Yalana ynanman,yalñyshdym.
Çyna ynanyp,yalñyshdym.
Bir maksat tutup,yalñyshdym,
Maksada yetip,yalñyshdym.

Dosta ynanyp,yalñyshdym,
Dushmana ynanman,yalñyshdym.
Yalançyny,yaranjañy
Adamam sayman,yalñyshdym.

Gul berip,miwe bermedik
Yazyma ynanyp,yalñyshdym.
Ozum uçin urulsamam,
Ozume ynanyp yalñyshdym.

Bahbidim bolsa-da,iki sozleman,
Dogry gepi dogry aydyp,yalñyshdym.
Karam yoldan haram rysgal gozleman,
Adalatam bardyr oydup,yalñyshdym.

"Shu yoldan gitme" diydiler,
Shol yoldan gitman,yalñyshdym.
"Yagshylyk etme" diydiler,
Yamanlyk etman,yalñyshdym.

Watany soydum yurekden,
Gygyrman soydum,tersmishin.
"Watan,seni soyyan!" diyip,
Bogaz yyrtyanlar dursmishin.

Yashan omrumiñ ortasy,
Bashy hem yzy yalñyshlyk.
Sebapler yone bahana,
Belki-de,meñ bu jahana
Gelmegimiñ ozi Yalñyshlyk.

Moskwa.Peredelkino
Atajan Tagan

Edebiýat, soho tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir