Owal başda çirki dünýä
Saz bilen aldady meni;
Owadan geline meňzäp,
Näz bilen aldady meni.

Gapyl bolup, gaýnap daşdyk,
Şeýtanyň şerine gaçdyk,
Köp oýunly söwda duşduk,
Baz bilen aldady meni.

Peýda diýdiler zyýany,
Görkezip altyn kiýany,
Ýek eken soňy-paýany,
Söz bilen aldady meni.

Dünýä uly gyza meňzäp,
Görkezdiler ony bezäp,
Rahat bermän, saldy azap,
Ýüz bilen aldady meni.

Dünýä owal özün öwdi,
Tutaý diýsem, ýüzün sowdy,
Ýurtdan aýryp, Hywa kowdy,
Duz bilen aldady meni.

Bu mekana gonan göçdi,
Niçe çyra ýanyp öçdi,
Sansyz ýyllar gelip geçdi,
Ýaz bilen aldady meni.

Zelili, çekdik jebrini,
Görmedik oňat döwrüni,
Ýat eýletdirip Gürgeni,
Boz bilen aldady meni.

Zelili

Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir