Internet gitdigiçe ulalýan bir Älemdir. Bu Älemiň iň güýçli söweşçileri «hacker», ýada hakerlerdir. Dünýäde ençeme bilinen howply hakerler we haker toparlar bar. Haker toparlaryň çozuşlary esasy ýurtlar we syýasat bilen baglanyşykly bolsada özara toparlaýyn uruşlaram bolýar. Geliň onda şuwagta çenli bolup geçen käbir haker toparlaryň uruşlary barada bileliň.
Legion of Doom — Masters of Deception
Legion of Doom (LOD) 1980-nji ýylda gurulan we haker Dünýäsinde adyny tanadan meşhur haker toparydyr. LOD haker topary, Lex Luthor nigi bilen tanalan we şuwagtam kimdigi belli däl bolan bir haker tarapyndan gurulandyr. Lex Luthor, «Knights of Shadow» atly haker topary bilen arasy açylandan soňra LOD-y gurandyr. Bu aslynda Masters of Deception (MOD) haker toparyň döreýşi ýalydyr. «Phiber Optik» nigi bilen tanalan haker Mark Abene bilen LOD-yň agzasy «Chris Goggans»-yň arasy açylandan soňra «Uly haker söweşi» adynda haker uruşy başlandyr. 1990-njy ýyllaryň soňunda LOD agzalarynyň ençemesi hökümet tarapyndan tutulyp basylandyr. Gizlinlikerini goramak isleýän başga agzalary bolsa ýeriň garaňky düýbüne siňip gitmäni başarandyr, şo sebäpli 2000-nji ýylda LOD ýapylandyr.
Ayyildiz Tim — Anonymous
Anonymous, Dünýäniň ençeme ýurduna uruş açyp hüjüm eden iň meşhur haker toparydyr. Anonymous, ençeme ýurda haýbat atan bir wideo paýlaşdy. Wideoda Türkiýe hem bardy. Anonymous Türkiýäniň «Deaş»-a kömek berýändigini we muny bes etmelerini, eger bes etmedik ýagdaýynda Türkiýäniň belli internet saýtlaryna hüjüm etjeklerini aýdyp haýbat atdy.
Bu haýbata jogap Türkiýäniň haker topary bolan Ayyildiz Tim-den (AYT) geldi. 2015-nji ýylyň dekabr aýynda AYT, Anonymous-yň resmi saýdy bolan www.anonymoushackers.org saýdyny hakledi. Saýda girilende «Ayyildiz Tim kiber goşuny tarapyndan haklendiňiz. Siz gidiň gumda oýnaň» diýilen ýazgy durýardy.
Ayyildiz Tim-iň bir agzasy Anonymous-yň özlerinden ötünç sorandygyny aýtdy. Ýöne käbir adamlar munyň AYT tarapyndan ýörite açylan saýtdygyny, Anonymous-yň saýdynyň haklenmedigini, beýle saýdyň aslynda ýokdugyny aýtdylar.
Ýöne www.anonymoushackers.org atly saýt hakykatdanam bar. Muny barlap görenler saýdyň Wordpress-de açylandygyny, beýle güýçli haker toparynyň Wordpress ýaly pes kompaniýalaryň ugry bilen saýt açmajakdygyny aýtdy. AYT haker toparynyň bu hereketlerine käbir adamlar: «Bu saýt Ayyildiz Tim tarapyndan açylan saýt, özleri açyp özleri ýapyp hakledik diýip ýalan sözleýärler», «Adamlar CIA girdi, Ayyildiz ýaly kiçijek toparlar bilen meşgul bolmaýarlar», «Anonymous bu biderek zatlara jogap berjegem bolmady» şeklinde teswirlediler.
Türkiýäniň ençeme belli saýtlary we internet bölümleri doňup ýapylyp başlapdy, bu hüjümler belli bir wagtdan soňra durdy. Anonymous-yň Türkiýä çozuşy esasy şowsuz tamamlandy.
Anonymous — Ysraýyl hakerleri, Ishak Ben Israil
Ysraýylyň Palestina eden hereketlerini protest etmek üçin Anonymous topary 2011-nji ýylda Ysraýyla gaty uly kiber çozuş etjekdigini aýtdy. Aýdylandan soňra Ysraýylyň ençeme internet bölümlerine agyr kiber hüjüm edildi.
Ysraýylyň Döwlet işgärleri bolsa çozuşyň gaty zyýan bermedigini aýtdy.
Ysraýyla bagly halkara haker topary Ishak Ben Israil bolsa, iň belli saýtlary ýapmany başarmandygyny aýtdy.
Ben Israil «Anonymous-yň ýaşaýyş derejesine zyýan berer ýaly güýçleri ýok. Aslynda hem niýetleri şol bolsady, çozjaklaryny öňünden aýtmazdylar. Olar diňe özleri üçin wajyp meselelerde mediýada ses getirmek isleýär» diýdi.
Ysraýyl statistika bölümüniň saýdy irden işlemedi. Ýöne haklenip haklenmedigi belli däl.
www.opisrael.org saýdynyň içinden haklenen wagty alynan bir surat
Mediýalarda duýdurylan habarlarda Goranmak ministrligi, Bilim ministrligi, bank ulgamlarynyň saýtlary gije kiber ataka sezewar bolupdyr ýöne gaty erbet zyýan berilmändir we Ysraýyl haker topary çozuşlary serpikdirmäni başarypdyr.
Ayyildiz Tim — RedHack
RedHack, 1997-nji ýylda gurulan bu haker topary Türkiýäniň iň meşhur haker toparlarynyň biridir. Ayyildiz Tim esasy Anonymous-a we RedHack toparyna garşy söweşen topardyr. RedHack bilen Ayyildiz Tim toparynyň arasynda ençeme wagtdan bäri sowuk uruş gitýär. Ayyildiz Tim ABŞ-nyň Daşary işler ministrliginiň saýdyny ýapyp adyny Dünýä tanadan watansöýüji hakerlerdir. RedHack bolsa Döwlet tarapdary bolman, sosial hereketlere goşulyp çozuş eden haker topardyr. RedHack Türkiýäniň ilkinji haker topary hökmünde kabul edilýär. Anonymous we RedHack bile Ysraýyla çozuş edendir. Ayyildiz Tim Ýewropa saýtlaryny ýapmana dowam etýärkä RedHack Türkiýäniň içinde ençeme kiber çozuşlar edendir. Şo sebäpli ençeme agzasy hökümet tarapyndan gözlenmäne başlandyr. Türkiýedäki HES-e garşy hereket eden daýhanlar we obalylaryň «HES-e garşy hereket» atly Facebook hasaby Ayyildiz Tim tarapyndan haklendi. Ayyildiz Tim soňra hasapda öz logosyny goýdy, logany sahypada halan ilkinji kişi HES kompaniýasynyň eýesi Halil Gök boldy.
Bu habarlaryň ýaýrap başlamasyndan soňra RedHack ýene ara girdi. HES-e garşy hereket etýänleriň hasabyny Ayyildiz Tim-den alyp daýhanlara yzyna berdi.
«A haber» kanalyna Norwegiýadan goşulan Ayyildiz Tim-iň bir agzasy «RedHack agdarlyşyk bilen baglanyşykly sözler diýýär. Özleri siýonist topardyr, Türkiýä diňe zyýan berýärler. Bulary Twitter-da ýaşatmadyk, Facebook-ta hem ýaşatmarys» diýdi.
Ayyildiz Tim-iň mediýa söz işgäri bolsa, RedHack toparynyň arkasynda Angliýanyň agent toparynyň bardygyny aýtdy.
Dünýäde her minutda ençeme kiber çozuşlar bolup dur. Hakerler, kiber Älemiň şalarydyr.
Hackerler dunyasi
-
Black Wolf
3 years ago
- Sps
@durdyyevv05 3 years ago- ++ haladym