patlatya.
-
CeriumOxide
16 years ago
- borlaý bond! aslynda dogry aýtýalar, y harpyň ýerine kä ýerde iy ýazylypdyr, kä ýerde de i.
türkmençäni onsuzam doly bilemzok, onsoň şo goşgyda ýazylan bir zady şeýle bolmaly diýip öwrensek soň masgara bolarys ;)
-
dertsiz
16 years ago
otury otur yerinde nokady nokat yerinde dami bolmasa ,ylnysh bar bolsa mogalymlar gelip goni 2-ligini patlatya.
:):):),bond guldurdyanay,bond yone birzada uns ber,agayunusyn yazan yazgylary gaty manyly yazgylardyr,mena kabir yazgylaryna telpek goydum
-
agayunus
16 years ago
- CeriumOxide, hoş gelipdiris:) bir ýazgyny görip dayanamadim jogap ýazasym geldi-de girip goýberdim men-ä:)
neme ýalňyşlary gözläp ýören adam-a däl men käbirleri aýtmyşlaýyn, welin, göze ilenini aýtmanam geçip gidip bilemok. CeriumOxide abi şu sözüň-ä ýalňyş--------inha"ynha" bolmaly :)
-
bond
16 years ago
- aytdyma men dinlemedin bar tazeden hel ne zatchot.
-
bond
16 years ago
- tazeden gel ,hel dal.
-
CeriumOxide
16 years ago
CeriumOxide abi şu sözüň-ä ýalňyş--------inha "ynha" bolmaly
agayunus
bäşlik!
hoş gelipdiris
ýaňadandan hoş geldiň :)
-
dertsiz
16 years ago
aytdyma men dinlemedin bar tazeden hel ne zatchot. tazeden gel ,hel dal.
:):):)
-
bond
16 years ago
- ikilikchi.
-
hoshowaz
15 years ago
- Ömrüme pent
Şahyr! Şahyrlygyň çyn bolýan bolsa,
Sönüp, ýanyp, ýene sönüp, ýanyp git.
Ynsanlyk ýazgydyň çuň bolýan bolsa,
Gara ýere çümüp, çykyp, çümüp git.
Hem akyl ber, hem iliňden akyl al.
Kitapdan däl, gara ýerden nakyl al.
Alan zadyň demiň bilen ýakyp al,
Soň ýene-de ýeriň süýdün emip git.
Dag ýoluna, çöl ýoluna belet bol,
Dag ýlounda—çat açmaýan polat bol.
Çöl ýolunda—tirkeş-tirkeş bulut bol.
Teşne görseň, dodagyna damyp git.
Ýol agyrdyr:müň ýanylar öçüler.
Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler.
Ýel ygyna şaglap gitse geçiler,
Sen öküz dek ýele garşy yňyp git.
Bagt paýlansa üç baýlygy ilki al:
Ylgap baryp saglyk bilen erki al.
Ýany bilen çuwal-çuwal gülki al
Soň tapylar, galan zady zyňyp git.
Dost paýlansa „Äber!” diýip gyssanma,
Alaňdan soň—gysgaltma hem gysgalma,
Dileg etse– gözlerňi hem gysganma,
Birin ber-de, biri bilen oňup git.
Ha çaryk geý,
Ha çokaý geý,
Telpek geý—
Parhy ýokdur: geýseň bolar erkek deý.
Ýöne welin şypbyldama çepek deý.
Aýna gonçly ädik ýaly doňup git.
Gözelligi sor bagryňa, öýkenňe.
Söýülseň söý, söýülmeseň süýkenme.
Söýgi hem goşgudyr! Kişä öýkünme,
Öz möhrüňi, öz közüňi goýup git.
Ýeňip ýaşa: ahyrda ýeň, başda ýeň,
Tomusda ýeň, ýazda, güýzde, gyşda ýeň.
Söýgiňde ýeň, gaýgyňda ýeň, işde ýeň—
Bir oguldan ýeňilip hem ýeňip git.
Ýeňsin ogul dil bilen däl, iş bilen,
Seňkä görä has ýitiräk huş bilen.
Aýak däl-de, parasatly baş bilen
Ýeňse ogul— gözüň rahat ýumup git.
Gözüň sürtüp merhum enäň alnyna,
Bir aglapdyň. Indi beri aglama:
Öz balaňy eliň bilen jaýlama,
Nobatyňda mele ýere sümüp git.
Dünýä gelmegiň-de nobaty ýagşy,
Ýene ölmegiň-de nobaty ýagşy.
Men diňe bir zatda nobata garşy:
Dost öýüňde islän çagyň gonup git.
Başarsaň –köplügiň içine garyş,
Tanyşdan dost tutun, ýatlardan—tanyş.
„Žiguliň“ içinden gözleme durmuş,
Köplük bilen awtobusa münüp git.
Köpelsin öýüňde ýürekdeş myhman—
Ýary işçi bolsun, ýarysy daýhan.
Elbetde, alymam, şahyram hökman.
Üýşüp, çaşyp, çar tarapa eňip git.
Şeýle dostlar bilen gezseň birsellem—
Ýetersiň iň uly matlaba çenlem.
Gadamyň giňden ur!
Entekler ellem
Hol öňde-le. . . Ýaş hakynda dymyp git.
Haly wagtyň meňzemegin kilime,
Diri wagtyň gyssanmagyn ölüme.
Öçen wagtyň öýkünmegin çilime—
Içi közli ojar ýaly sönüp git.
Ýene bir söz (magtanmak däl, öwüt däl):
Mazaryma daş oturtmak sargyt däl.
Mele ýeriň astynda-da daş gyt däl,
Bakylyk şol:
Şol daşlara siňip git.
-
hoshlashyk
15 years ago
- EY SAG BOL HOSHOWAZ, MEKDEPDEKAK SHUNY OWRENIPDIK, GOWJA GOSHGUDY, TUWELEME
-
gunça
15 years ago
- Бу гүн дүнъе гарым-гатым, ак-гара,
гоңуры, сарысы бирлешип, бекəн.
Бизиң иллер галды, кайдадыр яра,
гөвүнми, келлеми базарсыз дүкан?
Йүрекми, ниетми пес эден бизи,
ягшылык аз болуп максатда, пəлде?
Нəмүчин йигренйəс сес эденмизи,
нəмүчин дейюсы гөтерйəс элде?
Я-да миллетем дəл, илем дəлмикəк,
овунҗак, ушаҗык гүррүңлеримиз?
Кимлер гелип бизи гечмеди чүркəп,
барыбир шол өңки дуран еримиз
-
bond
15 years ago
- bah agayunus bn hem kop gygyrshyardym indi gelmezmika dogurdanam ,dertsizem yat boldy ay borla.
-
kelle agyry
15 years ago
- salam gunca du$unmedim name sebapden ka bir yerlerde harp goymadyn?
Feya 16 years ago- Shu goshgulary nache okasan hem okabermeli, hich doyup bolanok. sag bol Bayram! yene dowamyna garashyan!