Adamyň ähmiýeti, onuñ ýeten zadynda däl-de, eýsem ýetmek isleýän maksadyndadyr.
( Halyl Gibran )

2. Üstünlik gazanan adam, indiki maksadyny adatça soňky üstünliklerinden birneme öňe sürýär, ýöne kän däl. Şeýlelik bilen, islegleriniň derejesini yzygiderli ýokarlandyrýar.

( Kurt Lewin )

3. Iň gülkünç we biperwaý islegler käwagt aşa üstünlige alyp barýar.

( Wownarg )

4. Irden turup bilmek üçin düýş görmeli.

( Billy Wilder )

5. Durmuşyň betbagtlygy maksadyňa ýetilmänligiňde däl-de, ýetmek üçin maksadyň ýoklugyndadyr.

( Benjamin Maýs )

6. Maksatlar durmuşyň manysyny berýär.

( S.N. Parkhust )

7. Garyp adam – bir teňňesi bolmadyk däl-de, arzuwy bolmadyk adamdyr.

( Garry Kemp )

8. Diňe beýik adamlaryň maksatlary bardyr, galanlarynyň bolsa diňe islegleri.

( Waşington Irwing )

9. Adamyň hakyky gymmaty, onuň öňünde goýan maksadyndan ölçelýär.

Maksatsyz hiç zat edilmeli däl.

( Markus Aurelius )

10. Ösmek we ösüş ugruny bilmeklik bu durmuşda ähli güýjüň we ynamyň çeşmesidir.

( James Bailey )

11. Belli bir maksady bolmadyk ruh özüni ýitirýär.

( Mişel de Montaigne )

12. Bagtyňyzy yzarlaň. Ony tapyň we onuň yzyna düşmekden gorkmaň.

( Jozef Kempbell )

13. Ýadyňyzdan çykarmaň, adamlar yzyňyzda gürleseler, bu siziň iki ädim öňde durýandygyňyzy aňladýar!

( Fanny Baýdak )

14 . Kimdigimiz bolmak we bolup biläýjek zadymyz bolmak durmuşyň ýeke-täk maksadydyr.

( Baruk Spinoza )

15. Hemme zady etmek isleýän adam hiç wagt hiç zat etmez.

( Andre Mopua )

16. Maksadyňyz elýeterli däl, ýöne görünmeýän bolmaly.

( Anita de Frantz )

17. Biziň hemmämiz garymda, ýöne käbirlerimiz ýyldyzlara seredýäris.

( Oskar Waýld )

18. Serhetlerini giňeltmek baradaky egsilmez isleg degmese, durmuş az.

( Jose Ortega y Gasset )

19. Adamyň bahasy, islegleriniň bahasyndan ýokary däl.

Adamyň bagty: adama mahsus zatlary etmek.

( Markus Aurelius )

20. Köp adamda hakyky bagtyň nämedigi barada ýalňyş düşünje bar. Bu öz-özüňi kanagatlandyrmak bilen däl-de, mynasyp maksada wepalylyk bilen ýetmekdir.

( Helen Keller )

22. Üstünligiň syry maksadyň yzygiderliligidir.

( Benjamin Franklin )


Gazet maglumatlary

Edebiýat, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir