Aslynda "awaza syýasytyny"nyň mazmunyny doly bilemmok. Belki Şeýle bir plan bar bolmagam mümkin, eger ýok bolsa gaty gowy bolardy. Türkmenistan Dünýäniň iň täsin we tebigi baýlyklara baý deňizi hazar deňizine serhedi bolan 5 ýurtdan biri. Bu baýlykdan peýdalanmak gerek, hazarda nebiti gözletmek üçin başga ýurtlardan ekspertler getirýäs, aslynda hazaryň kenarynda bir uniwersitet açylsa, we ol uniwersitetde suw önümleri(balykçylyk), nebit-gaz injinerleri we gämi gurluşyk injinerleri ýetişdirilse hazaryň baýlyklaryndan has ýokary derejede peýdalanardyk! Şunam belläp geçeýin, dünýäniň gymmat balyklarynyň biri bolan "bekre balygy" hem diňe hazarda bar, we ol balykdan ýokary hilli ikra alynýar. Umuman aýtjak bolýanym, özümize gerekli ekspertleri özümüz ýetişdirip, öz ýurdumyzda işletsek ýurdumyz üçin has bähbitli bolardy, doly peýdalanyp bilmeýan baýlyklarymyzdan has giňden peýdalanyp bilerdik!

Köneler, CeriumOxide tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir