Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Oňatmy ýagdaýlaryňyz?! Talyp agzalarymyza, eger bar bolsa, synaglarynda zehin açyklygy we başarnyk dileýärin Biribardan! Asyl mowzuga gelsek: Farabi many taýdan bir ýerde diýen ekeni:

"türkleriň goýan türkçe ýazgylaryny näçe aýyrsamam tükenenok"
Asyl seredip otursam, Turkmence.com sahypasy ýapylyp, içine giriljek bolunanda, bu ýere salgy berýän ekeni. Şoň üçin bolaýmasyn?! Meň mailime/bukjama öňüräk Turkmence.com sahypasynyň jogapkärlerinden awtomat e-hat gelen ekeni - mant taýdan:
"Sahypamyza agzalar girip, ýazgy ýazmaýanlygy sebäpli ýapyljak bolup dur. Gelip türkmençe ýazgy ýazmagyňyzy haýyşt edýäris!..."
Garaz, gynandym şu netijä. Ýöne köp sahypalar üçin netije şu bolup bilýär. Ynha, şu netijä gelmezlik üçinem aktiw ýa-da iň azyndan aktiwlere goldaw bolmalymykadiýýän. Siz nähili pikir edýäňiz bu babaytda?!

Köneler, ata tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir