Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Azyrak könäni ýatlap, azyragam güläýeliň:) Mowzugyň adyna "Iýen we iýdiren taýaklarymyz ýa-da urşan uruşlarymyz" diýjekdim welin, "soňky ýazylanlarda "uruşlarymyz" çyksyn diýip şony saýlaýdym :) Şu wagda deňiç, elbetde, bir ýa birnäçe urşy başdan geçirendiris gyz ýa oglan bolmagymyza garamazadan?! Belki, çagalyk edendiris, belki, namys edip , belki gižže-gižželere ynanyp we ş.m. urşandyrys?! Eger jogabyňyz "hawa!" bolsa we haýsydyr 1 garaw ýok bolsa, onda aşakda biziň bn paýlaşaýsaňyz! Men aşakda özüm başlajak ilki:)
Uruşlarymyz
-
ata
16 years ago
- Türkiýede uniweritet talyby wagtymyz, ulkuji Turkler bn sheyle kop waka yashadyk obshitdekak. 1 gezek futbol bäsleşiginiň final oýnunda urush boldy, shonda 10-15 sany Garagoz Turkmen bolup 40-50 turke garshy urushmaly boldy, kan 2 tarapdanam erbet yara alman, dil bn alyp cykdygay shonda, onda-da bizin peydamyza:)
TÇ-de 1-je gezek uruşdym, onda-da urdym-laý birini :)
Wiý, ýekeje-de ýumruk iýipdim, onam 1 türkmenden duýdansyz ýagdaýda, soň gaçdam-laý welin, uruşmadyk :)
-
ata
16 years ago
- Oba mekdebindekäm köpräk urşan bolmagym mümkin. Ýöne ýekejesini aýtsam:
Bizden 1 klas ulylardan 12 doganly biri maňa yrsaraýar. Men hem başda zat diýmejek boldum welin, ol goýbererli däl. Onsoň başladyk uruşmana. Ýaňkyny ýykyp, üstüne çökdüm. Bytnap bilmän ýatyr onsoň :) Urmadymam-laý, ýeňlenini kabul ede ýaly ýatansoň, menem turup gaýtdym :)
-
ata
16 years ago
- obada sygyr bakýakam, hem öz obamyzyň hem-de goňşy obalaryň oglanlary bn topar halynda uruşýanymyz hem ýadymda :)
Köp taýak iýipdim-laý, sanasaň sogaby bar diýlen ýaly :) Şoň üçin sanap oturmaýyn :)
-
dertsiz
16 years ago
- birde uryan birde urulyan ewek yali,her erkegin bawynda bar,v obwem biderek4ilik abraydan ga4masak bolya in esasy zat,weyle dalmi doganlar.yada men akyllysyrayanmy?
-
ata
16 years ago
yada men akyllysyrayanmy?
öz pikiriňi aýdýan bolaýmasaň!
"eşek" diýip näme diýjek bolduň - ony welin bilemok. Göçme manyda ulandyňmy ýa göni - onam bilemok.
-
dertsiz
16 years ago
- go4me manyda,elbetde oz pikrim.gowulman bilersin
-
ata
16 years ago
- dogrudyr. Meňki bir ýatlama, azyrak gülme niýeti. Başga zat däl.
Biderek mowzukdyr - bilýän, ýöne ýene açyp goýberdim.
-
dertsiz
16 years ago
- ozune 4ekme bratok,yone yazaydym,yakynda menem yazjak,bez obid
-
ata
16 years ago
- dertsiz, minnetdar- köp sag bol!
Aslynda, niýetim urşuň gowy däldigini hem aýtmak welin, göni uruşlardan başlaýdym.
men ýene 1-2 mysal berip, soň ahlaga degişli hem ýazmakçy, enşallah!
TÇ-de 1-je gezek uruşdym, onda-da urdym-laý birini
şu ýerde türkleriň 1 topary bardy. topar ýolbaşçysy hem daýow oglandy we ýaşam menden 2-3 ýaş ulydy. Hormat goýýardym men hem. Şol wagtlar men hem Türkmen talyplarynyň wekilidim. Olam maňa hormat goýýardy.
UÝJ-mizde milletler arasy futbol bäsleşigi geçirilipdi. Türkmenleriň we türkleriň topary finala çykdy. Olara garşy oýnaýarkak, 2-1 ýeňlip durdylar we bizden kerkili Baba diýip biri heläk edýärdi gol saljak bolup, olam goragçydy/defans. Ol baba köp faul etdi, ýagny, ýykdy. Baba ahyr "ýeter ýa!" diýdi welin, olam baryp döşüne depdi we ýüzüne 1 ýumruk urdy. Men hem öz tarapymyzda goragçydym. Adaty ýagdaýda hijem urşuň tarapdary däl, ýöne gaharym beýnä urupdyr şol wagt - nädip şol gompy türkiň ýanyna baranymy bilmän galypdyryn.
-
Maxat
16 years ago
şol wagt - nädip şol gompy türkiň ýanyna baranymy bilmän galypdyryn
eee, yzy?))
-
myrat.
16 years ago
- yadymdan cykonok guluktan geleyan vagttymdy dos oglanyn doglan guniboly kicirajik toyjagaz ulyrak razborka ertesi doglan gune gelen oglan barbolsa şol gunden son bir hepte oyden cykyp bilmedik suratlarymyz gaty pozulupty.
-
ata
16 years ago
ertesi doglan gune gelen oglan bar bolsa, şol gunden son bir hepte oyden cykyp bilmedik. suratlarymyz gaty pozulupty.
myrat.
näme, öz araňyzda urşduňyzmy ýa gullukdaşyňyzyň klasaşlary bn?
-
ata
16 years ago
şol wagt - nädip şol gompy türkiň ýanyna baranymy bilmän galypdyryn
eee, yzy?))
Maxat
men hem baryp, onuň döşüne depdim we ýüzüne 1 ýumruk urdum. Olam derrew bokurdagymdan ýapyşjak boldy. Bir seretse men. Onsoň duruberdi. Men hem dowam etmedim.
Soňundan gelip, bizden ötünç sorady ol.
Ynha, Türkiýe boýunça ýekeje urşum.
Onuň daşyndan "ülküji" türkleriň topary bn türkmenler bolup köp gezek urşuň öňündne gaýtdyk. Men ýokkam 1 gezek urşanam ekenler. A menden öň bolsa örän köp uruşlar bolupdyr milletleriň arasynda. Meselem:
1- türkmenler gazaklara garşy;
2- türkmenler türklere garşy;
3- türkmenler azerilere garşy;
4- türkmenler çeçenlere garşy;
5- türkmenler owganlara garşy;
we ş.m.
hatda, türkmenler öz aralarynda welaýat-welaýat ýa tire-tire hem uruşýan ekenler. Hatda, Marylylar bn Ahallylaryň arasynda uruş bolup, her iki welaýatyň talyplary aýry UÝJ-lerde galmaga mejbur bolupdyrlar.
-
ata
16 years ago
Wiý, ýekeje-de ýumruk iýipdim, onam 1 türkmenden duýdansyz ýagdaýda, soň gaçdam-laý welin, uruşmadyk
bärdäkinem düşündireýin:
Biziň tç baran ýylymyz ulylar bize zat diýmediler - sag bolsunlar!
Bizden soňky gelenlere (17 talyp) biz eýe çykdyk we olara ähli zatda goldaw berdik. Beýlekiler tm-da dynç alyşda bolansoň, aýratynam, men olar bn hemdem bolupdym we ylgapdym. UÝJ-de agşamlary ýatanlarynda-da göz-gulak bolýardyk-da :)
Gyşyň aýazly bir gijesi sagat 3-lerde olardan biri aglap otagyma girdi. Ýagdaýy öwrenip, şeýle gaharym geldi. Asyl, öňki gelen 3 sany göternip bilmeýän türkmenler olara "çömez şakasy" (duh oýny) edýän ekenler. Agla gelenden öňem 1-2-sini çagyran ekenler täzelerden, soň aýdyp berdiler. Ýöne şol aglap gelen özünden soňky çagyralyny hem aýdypdy we ýerini hem - olam UÝJ-miziň 3-nji gatynyň banýosy-laý. Bardym. Täze gelene yrsaran ekenler barmakam. "Stipnediýaň ýarsyny her aý getirip berersiň. Biz çagyramyzda gelersiň. Nahar-zat bişirersiň kämahal..." we ş.m. zatlary diýen ekenler.
Men baramsoň, gaharly ýagdaýda şol täze geleni alyp gaýtjak boldum. Olardan biri rugsat bermejek boldy. Men hem öz diýenimi etjegimi mälim etdim. Olam gaharlanan boldy. Men hem "eger şuňa bir zat etjek bolsaňyz, onda ilki meň bn uruşmaly bolarsyňyz!" diýdim. Men şol uly oglandan garaşamokdym urar diýip, ýöne duýdansyz durkam,çekgäme bir şarpyk doňduryp goýberdi. Eý, şeýle bir gaharym geldi. Men hem "eý, waý, uraýdyň-laý!" diýip üstüne ýöräp ugradym, olam yza gaçdy. Beýleki ikisem meniň elimden tutup, oň ýanyna barmagyma päsgel boldular....
-
ata
16 years ago
- ýokardaky hem oňatlyk bn netijelenipdi, yzy wajyp däl.
Başga bir waka bolsa, men obadakam, menden 3 ýaş ulylardan biriniň myhmany bar ekeni, ol şonuň bn uruşmagymy isledi. Olar 4-5 oglan dagy bardy we men, belki, 7-8 ýaşlarymdadyryn şol wagt. Men hem boýun towladym. Ol hem mejbur uruşdyrdy gorkuzyp, men hem kabul etmeli boldum. Başladyk onuň meň bn deňduş bolan myhmany bn uruşmaga. Gysga wagtdan aşagyma aldym, ýöne urmag-a niýetimde ýokdy welin, aşagyma alan badyma, şol uly oglan meni bat bn depip, myhmanynyň üstünden aýyrdy. Soňam gelip ýüzüme urdy birnäçe gezek we gülüp gitdiler. Aglapdym şonda hiç zat edip bilmeýänime.
Eh, ol günlerem geçdi welin, çaga göwnünde galýan ekeni şol wakalar, entägem ýadymdan çykarmandyryn :(
-
ata
16 years ago
...çaga göwnünde galýan ekeni şol wakalar...
säwlik bar ýaly şu ýerde, aslynda, şeýle diýmek isläpdim:
çagaň näme göwni bar, onam ýykýalar şeýdip zalymlyk bn. Olam wagtň geçmegi bn ýatdan çykmaýan ekeni gutarnykly ýagdaýda.
Men bu babatda täsirli bir erteki ýazaýyn aşakda. Enşallah, okanlara peýdasy bolar.
-
ata
16 years ago
- Tyg ýarasy biter, söz ýarasy bitmez!
Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym zamanlarda tokaýda bir aýy bar eken. Günlerden bir gün tokaýa odun çöplemäge gidýän daýhanlardan biri ony görüpdir we gorkup gaçypdyr. Gaçyp barýarka-da büdräp, bir çukura gaçypdyr. Ol çukurdan çykmak üçin esli dyrjaşsa-da paşmandyr. Ahyrsoňy umydyny üzeňkirlände, hälki aýy gelip, ony çukurdan halas edipdir. Şeýlelik bilen olar dost bolupdyrlar.
Bir gün daýhan aýyny öýüne myhmançylyga çagyrypdyr. Aýy oba gelmänkä, daýhanyň dostlary aýy barada erbet zatlar aýdyp, dayhany ony öldürmäge razy edipdirler. Aýy öýe giriberende, daýhan öýlerindäki gylyjy alyp, aýynyň depesine inderýär. Aýy nämäniň nämeligine ibaly düşünmän, tokaýa baka ökjäni göterýär. Şol barmana daýhan aýynyň yzyndan bolgusyz we edepsiz zatlary töhmet/şyltak atyp gygyrýar. Muňa aýynyň hasam gahary gelýär we gynanýar. Ol özüni zordan tokaýa atyp, ýarasynyň oňatlaşmagyna garaşyp başlaýar!
Gün geçýär, aý geçýär, daýhan ýoknasyz dostlarynyň bolar-bolgusyz geplerine gidip, öz eden säwligine düşünip başlaýar we eden etmişi üçin örän ahmyr duýýar. Ol tokaýa gidip, aýydan ötünç soramagy niýet edip, tokaýa sary ýola rowana bolýar. Ol tokaýda aýyny görüp, hem utanýar hem-de az-kem gorkýar, sebäbi, ol aýyny öldürmekçi bolupdy. Aýy hem bu ýagdaýy aňýar we daýhana hiç zat etmejigini bildirip, ony bu babatda rahatladýar.
Daýhan aýynyň kellesinde hiç bir ýara yzyny görüp bilmändir şunça seretse-de, ýagdaýa düşünen aýy daýhana:
- Daýhan dost, ynha, şu ýere gylyç salypdyň, ondan bäri aýlar geçdi we tyg ýarasy bitdi, şükür! Ýöne sen meniň yzymdan ýakmasyz zatlar diýipdiň ýalňyş gepe gidip, ynha, şol sebäpli-de, tyg ýarasy bitse-de, söz ýarasy bitmedi! – diýipdir. Daýhan hem öz säwligine düşünenini, bu sebäpli-de aýydan ötünç soraýanyny bildiripdir, aýy hem kabul edipdir.
Şondan bäri hem olar şat ýaşaýamyşlar.
-
ata
16 years ago
- ýene örän oňat terbiýeleýji we peýdaly bir hekaýat/erteki goýaýyn bärä:
Bir bar eken, bir yoke ken. Gadym wagtlarda garryja bir ata bar eken. Onun birem akyllyja agtygy bar eken. Onun agtygy wagtyn gelmegi bilen ulalyp, mekdebe gatnap başlan eken. Günlerde bir gün agtygy öylerine gelip atasyna:
-Ata, ay, ata! Men bugünlerde köp dostumyn göwnüne degyan, muna-da gynanyp başladym, name etsem bolarka!? – diyip soranmyş. Şonda ona atasy:
-Agtyjagym! Sen öz wyjdanyn bilen edyan sawligine düşünipsin. İndi sen her gün öz dostlaryna yagşylyk etjek bol! Yöne her eden sawligin üçin şu tagta hayata bir çüy çak! – diyenmiş. Agtygy bolsa onun maslahatyna eyerip, öz dostlaryna erbetlik etmegini gün geçdikçe azaldyp başlapdyr. İlki badalar tagta hayata çakyan çüy sany köp bolsa-da, sona-baka çüylerin sany ep-esli azalyp başlapdyr.Hatda, belli wagtdan son hiç çüy çakman başlapdyr. Ol öz atasyna bu yagdayı görkezen wagty atasy ona:
-Berekella, agtyjagym! Sen öran onat we uly iş bitirdin! Indi sen dostlaryna eden her yagşylygyn üçin tagta hayatdaky şol çüyleri sökmane başla! – diyenmiş. Agtygy bolsa hergün öz dostlaryna kömek etmage başlapdyr we her eden kömegi üçin 1 çüyi tagta hayatdan ayırmaga başlapdyr. Wagtyn gelmegi bilen tagta hayatda hiç bir çüy galmandyr. Bu yagdayı begenip atasyna görkezen wagty atasy şol tagta hayatyn yanyna baryp agtygyna:
-Berekella, agtyjagym! Gör, sen nahili agirt işi başardyn, Biribar senden razy bolsun we seni yalkasyn! Indi bolsa meni onat dinle! Ynha, şu tagta hayaty göryarmin? Ilki başta eden günadir sawliklerin üçin naçe çüy çakypdyn, son bolsa şol sawliklerini goyup, sonundanam her eden sogapdyr yagşylyklaryn üçin bolsa, şol çüyleri sokmane başladyn we wagtyn gelmegi bilen olary gutardyn! Bu, elbetde, öran onat yagday, yöne şu tagta hayata seret! Başdaky sawlikdir günalerin üçin çakan çüylerini eden yagşy amaldyr kömeklerin bilen ayırsanam, her biri öz yzynda bir deşik galdyrypdyr. Diymek, hernaçe ynsanlara kömek etsen hem, olara eden erbetliklerin yzy hiç bir wagt yatlaryndan çykmayan eken. Şonun üçin mundan beylak hiç bir ynsana yamanlyk etmeginin!
Agtygy hem atasynyn bu pendini pugta tutmaga başlapdyr. Şeylelik bilen olar şondan son has hem bagtly we şadıyan yaşap başlapdyrlar.
diymek, gowne deglip(hayata cuy goyulyar), gowun alynsa-da (hayatdan suy alynyar) yzynda yara galyan ekeni (cuyun giren deshigi). shol sebapli, in gowusy hayata cuy sokmazlyk!
shony dilemek bn!
-
ata
16 years ago
- bu babatda öňem birnäçe paýhasly söz goýupdym, olardan degişli käbirini bärä-de goýaýyn:
1-"Oñat dostlar, düşünişmezlige düşen wagty, derrew ýaraşýanlardyr; in oñat dostlar bolsa, hic wagt düşünişmezlige düşmeýän dostlardyr!"
2-"Kämil ynsanlar ne elleri, ne-de dilleri bilen beýleki ynsanlara zeper berýän ynsanlardyr!"
3-"Yerlikli ötünç soramak kiçiligiñ däl, eýsem-de bolsa, ululygyñ alamatydyr!"
4-"Dil bela, diş galadyr!"
5-"Yedi ölçe, bir kes!"
-
ata
16 years ago
- bir hadys bardy, many taýdan şeýle bolmaly:
"Bir mümin, beýleki bir mümine iň köp 3 gün kinli ýagdaýda gepleşmän gezip biler, 3 günden soň bu ýagdaý dowam etse jaiz (göwnejaý/dogry)däldir!"
Ynha, şu ýagdaýa örän ähmiýet berer ekeni pygamberimiz. Şu ýerde örän täsin 1 zat aýtmakçy:
Eger 1 adam namaz okap duran bolsa, onda ol sebäpsiz ýere hiç-hili namazyny bölmeli däl. Ýöne ol birden "Halas ediň!" diýen ses eşidäýse, onda höküm taýdan derrew 2 tarapyna salam bermek bn namazyny goýup, derrew halas etmäge ylgamalydyr.
Pygamberimiz hem namaz üçin "gözümiň nury", "her pygambere bir zat söýdürildi, maňa namaz söýdürildi" we bakyýete göçjek bolup durka-da 3 gezek "namazym!" diýipdi. Ynha, namazy şol derejede gowy görýänem bolsa, ol iki kabylanyň/kowmuň özara düşünişmezlige düşenini eşidip, olary ýaraşdyrmaga gidýär. Şeýle gyzgalaňly ýagdaýda sorag-jogaplar, teselli we ýaraşdyrmak üçin edilen gaýratlar netijesinde, 1 wagt namazy hem çykan bolmaly. (ýalňyşýan bolsam, başda Allah, soň Onuň Resuly (SAW) meni bagyşlasynlar - many taýdan men şeýle bilýärin)
Ynha, görşüňiz ýaly, 2 taýpany ýaraşdyrmak üçin, öz gözüniň nuryny hem wagtynda amal etmegi ýatdan çykaran, has takygy, ýetişmän ekeni.
-
ata
16 years ago
- garaz, uruş gowy däldir! Şoň üçinem, geliň, uruşdan uzak duralyň we uruşjak bolýan tanyş dost-ýarlarymyza-da bu babatda mümkin boldugyça rugsat bermäliň. Bu babatda bir hadys hem bar örän peýdaly maslahat hökmünde:
"-Kim bir erbetlige we yigrençlige gabat gelse, ony eli bilen düzeltsin. Eger muna güyji yetmese dili bilen düzeltsin. Muna-da güyji yetmese kalby bilen garşy çyksyn. Bu-da imanyn in gowşak derejesidir."
-
hoshowaz
16 years ago
- yokarka mendenem kabir zatlar:
1."onun gara ardyn gozle,
hak sozun diy gahryn gizle,
sozlabilsen yagshy sozle,
halk yamanyn bizarydyr" (pyragy)
2."yagshylykda ile ozun tanydan,
alkysh alyp derejesi zor bolar,
yaman bolup yagshylygy unudan,
oz yzzatyn gidir itden har bolar." (pyragy)
3."dogry sozle dogry bakyp garaga,
gulka nobat berip bent ur gazaba,
chingiz handan galan dine haraba,
sanjar yaly bina guran utupdyr." (merhum)
yzy bar...
-
ata
16 years ago
- ehh, ýene çagalyk ýyllarymdan bir waka ýada düşdi gülkinjiräk:
kiçikäk bizi ulylar uruşdyrýardylar. şonda olar iki çaganyň arasy barmaklaryny uzadyp:"Hany, şuňa tüýkür!" ýa-da "hany, onuň gulagyny elle!" diýýärdiler. Tüýkürilen ýagdaýynda, barmaklaryny çekip, beýlekiň ýüzüne düşer ýaly edýädiler. Soňam "Anha, ol seň ýüzüňe tüýkürdi, indi sen şondan galjakmy?!" ýa "gulagyňy elletýärmiň şoňa dagy?!.." diýip gižže-gižže berýädiler. Şeýdibem uruşdyrýardylar. Ehh, çaga ekenik :)
-
ata
16 years ago
- şu urşyň, urmagyň, urulmagyň nähili betgelşik ýagdaýdygyny we ondan uzak durmalydygymyz barada ýene özümden bir mysal bereýin sizlere:
obada kiçikäm sygyr bakýardym. Biziň obaň gaýrasynda goňşy obaň pagta pelleri hem bardy. Onsoň şol ýere goňşy obaň oglanlary hem gelýärdiler sygyr bakmaga ýa suw tutmaga we ş.m. Men hem bir gün ýanyma özümdenem kiçi, 6-7 ýaşlarynda birini alyp, obaň gaýrasyna sygyr bakmaga gidipdim. Men hem 8-9 ýaşlarymdadym şol wagt.
Sygyr bakyp ýörkäk, goňşy obaň oglanlaryndan 20 gowrak oglanlar hem gelmezmi. Içlerinde deňduşlarymyz bn bir hatarda 15-20 ýaşly 5-6 oglan hem bardy şol wagtlar. Olar bizi tutdylar. Aslynda, sygyrlarymyzy aldylar, men hem sygyrlarymy alman, yzyma gidip bilmezdim. Kiçijek dostuma zat diýmediler, ýöne maňa ilki arak içirjek bolup yrsaradylar. Men hem içmeýänligimi aýdyp, olardan maňa içirmezliklerini haýyş etdim! Şol wagt içlerinden iň uly we ýüregi iň gararaklaryndan biri meni depdi. Soňam şol maňa "oturyp tur!" diýdi. Birnäçe gezek oturyp turuzdy. Soň eşiklerimi çykardyp, ýanymyzda akyp duran, boýy meni geçmejek ýaba "gir" diýdi! Girdim. "Çüm!" diýdi. Çümdüm. Az salym duramsoň, hopugyp kellämi galdyrsam, aýagy bn kellämden basyp, ýene suwa saldy. Men ýene hopugyp, janhowluna ýabyň daşyna çykdym. Olam maňa "men saňa çyk diýdimmi?!" diýip, meni depmäge we ýumruklamaga başlady aýakaldygyna. Men bir çaga, olam ýetişen bir oglandy, ýaş tapawudymyz 10 dagy bardy azyndan. Ynsabam gerek şeýe naýynsaplara. Serhoş bolansoň, hiç-hili ýüregem gyýlanok-da eger-eger. Ýagdaýyň erbetdigine gözüm ýetip, men hem eşiklerimdir sygyrlarymdanam geçip, obamyza tarap gaçmaga başladym. Olam yzymdan kowalaýar. Sypdyrarly däl-dä, garaz.
Ýöne Allah halas bolmagymy isläpdir, diýmek, ondan sypyp gutuldym, şükürler bolsun! Sygyrlarymy we eşiklerimi hem kiçijek dostuma beren ekenler, şükür!
Ynha, görşüňiz ýaly, şeýle erbet ýagdaý bolýar şu uruş/urmak ýa urulmak wakasy!
Uzak duruň-da mümkin boldugyça!
-
ata
16 years ago
Köp taýak iýipdim-laý, sanasaň sogaby bar diýlen ýaly Şoň üçin sanap oturmaýyn
diýipdim ýokarda. Hakykatdanam, örän köp urlupdym kiçikäm. Endamym dagy saň gaty bolup gidipdi. Aýakýalaňaç tikenleriň içinden ylgap gidýärdim we öýe gelemde, dyzyma we dabanyma çümen tikenleri çöpleýärdim.
Ullakan adamlar meni taýaklap ýenjipdi, sygyrlarymy almak üçin, şoňa razy bolýardym özüm, ýogsam, "öýe sygyrsyz gelsem, onda kakam urar!" diýip. Gör, nähili sada çaga ekenim. Şolar urup, kanagatlanýançalar durýardym. Urup bolansoňam, sygyrlarymy alyp gaýdýardym.
Eh, gowy däl ekeni şu ýagdaýlar. Ýokarda sebäplerini ýazdym.
A maňa "hak edensiňdir-de urandyrlar!" diýip bilersiňiz, ýöne men-ä 90% töweregi däldigini pikir edýärin. Kolhozyň ýorunjasyna az salymlyk sygryň geçse, onda taýakly garawuly temmiňi berýärdi, sygyrlarymyz elinde bolsa. Ekinine sähel agzyny urdy diýip, depip içi rahatlaýany bardy uly adamlardan. Goňşy obaň oglanlary nähak ýere urýardylar aram-aram we ş.m.
Mümkin, azam bolsa mende-de bardyr günä. 2 maşgalaň 8-9 sygryna bir bada eýerip bilmeýşim, ulylaryň sygyrlaryny aýlamaga boýun towlaýşym we ş.m. sebäpler birnäçesi...
-
garabekewul
16 years ago
- ay ata agam öňürtilapsin oww:):)
bolya menem bashlayyn. ay yone meninki bitmezmika diyyan, bir roman bolar:):)
-
ata
16 years ago
ay ata agam öňürtilapsin oww
saňa bir "guk!" diýipdim öň. Senden tolk bolmansoň, özüm açyp goýberdim :)
Sered-ä, sen açan bolsaň nähili goldaw gelerdi :)
bolya menem bashlayyn. ay yone meninki bitmezmika diyyan, bir roman bolar
"aldapdyr hojaguly" bolmasyn soň bar-a :)
-
ata
16 years ago
yzy bar...
hoshowaz | 2008-10-26 20:05:32
hany, nirede?! :)
-
hoshowaz
16 years ago
- onki yashulyn bir goshgusyndan bir bendi yadymdady emma birinji setirini unudupdyryn. duynmi shugunmi shol kella geldi weli yene unudupdyryn. hazir bir garash belki geler yene...
-
hoshowaz
16 years ago
- bushluk, geldi. ynha:
"yureginden chyksyn her aydan jumlan,
yurek ojagydyr buz yaly dunyan,
sowuk sozun jigerinde bir bendan,
buz dey yakar, duz dey yandyr gyyyk bor"
(saparmyrat nyyazow)
ahmyrly galypdy shu yadyma dushmanson. shonun uchin yzy bar diydim.
-
ata
16 years ago
- hä, düşnükli! Minnetdar, hoshowaz!
agyyyk
diýýäniň "gyzyk" bolýarmy ýa näme?!
Ýaşulyň goşgylaryndanam bilýäs diý-ä :)
-
hoshowaz
16 years ago
- gyýyk
-
hoshowaz
16 years ago
- dushundunmi?!
men yorejek yene-de soragynyz bar bolsa yazyberin ertir bilen seredip jogap yazaryn! ok my?!
-
ata
16 years ago
- hä, ok!
minnetdar, hoshowaz!
urşup ýörme ýöne ertire çenli :)
-
garabekewul
16 years ago
- bashlayyin men hem.......
oba yerinde basga oba durmusha gyz cyksa gelnaljy mashynlary yumurtga ya da julk pomidor bilen uryarlar..:)
gyz durmusha cykmazyndan 1 hepde on oba oglanlary tayynlyga bashlayarlar..keteklerde yumurtga tapmarsyn, heygenek iymek yok..
boldy urushly yere bashladym...
birt gezek hem bir gyz gonsy oba durmusha cykyardy, men hem ol gezek akylly oglan bolup gatnashmadym gelnaljy yumurtgalamaga..
kocanin gyrasynda durup, nace masyn bar sanan bolup otyrdym..birden arkamdaky tutlygyn icinden zybyrdap yumurtga diyermin,pomidor diyermin ucup bashlady, erbet yerem howwa yssy.shofyor hem aynany acypdyr, 1-2 sany yumurtga ona sharpyldap degmezmi.....mashyny duruzup ylgap gele gelmane yelmap aldy shofyor meni, ucup dushdim, hemmeler mana seretyar..elinden zordan sypyp gacdym...
gunasiz yere tayak iyenime janym yanyp,shondan son gelnaljy gorsem hokman gatnashyardym yumurtgalamaga:):)
-
garabekewul
16 years ago
- bir gezek gonshy oba toya gitdik( kasge gitmez bolaydym) toya bardyk. blatnoysyrap tans meydanyny synlan bolup durus 3 oglan bilen, yanymda gidenler olar hem....
gowja gyzlary goze kesdiren bolup otyrdyk.:):)
toydan cykyp oye dogry yorap bashladyk, yzymza dushdi bir suri oglan... ozleri hem uly bizden okuz yaly bolup..yanymyza gelen boldular salamlashyp yorin biz sizi ugratjak diyen boldylar... ony muny gurrunleship baryas weli yankylaryn birisi yelmemezmi gulak duybe...
bashym aylanyp gitday, ashak otyrdym.yuwashlyk bile dostlaryma seretsem dostlar kuje,olar kuje.
yensani el yaly edayipdirler howww:):)
meni uran oglan hem tur name boldy diyen bolup egildi weli,garaköli gochlarynyn süsüshinde bir susdim, yykylyp dyshdi....menem name assa gacan namart diyip goterdim okjani....
granisimiz bolan zeykeshden gecdim, weli bizinkiler garashyp duran ekenler.....
shonadan sonra biraz demimi dursap suw zat icdim:):)
-
garabekewul
16 years ago
- in bideregi hem mal bakanda bolupdy,,,
ogalnalar bilen bile pagta eňňerede mal bakyardyk guyz aylary..karta oyanp otyrdyk weli, ozumizden 5 yash uly oglan hem bardy icimizde. ol hem kartda utulyp yrsarap bashlady.
men hem name tuys copan tayagy(arassa peywendi tutdan yasalan) bilen yelemdim,yagyrnysyna,gacyp gitdi indi gelmez diyip yzyma owrulip yany bir oturanym hem sholdy weli........
yzyny bilemok (son mana aytdylar,ol kerpic bilen yelmapdirey kella blin...)
gulak perde gitdi,kelle sunk dowildi.renamasiyada hem iki hepde gowrak kwartirant aldy meni..taze yyly hem bolnisa da "adult garşogyn" ustinde gecirdim..
shonyn zyyanyny hazir hem goterip yorin cerepny dawleniya diylen zady:(:(
-
agayunus
16 years ago
- men-ä intek gyzyl ýumruga girip urşup göremok hiç kim bilen welin, jigimiň ilki okuwa giren günleri başyndan geçiren wakasy ýadyma düşdi:)
türk mekdebe ilki girilende okuwdan has öň 1 hepde ýurtlarynda ýaşatýalarmy nämemi. anha şol wagt, jigim oglanlar bolup bary üýşip naharhana bile gider ekenler. padnoslaryna naharlaryny alyp ýaňy nahara oturan wagtlary jigimiň garşysynda oturan oglan öňindäki stakanly suwy jigimiň üstine serpip goýberipdir, keýpine. jigim ilki düşünmedim diýýä soň ýerinden turyp padnosly naharyň baryny ýaňkyň üstine guýupdyr. gyzgyna wägirip ýerinden laňňa galyp gaçyp gidipdir olam, uruş zat bolmandyr o wagt, ýöne soň ene-atasy gelipdir onyň. kellesinde kemçilik bar eken, okuwa almandyrlar ony, şol ýagdaýdan soň. ejemiň kakamyň bulardan habary ýok, jigim bar zat bolup geçen soň, okuwlar başlansoň gürriň beripdi bulary. hem güldik hem gynanypdyk:(
-
Pelen
16 years ago
- erbetlige erbetlik bilen jogap bermek na derejede dogri bilaymedim.yone ynsanogly caga wagty muna akyl erdirip bilman biler.yone ulalanyndan son hem sol eden hereketini dogry hasap edyan bolsa men pikirimce dogri dal.
sebabi her gabat gelen yagdayimizda iki essesi bilen gaytargy berjek bolsak, onda durmys yashap bolmajak derejede kynlasyar. goy onun jezasyny ilki bilen ol yerdaki mollimlar bersin we esasy jezany da Allatagalla bersin.
ot bilen geleni gül bilen garsylamak destury in mätäç bolan hasiyetlerimizden birimika diyyan..esasan hem su dowurde....
-
agayunus
16 years ago
erbetlige erbetlik bilen jogap bermek na derejede dogri bilaymedim.yone ynsanogly caga wagty muna akyl erdirip bilman biler.yone ulalanyndan son hem sol eden hereketini dogry hasap edyan bolsa men pikirimce dogri dal.
pelen aga, biziň bärdäki türk mekdepler hiç terbiýe görmedik ýabany çagalary hem mymyk-pagta edýäler:) Allah razy bolsyn olardan. inim okuwyny gutaraly üç ýyl bolup barýar. ýogy ýok tüweleme, ýöne intägem gaharyny getirmekden gorkýas biz-ä, uranok-da sözi bilen şapladym goýberýä ýaňak çekgäňe:)
-
garabekewul
16 years ago
- bir gezek 8klasdym oytyan bolsam..dasharyk cykmaga jan kakayldy.. men hem name icerde klasyn icinde otyryn jonkaran bolup cykman...shol wagt hem mekdepde nobatcy duryan gyzlaryn biri gelip hany cyk dasharyk diydi..men hem eshitmedik den bolup otyryn. gyz hem elindaki kitap bilen yelmemezmi kella(kitap hem 8 klasyn edebiyat kitaby,ozem galyn gyzyl dashly- shol kitap hazirler hem elime dushse bashym aylanyberyar:):) )
bashym aylanyp gitdi shonda.. ozumi dursap bir yelmedim gyza..gyz pahyr aglajagynam bilenok name etjegini hem....
(shonda gaharyma ilkinji we sonky sapar gyzy urup gorupdim:(
-
kombat
16 years ago
- bir gezek aikido gatnaýan gyz bilen urşup gördüm. Zat diýmejek bolýan welin, ujy jonnuk köwşi bilen elime depip dur, depip-depip gögertdi iki bilegimi. Ahyr bolmansoň, ortasyna bir gezek depdim, aglap gitdi, şonda-da men utandym, ol utanmady maňa topulanyna.
-
bond
16 years ago
- kombat mekdepdekan nahilidi gyzlar bn aran .hazir nahili?
-
daKING
16 years ago
- Shu temadan wagt tapsam oz durmyshymdan bet hekayalary yazjak...nesip bolsa..yaltanmasam..
-
Gitler
15 years ago
- Meninga urushym hakynda bilmeyan yok bolsa gerekB-)
-
Gitler
15 years ago
- Hic urulmadym diyjek bolyangmy?
-
Gitler
15 years ago
- Lost-da sawyer mashshennik bolup oynayar welinB-)
-
Gitler
15 years ago
- Senem milliyetchi wagtyng mashennikdingB-) (shutka)
-
tmheart
15 years ago
- eý sawyer çyndanam şol samolýotdan şoň üçin bökdümikä? soň kate şähere öňki aýalynyň ýanyna gelende gürrüň berýä şu wakany. şonda aýalynyň beren jogaby ýadyňa düşýämi? (sawyeriň öňki aýalynyň diýen sözleri 5. sezonda)
-
Gitler
15 years ago
- Songynda ekoo bilen george olyan bolumi haysy?
-
Gitler
15 years ago
- Bilmedimda... Ozunga turkbel-milliyetci dostlugy dowruning agzasy dal welin,bar zatdan habarly... Ya bashga nik b\n girdingmi,namemi... Mena menden bashga 6 aylap jyyklap gezen bardyr oydemok... B-)
-
cicek2
15 years ago
- ay gyzlar gichchikkara sach yoldy esasy moda bolyady,ay sonam dilde urush bolaymasa,yagny el bilen dalde soz bilen urushma..........................:)
-
Gitler
15 years ago
- Ay,borlay. Goyaly shu gurrungi agam. Bolmasa herimiz ozumizingkini dogry etjek bolup...
-
tmheart
15 years ago
tmheart, lost-da sawyeriñ söygülisi (aýaly däl) cassidy sawyeriñ bökmegini gelmäge gorkdy diyip düshünyär.
sawyer | 2009-08-16 12:12:01
gelse näme bolardy?
-
Gitler
15 years ago
- Men birine goyaly diyemok how,gurrungi goyaly diyyan
-
Gitler
15 years ago
- Hawa:-)
-
begzat
15 years ago
- Prikolay okap otursañ.
ata 16 years ago- 1- B-aly TTM-dekäk woleybol yaryshlaryna gatnashyadyk shaherdaki mekdeplerin arasynda. Bizin mekdep bolsa 1 ya-da 2 gezek 2-nji orna mynasyp boldy, galanynda hemishe 1-nji bolýardy! Sebäbi, mekdebimiziň talyplary ýygyndy topar bolýardy her mekdepden gelen talyplar bolansoň. Yene sheyle bir yarysh, b-aly şäheriniň 12-nji dunyewi mekdebinde boldy, shol mekdebiňem topary guyclidi. Ýaryfinalda sholaryn mekdeplerinden janköýerleri bize shantaž etdiler oynun dowamynda "gowy oynama, ýeňiliň!" diyip. bizem beter yendik olaryn toparyny. Olaryn mekdebinden cykyp, oz mekdebize yetmakak, dashymyzy birgiden bolup gabadylar, kullugin ustunde, Baýramalyň Ak bazarynyň arkasynda. Shonda meni sheyle onat edip ýepbekläpdiler, bilyanje tekwandom ishe yaramady, sebabi, olar 15-20 (serhoş) dagy bardy we men yekejedim, onsonam, olar meni elleri bn dal-de, demirlap, tagtalap, pycaklap we kerpiclap uryadylar, el bn jogap berjek boldum, mumkin daldi, ay, men hem:"erkekligin %99-y gacmakdyr" diyip zut gacmak bn boldum, gaty erbet gacypdym, arany saylan 1-2 oglany yzymda gorsem duryadym, erkek bolsanyz gelsenizlan diyip, beylekiler gelyanca garashyardylar pahyrlar:)
Ynha, gowja urlan bir wakam. Meň uranlarym olaňkyň ýanynda hasabam däl :)