Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Madridiň "Realynyň" goragçysy Serhio Ramosyň ispan futbol klubundan gitjekdigi barada ýazýarlar. Bu barada "El Chiringuito" ýaýlymynyň žurnalisti Hosep Pedrerola salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.

"Ol gidýär. Esasy sorag onuň gitjekdigi we nirä gitjekdigi barada haçan mälim etjekdiginde" - diýip, Pedrerol belleýär.

Ramos 2005-nji ýyldan bäri Madridiň "Realynda" çykyş edip gelýär. Klubuň düzüminde ol dört gezek Çempionlar ligasynda, bäş gezek Ispaniýanyň çempionatynda, iki gezek ýurduň kubogynda, üç gezek UEFA-nyň Super kubogynda we dört gezek Klublaýyn dünýä çempionatynda ýeňiji boldy.
Ramosyň Madridiň "Realy" bilen şertnamasy 2021-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanýar.




çeşme: tmcars

Sport, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir