Adamkàrçilik.
Sôygi gôrk islemez diyenleri çyn,
Dashky gôzelligiñ gôrkùñe myhman.
Ynsan gôzelligi- adamkàrçilik,
Shoñ bilen badashar ynsana-ynsan.

Akyl hem baylyk.
Akyllynyñ hazynasy aklydyr.
Akmagyñda hazynasy-baylygy.
Akyl edinjek bol birneme senem,
Kowalap yôrme-de artyk aylygy.

Akmak ôwreder.
Atalaram rast aydyp geçipdir:
Akylly ôwrener,akmak ôwreder.
Akmagyñ eline ygtyyar berseñ,
Dùz ishiñem alaga-da çôwre eder.

Akyl bilen gôzellik.
Owadan gelinlik gôzlàp bir oglan,
Ençe obalary gezipdir bende.
Yadyna dùshmàndir yône bir ôwùt:
Gôzel toyda, akylly gùnde.

Edebiýat, Bibish tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir