agzalary has ýakyndan tanamak maksady bilen geçirilýän söhbetdeşlilerimiziň bu hepdeki myhmany ultimatum! ultimatum soňky döwürde bu sahypaň iň aktiw agzalarynyň biri, we gowy ýazgylar ýazýar, ýazgylaryny yzarlaýan agzalarymyň biri. ultimatum barada gysgaça: ýalňyşmaýan bolsam 1987-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabatda dogulan. Aşgabatdaky başkent türkmen-türk mekdebinde okan. Şu wagt hem istanbulda bir ýokary okuw jaýynda bilim almaga dowam etýär! galanynam özünden soraň! :)
Ultimatum bilen söhbetdeşlik!
-
ata
16 years ago
- 1- Ahmyr edýän, okünän wagtlaryň bolýandyr kä zatlar barada, şonda nämeler edýärsiň?! Diňe ökünip geçäýýäňmi ýa şol zatlary gaýtalamazlyk üçin çäreler görýärmiň? Mysal barmy bu babatda?! Näme?!
2- Başkent TTM-ni haçan gutardyň?!
3- Şol ýerde görelde alýan klasdaş/synpdaş, terbiýeçi we mugallym(lar)yň kim?!
4- Näçe dogan siz?
5- Başkent TTM-da seni iň begendiren we iň gynandyran wakalar bar bolsa ýazaýsaň!
6- Häzirki uniwersitetiňde seni iň begendiren we iň gynandyran wakalar bar bolsa ýazaýsaň!
7- Haçan öýlenmekçi?! Asyl-a, öýlenmek babatda näme pikir edýärsiň?! Galyň, ruhy, maddy ýetişmek we ş.m...
8- Bärä haýsydyr bir agza getirdiňmi ýa getirmekçimiň?!
9- Bärdäki agzalar we ýagzylar barada nähili pikirleriň bar?! Azyrak ýazaýasaň!
10- Sungat işgärlerinden, režisýorlardan, şahyr we ýazyjylardan halaýan ynsanlaryň(hem daşary ýurtlylardan, hem türkmenlerden)?!
Häzirlikçe bular, beýlekilere-de sorag goýaýyn-a :)
-
ultimatum
16 years ago
- Ceriumoxide
1. men 1987 yylda ashgabat saherinde dunya indim. turk mekdebe girmek nesip etdi. son 2004.nji yylda unw.e girmage hukuk gazandym. sondan barem gutarjak bolup dyrjasyp yoris.
2. istanbul saherinde okayan, ykdysadyyet(inlis dilinde) ugry boyunca bilim alyan, 4.nji kurs
3. hobilerim, aydym saz dinlemek,(yone gowy gormeyan aydymym bolaymasa ol mana juda ezyet beryar, beyle yagdayy hem bar) masyny is ucin dalde keypine aylanmak ucin surmek. fobi: name diysemkam, yadyma dusen wagty aydaymasam :D
4. aydym saz dinleyan, sport bn calaja mesgullanyan, bu yyl tennise baslajak nesip bolsa (court), seyil gahlere aylanyan, inette gezmegi halayan, yeke dalde uysip sesini gaty acyp kino goryan.
5. men arabesk (arabesque) stinindaki aydymlaryn asygy :D, shu stile dushunsen yaman gowy stil, yone howplyrak oz erkini saklap bilmesen :P, Muslim gursesin konsertinde yone yere lezbi paylayalarmy? adamlar ozinden gecip name edyndigini bilenok, elleni ayaklaryny kesip baslayarlar :D yone men on yaly samsykcylyk edemok heniz. ondan dasgary pop esasy dinleyan aydymym, kabir raplary hem gowy goryan. yigrenyanim rock stili
6. Turklerden: Ibrahim Tatlises (sonky dowur *oky cykdy welin :D), Rafet el roman,
son: enrique iglesias, shon kakasy julio, craig david, arash, massari, we suna menzesler. basgada kabir aydymcylaryn kabir aydymlaryny gowy goryan.
Annus, palwan, sahydursyn, saguly allaberdi, enes rejepowa esasy dinleyan aydymcylarym.
8. Internet arkaly. Googledan bir zat gozledemde, koplenc talyplar.com dan yazgylar cykyady. gyzyklanyp gordim seylelik bn shu yere geldim.
9. bu sorag mana degisli dallay, men maslahat berip bilemok :P entek o dereja yetemzok :D yone name Kerim agan: samsykdan hem akyl satyn alyp duran akyllar bar diyisi yaly, maslahatym wagty yaman tygsytly ullanmak (oz edip bilmeyan zadym) omrimiz gysga bolmanam...
10. okuwy gutaryp aspirantura okasym gelyar, haysydyr bir osen dowletde. son magistratura. sonam watanyma baryp oz businessimi acmak hyyalym bar. kabirleri sorap biler, on ucin aspirantura, magistratura nama gerek diyip? aslynda yokary okuw jayy hem gutarmak gerek dal oz isini acmak ucin, yone bular dunyagaraysymyzy gineltyar, shun ozi hem ulu plyus. men dine dunyagaraysymy gieltmek ucin okamakcy :)
-
ultimatum
16 years ago
- yone men ilki bilen birzat bellemekcidim yatdan cykypdyr.
Men bilen sohbetdeslik geciryaniniz ucin minnetdarlyk bildiryan, beydip azara galyp yormeli daldiniz. men yaly her onyetene sohbetdeslik gecirmeseniza gowy bolardy welin. name bir baslapsynyz jogapsyz goymajak bolaly bizem.
baslama taslanyny,
taslama baslanyny,
sanasanda dostuny
sanama dusmanyny...
-
ultimatum
16 years ago
- Ata aga
1. pikirlenmage puryja beraymesen, entega kella pikir gelenok
2. 2004
4. 4, ikinjisi men
5- sol mekdebe girmegim meni begendirdi, taze okuw yyly baslanda men onki mekdebe gidip basladym, klasdas oglan gyzlar ustimden gulyadi. name turk mekdep kabul etmedimi seni, sen yalyny name etsinler eyle beyle. turk mekdep gijrak baslayady o wagtlar, gorip otursam gecipdirin. yanky klasdaslaryn ustinden gulmersinmi, gezekli cemce da :D :D :D
7. yene su temamy, entek oylenerdena irmika diyyan. Men oylenmek meselesine garaysym su. adam oylenmek ucin ilki bilena ruhy taydan yetisen bolmaly, onsanam maddy taydan garaslylygy giderjek bolmaly. oz ayagynda ozi duryp bilyanca oylenmese gowy bolarmyka diyyan mena. yone name turkmencilik da "nika gyssamasy" diyibem bir zat bar. nesibande hacan oylenjegin yazylgydyr, bilip bolyamy. belki ir belki gic oylenersin. Sonunyn bir zady borlay diyip oylenmek yerlikli dalmika diyyan. yedi olcap bir kesmesen, ykbalyn bilen oynadygyn bolar. kici kirim mesele dal.
shulary nukday nazarda tutsam, 25 yas idealniy yas men ucin. yone bilip bolmaz irrak hem bolmagy ahmal, nika gyssayjak yaly bolup dur :P
8. ay yok :(
9. bu sorag hakda sonrak doly jogap bermekci nsip bolsa...
10. gollywooddan: jason statham, anjelina jolie,
tm sahyrlardan: gurbannazar ezizowy, kerim agany, magtymgulyny gowy goryan
tm kino aleminden: artyk jallyyew, baba annanow, ogly kerim annanow.
-
CeriumOxide
16 years ago
men yaly her onyetene sohbetdeslik gecirmeseniza gowy bolardy
sen "öňýeten" däl how, bilinesi gelinýän agzalaryň biri. birem köne aktiw agzalary agzalar onsuzam tanaýa, täze gelip gowy zatlar ýazýan agzalary tanamak has gowymyka diýýän menä(täze diýýän welin sen menden 4 aý öň agza bolan :P)...
köne ady belli agzalar bilenem söhbetdeşlik geçiriler, ýöne tanalmaýan "syrly" agzalary tanasak has gowy!
-
CeriumOxide
16 years ago
- bäh arabesk diňleýän diýdiňmi! :) ola bolmandyr:P
jogaplaryňy okadym, manyly gowy jogaplar, meselem öýlenmeklik barada aýdaň zatlaryňa doly goşulýan.
birem jogap ýazaňda ýokarsynda soragy sitata alyp goýsana!!! bolmasa ýaman kyn bolýalaý, krosword çözýän ýaly :D
taze okuw yyly baslanda men onki mekdebe gidip basladym, klasdas oglan gyzlar ustimden gulyadi. name turk mekdep kabul etmedimi seni, sen yalyny name etsinler eyle beyle. turk mekdep gijrak baslayady
şol ýagdaý mende de bolupdy, ýöne men başga sebäp bilen gatnapdym, 10 gün ýaly:D
orta mekdepde aktiwdim, soň şol 10 günde mugallymymyz maňa näme üçin sapaga aktiw gatnaşmaýanymy sorapdy, "ýa türk mekdebe almadylar diýip durmuşdan umydyňy üzdüňmi!" diýeni ýadyma düşýä :D
-
CeriumOxide
16 years ago
- beýleki agzalarada sorag galsyn diýip köp sorag soramajak bolýan welin, baýramçylyk sebäpli bu günler sahypa girýän az, soraglar ýene maňa galýa :D
1. ultimatum adyny näme üçin aldyň?
(meniň çakym: the bourne ultimatum kinonyň täsirinde galdyň :D)
2. sahypada haýsy agzalaryň ýazgylaryny köplenç gollaýaň?
(meňkini gollamajagyňy bilýän :D amerikan maşynlary sebäpli :P)
3. türkmenistanyň nirelerine gidip gördüň?
eger beýleki welaýatlary gezip gören bolsaň haýsy welaýatyň ýada şäheriň nämesi göwniňe ýarady?
4. haýsy ýurtlara gidip gördüň?
5. haýsy dilleri gepläp bilýäň?
-
ultimatum
16 years ago
- 1. gaty dogry bilipsin. sol kinony "bourne ultimatum" gorenimden son aldym bu ady. ata agan diyisi yaly, eymendiriji esidilyanligi ucin alaydym :D
manysy: final condition or demand the rejection of which may lead to the use of force. oziniz alyp cykarsynyzda :)
2. ata agan, harmandali, agayunus, senkini hem okayanlay natdinay :D, birem komendantyn yazgylaryny sypdyrman okayan :P ata agankyny gollamasak bolmayar :D beylekileri hem gollayan, sen bilenem pikirimiz den gelmeyan wagtlary bolyar kawagt. gollamayanlarymy yazyp oturmayyn :)
3. Hudaya sukur 5 welayatyn 5.sinede gidip gordim. balkandan: nebitdag bilen turkmenbasy, birem celekene. ahal: kop yerine gitdim. mary: mary we abyramaly saherlerine. lebap: turkmenabat saherine. dasoguz: koneurgenc, dasoguz saherlerine aylanyp gordim. In gowy goren yerlerim koneurgenc, owulyalar ummany.
4. turkieye, amerika yurtlaryna gidip gordim. Arzuwymda awstraliany, musuru, pariji gormek bar :D
5. inlis, turk, rus dilleri. rus dili o diyen dal, dusunyan, patdyk putdyk gurleyan :D
-
kakabay
16 years ago
- ultimatum-hazir sen okap yoren uguryň,oz saylan ugruňmy?yogsa-da okuwsyz galmazlyk u/n okayaňmy?aslynda diyjek bolshum,senin chagalykdaky arzuwyň we häzirki wagtda ol ugra bolan garayyshyn?
-
kakabay
16 years ago
- 1.talyplar.coma bolan garayşyň?talyplar.comda iň ünsüňi çeken movzuk?
2. TM geleniňden soň näme etsem-goysamlaryň bar?!
3. Ilki bada TR geleniňde yashamak(hovasy bn problema:)v.ş.m) ya okuw kyn dushdimi(täze kurslaşlar bn övrenişmek ve ş.m.)?!
4.Adamda birinji ozüňize çekiji zat näme?
-
MuhaciR
16 years ago
- 1. okuwyny gutaranson master ya da phd etjekmi?
2. haysy yurtlary goz onunde tutyan?
-
CeriumOxide
16 years ago
In gowy goren yerlerim koneurgenc, owulyalar ummany.
giden öwýä özä, gidip görmeli.
ýöne sen meň soragyma ýalňyş düşünipsiň,,,
iň gowy gören ýeriň dälde, giden ýerleriňde nämeler göwnüňe ýarady, ünsüňi çekdi?
we nämeleri halamadyň?
4. turkieye, amerika yurtlaryna gidip gordim.
giden ýerleňde düşen suratlaryňdan käbirlerini(tokaýsyz) goýsaň!
-
ultimatum
16 years ago
- kakabay
1. bu sahypa gowy sahypa. gowy maslahatlar tapsa bolyar. Pikir alysmak, maslahat salmak ucin gowy yer. herkim oz pikirini aytyar. pozitiv ya negativ.
1.talyplar.coma bolan garayşyň?talyplar.comda iň ünsüňi çeken movzuk?
2. oz işimi özim açjak diýip aýdypdym. ýöne haýsy pudak boýunça ony entek özimem bilemok. entek irräk. bilaýen ýagdaýymda da ýazmaýyn. ideamy ogyrlarlar :P
TM geleniňden soň näme etsem-goysamlaryň bar?!
3. şuwagda çenlä ýaşamak we kuw kän kyn düşmedi. mundan kyn düşäýmese, düşmäwersin allajan. ilki gelemde çalaja cultuaral shock, kültür şoku başdan geçirdim.
4. adamyn guler yuzi. adam guler yuzli bolsa pozitiw energiya alyan, gyzlar guler yuzli bolsa 2 esse zaryat alyan :P
-
ultimatum
16 years ago
- muhacir
planymda bar oza. gormeli da nesibedir. amerika, malta, awstralia, gunorta afrika, angliya dowletlerini goz onune tutyan. (olar meni goz onune tutsalar elbette :D)
-
gulalek
15 years ago
- Bir iş etsem ýalňyş bolsa ökünýän
-
Marjina94
14 years ago
- Salam men shu zada yazylshasym gelyar welin asyl dushunemok owretmeginizi hayys etyan....
-
Marjina94
14 years ago
- A
-
Crash
14 years ago
- dyn?
-
Marjina94
14 years ago
- Mana owretjek adam yokmuka
-
Nechka94
14 years ago
- Men bar marjina. Siz balkandanmy.
CeriumOxide 16 years ago- ýene birinji soraglaryň menden :)
1. Özüň barada gysgaça gürrüň berseň!
2. haýsy uniwersitediň, haýsy bölüminde okaýaň?
3. hobbileriň we fobileriň?
4. boş wagtlaryňda nämeler bilen meşgullanýaň?
5. haýsy stillerde aýdymlar diňleýäň?
6. gowy görýän aýdymçylaryň?
7. gowy görýän türkmen aýdymçylaryň?
8. talyplar.com-y nädip tapdyň?
9. agzalara berjek maslahatlaryň barmy?
10. gelejekdäki planlaryň?