Söhbet Döwletow ,,Dolanma yza!''

Söýgimi terk etmä dözdüň sen neneň,
Unutdyňmy edil men ýaly senem.
Ezýetler içinde geçse her günüň,
Goýan gözýaşlaryň ahy şol seniň.

Giden ýary bilen durduň göz-göze,
Öňki bahar ýokdur, garaşma güýze,
Gitseňem indi sen daglara-düze,
Gidişiň gidişdir dolanma yza!

Sowgat etdiň maňa aýralyk güni,
Nadan däldirin men unutdym seni,
Tapmarsyň müň gezek gözleseň meni,
Indi ökünseňem gelmegin yza!

Özge bir ýar üçin gitdiň sen menden,
Solup galdy alan gülüm gün-günden,
Ýatlaýansyň geçen günüň bir-birden,
Taşlap gitdiň özüň, seretmän yza!

Ýitip gitdiň indi meniň gözümden,
Ýüregimden, akylymdan, sözümden,
Çykyp gitdiňle sen ýoluň düzünden,
Ýöreýän ýoluňdan gaýtmagyn yza!

Bu dünýäde ýeke özüň galsaňam,
Meniň gadyrymy her gün bilseňem,
Gözüme görünme indi söýseňem,
Zöhre deý söýseňem, dolanma yza!

Diýer Söhbet, yşgyň oduna ýandym,
Biwepa biriniň sözüne ynandym,
Gideniňde sessiz gürlemän dymdym,
Indi öňki men ýok, dolanma yza!

Awtory: Söhbet Döwletow.
Şahyr. Tel:+99363135973; Menejer: Ýusup Durdyýew. Tel:+99364240349

Edebiýat, @durdyyevv05 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir