Dün Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow baştutanlygynda Ruhyýet Köşgünde geçirlen 21.Halk maslahatynda raýatlarymyza şatlykly habarlaryň biri hem gelip gowuşdy. Maslahatda 2009-njy ýyldan başlap zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, kömek pullaryň we talyp haklarynyň artdyryljakdygy mälim edildi. Şu günkü gazetlerde çap edilen karara görä, 2009-njy ýylyň 1-nji yanwaryndan başlap býujetden maliýeleşdirlen edaralaryň, hojalyk hasaplaşagyndaky kärhanalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyklarynyň, pensiýalaryň, kömek pullaryň we talyp haklarynyň 10 göterim köpeldiljekdigi habar berildi. Prezident Berdimuhamedowyň gol çeken kararyna görä, aýlyklaryň we pensiýalaryň ortaça mukdary hem kesgitlendi. Şeýlelik bilen öňümizdäki ýylyň 1-nji yanwaryndan başlap ähli işgärleriň iş haklarynyň ortaça 2720 müň manatdan az bolmadyk möçberde belleniljekdigi mälim edildi. Zähmet pensiýalarynyň iň ýokary mukdary bolsa 2420 müň manat diýip kesgitlenildi. Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlaryň pensiýalary bolsa iň az 1980 manat, iň köp 2640 manat möçberinde bellenildi. Ýolbaşçylaryň iş haklarynyň möçberi bolsa 1-5 goşundylara laýyklykda tassyklanyljakdygy Berdimuhamedowyň kararynda beýan edilýär. çeşme:turkmenpress
Aýlyk haklary täze ýyldan başlap köpeldilýär.
-
mc_didar
15 years ago
- CeriumOxide dost, menem sen diyenini destekleyan.mc_didar
-
CeriumOxide
15 years ago
CeriumOxide boşuna begenýäň, zatlary gymmatladarlar görde duraý
men ýaly sen ýaly açgözler gymmatlatýa :)
"halkyň aýlygy köpeldi, meňkem köpelsin" diýýän komersantlar günäli ;)
-
CeriumOxide
15 years ago
- agaýunus
şu ýerde öň ýazylan bir ýazgy bar! seredip goýber :)
-
Farabi
15 years ago
- bir zat ünsümi çekdi. "halk maslahaty" yatyrylmandymy?
-
CeriumOxide
15 years ago
- iň soňkysy geçirilýä, soň karar çykarma mejlise geçýä
-
ultimatum
15 years ago
men ýaly sen ýaly açgözler gymmatlatýa
"halkyň aýlygy köpeldi, meňkem köpelsin" diýýän komersantlar günäli
halkyň aýlygy köpelip olaňky şo durşuna durmalymy. olar garyplaşarda onda...
-
CeriumOxide
15 years ago
halkyň aýlygy köpelip olaňky şo durşuna durmalymy. olar garyplaşarda onda...
halkyň aýlygy köpelse halk has köp söwda eder, zatlar gymmatlatsa şol komersantlaryň ýene öňkije günleri
-
ultimatum
15 years ago
- income artsa - consumption artya. yone hemme wagt beyle bolmarda. olara da dogry dusunmek gerek :D kommersantlar arzan satmaýar, tä perfect competition bolýança...
-
CeriumOxide
15 years ago
- Ýene gelip gowşan soraglaryň birinde täze pulda nyrhlaryň nähili kesgitlenjekdigi we ýokary göterilme babatdaky pursatlaryň öňüniň nädip alynjakdygy hem soralýär. Jogapkär işgärler bu babatda puluň iki nusgasynyň hem 1 ýylyň dowamynda bilelikde ýörejekdigini we bazarlarda we söwda merkezlerinde her iki manatdan hem nyrhlaryň harytlaryň üstünde ýazlyp beýan ediljekdigini aýdýarlar. Bu babatda gözegçiligiň hem berkidiljekdigi haber berilýär.
çeşme: Turkmenpress
agayunus 15 years ago- CeriumOxide boşuna begenýäň, zatlary gymmatladarlar görde duraý:)