BAHAR GÖRNÜŞI

Ýaz ysynyň ýaýran gündizlerinden
Hem gijelerinden beleňlän dünýä,
Çasly gülküleriň, ýylgyryşlaryň
Salkyn saýasynda seleňlän dünýä
Gözüne güýdüşip gussadyr gamyň,
Janly-jemändäni gujaklap otyr.
Ol pursat berenok hasrata, kinä,
Kalplary bilniksiz gyjyklap otyr
Hem göterip otyr göwni asmana.
Bu mahal her ynsan, bar ynsan — şahyr!
Menem, senem, olam ylham deňzinde,
Gulaçlap-gulaçlap ýüzüp ýörüs biz.
Serimizi dumanladyp yşk bilen,
Gözümizi bagtdan süzüp ýörüs biz.
Gezip ýörüs lezzet alyp barlykdan,
Dünýäň bahar hakda sazyn diňleýäs,
Ýagýas bagtyýarlyk ýagmyry bolup,
Diňmeýäs!



“GOWUSY, GOÝALY!..”

…Gowusy, goýaly!
Mert bolmak gerek…
Ýürek täze derde uýgun bor, bilýän.
Düşünmesi çetin göwün bar mende —
Köpräk aglaýan, azrak gülýän.

Günleň aýdymlary täzelenipdir,
Sazyna tans edip bilmen (dag arman!).
Indi gijelerden gam ysy gelip,
Daňlarym atyp ýör süýt deý agarman.

Aýyň gözelligi, gör, hanjak gitdi!..
Ýyldyzlar endigan petreşýäler,
Olar ýerli-ýerden çola köňlüme
Bir ýerlerden gussa getirişýäler.

Yşkyň patasyny bireýýäm aldyk,
Muny aýtmamda-da bilibem dursuň.
…Gowusy, goýaly!
Ýok, “Söýýän” diýme!
Ömrümi büdreden şol söýgi gu:rsun!



ÝAZ ÝATLAMASY

Ýadymda, şol günem bahar günüdi,
Adatydy Günüň dogup-ýaşmasam.
Ýürekler joşýardy ylham edinip
Baglaryň pyntyklap, güller açmasyn…

Bulutly gün.
Kükräp geldi öýlänçi,
Zemine esiräp, gelipdi jala.
Hoşlaşjak bolaňda kese bakdyň-da,
Sebäbinem aýtman, hamsykdyň çala.

…Ençe jala ýuwup geçdi zemini,
Geçdi ondan bäri ençeme bahar.
Ýöne sensiz geldi nurly gijeler,
Sensiz dogdy çogly Günem her säher.

Bir ykbala ýerleşmedi jinnek bagt,
Gujak-gujak hasrat bile gam sygyp.
Aýlar ýyllar bilen sepleşip gitdi,
Ýaňy ýaly hoşlaşanyň hamsygyp…



SENIŇDIR

Maňa derýa bolup akjak ylham ber,
Akyşy-da, akmaýşy-da seniňdir.
Ýürek ýarasyny ýakjak melhem ber,
Ýakyşy-da, ýakmaýşy-da seniňdir.

Dagdan gözlänimi tapyp düzlerden,
Umydymy halas etdim üzlerden.
Bukma kamatyňy dilgir gözlemden,
Bakyşy-da, bakmaýşy-da seniňdir.

Giç sataşyp görgä goýan dilberim,
Azap maňa sensiz geçen ýyllarym.
Gursagymda goh turuzýar ýyldyrym,
Çakyşy-da, çakmaýşy-da seniňdir.

Eýerläp müneňsoň düýşüm-ýadymy,
Men dünýäň iň bagtly betbagt adamy.
Illeň bize “Aşyk-magşuk” adyny
Dakyşy-da, dakmaýşy-da seniňdir.


Sapa HOMMADOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir