UEFA-nyň klub arasyndaky birinji derejeli bäsleşigi 1992-1993 möwsüminden bäri Çempionlar ligasy ady bilen geçirilip gelýär. Ýaryş diňe bir adyny üýtgetmän geçiriliş tertibini hem üýtgetdi. Şondan bäri futbol janköýerleriň iň sögüli futbol ýaryşyna öwrülen UEFA Çempionlar ligasynyň 29-njy möwsümi dowam edýär. UEFA şol 29 möwsümiň dowamynda 20 milliard ýewrodan gowrak pul paýlady. Bu barada Italiýanyň meşhur sport gazeti “Gazzetta Dello Sport” giňişleýin habar berýär. Şol paýlanyşykda iň köp paýy soňky çempion “Bawariýa” almagy başardy. Nemes topary 988,3 million ýewro bilen bu sanawda iň öňdäki orny eýeleýär. Şol 29 möwsümde 7 gezek kubogy eýelän “Real Madrid” topary “Bawariýadan” sähelçe az gazanyp, 982,6 million ýewro bilen 2-nji orunda barýar. Sanawyň 3-nji basgançagynda “Barselona” bolup, katalonlar 940,1 million ýewro paý alypdyrlar. 893,5 million ýewro bilen “Ýuwentus” 4-nji, 744,9 million ýewro alan “Mançester Ýunaýted” 5-nji ýeri eýeleýär.

UEFA Çempionlar ligasynyň iň köp pul gazanan 15 topary:

Bawariýa – 988,3 million ýewro

Real Madrid – 982,6 million ýewro

Barselona – 940,1 million ýewro

Ýuwentus – 893,5 million ýewro

Man. Ýunaýted – 744,9 million ýewro

Çelsi – 705,8 million ýewro

PSŽ – 628,8 million ýewro

Arsenal – 549,5 million ýewro

Man. Siti – 544,2 million ýewro

Liwerpul – 523,9 million ýewro

Atletiko Madrid – 505,1 million ýewro

Lion – 501,6 million ýewro

Borussiýa D – 483,7 million ýewro

Roma – 434 million ýewro

Porto – 411,7 million ýewro


Çeşme: zamanturkmenistan

Sport, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir