aslynda bu film Geçen ýylyň noýabr aýynda görkezilip başlanypdy, emma filmiň baş rol oýunçysy, senaristi we režisýory Mahsun kırmızıgül, meniň iň ýigrenýän aýdymçylarymyň biri bolanlygy üçin filmi seretmändim. Hatda köp dostlarym maslahat beripdi, gör şol kinony diýip, şonda da görmändim. uzyn sözüň gysgasy,,, düýn agşam kompiýuterde sereder ýaly görülmedik kino gözledim, emma şu filmden başga zat tapmadym, aý onsoň näme barada gitýärkä diýip seredip başladym. eý film şeýle gowy ekeni, ilkinji sapar bir filmi yz ýany gaýtaladyp 2 sapar gördüm. Mahsun Kırmızıgül şeýle gowy film düşürip biler öýtmändim, emma ýalnyşan ekenim. Eger filmi görmedik bolsaňyz, görmegiňizi maslahat berýän!!! Gören bolsaňyz, film baradaky pikirleriňizi ýazsaňyzlaň!
"Beyaz Melek" (Ak Perişde) filmi
-
Elegri
15 years ago
- nireden DOWNLOAD edip bolyar.., eger bolsa rus dilinde.., bolmasada bolyar...??? GAYRAT
-
Maxat
15 years ago
- gowja kino eken,
mahsun taze filmi üçin saçyny syrypdyr..
-
Bagul
15 years ago
- way shu kinony gormage howes edip yordumda, yone bu yere gelmeli boldum. Reklamada goremde "Nesip bolsa gorerin" diyipdim, yone ondada her seriyasy hakynda maglumatlary alyan:)Wayy kabir turk kinolaryny goresim gelip gitdida:(
-
kakabay
15 years ago
- beyaz melega görmedim ,yöne "kabadayi"-da erbet däl.
oglanlar "muro"ny gören barmay sinema gidip.görüp gelen oglanlar bar,gaty gyzykly däl,belki içiňizde gören bar bolsa piriňiz bn paylaşsadyňyz(biderek bolmasynda)."destere"ni gören yokmay,şona övdüler özä(piratskiy çykyança 6 ay gerek)..
-
milliyetçi
15 years ago
Mahsun kırmızıgül, meniň iň ýigrenýän aýdymçylarymyň biri bolanlygy üçin...
* CeriumOxide
dost, sen mahsun'a dil yetirme! edil, külüni çykaryn!! haýsy bagşyňdan kem ol? hany aýtda?
-
kombat
15 years ago
- mahsuny söýýäň öýdýän.
seri_ýum_oksijeniňi bilen oýun etmäweri.
-
milliyetçi
15 years ago
mahsuny söýýäň öýdýän.
seri_ýum_oksijeniňi bilen oýun etmäweri.
kombat | 2008-12-26 06:26:26
dost, men onuň aýdymlaryny gowy görýän. özüni başyma ýapaýynmy?
(eger, gyz bolan bolsa, onda eýýäm "başga gürrüň" :))
mc_didar 15 years ago- film'i menem yaman gowy gördüm,men bu film'i görenime 1-2 ay boldy menm film'i 4-5 saparam gördim.Görmediklere menem görüp lezzetini çykarmagy maslahat beryan...bye.