Adam niyetini hemishe duzuw tutmaly. " Niyetine gora taparsyn" diylip yone yerden aydylanok. Niyeti duzuw adamyn ishi hemishe rowac bolyar.
Bir adam lukmanyn yanyna gelip, bir tenne karz dilapdir. Lukman gashyny cytman, hyk-cok etman, ona dilan tennesini beripdir. Dilegci tennani alyp, iki bukulip, sag bolsun baryny aydyp, puly bolsa gyzyl duwuncege duwup, goltugyna salypdyr.
Gaydyp baryarka niyetini bozup, lukmana bergisini bermezligini maksat edinipdir. Oyune gelip kolegede oturanda bir garga onun gapdalyndaky gyzyl duwuncegi etdir oydup cunkune gysyp, sonam ony getirip, lukmanyn kolegesine gacyrypdyr.
Betniyet yene lukmanyn yanyna gelip, bir tenne karz dilapdir. Lukman hic zat soraman, ona yene dilan tennsini beripdir. Karz alan bergisini bermezligi gownune duwupdir. Shonun ucin gaydyp baryarka suwly yapdan bokende yanky tennani gacyrypdyr. Ony gozlap-gozlap tapman gidipdir. Lukman yabyn boyuna yuwunmaga gelse, bir tenne yalpyldap yatyrmysh. Lukman ony alyp, jubusine salypdyr.
Lukmanyn gonshusy ucunji gezek dileg bilen onun yanyna gelipdir. Lukman ona yene-de bir tenne beripdir. Emma entagem onun niyetinin duzelmandigi ucin, ol tennani bir gumluga gacyrypdyr. Muny hem lukman tapyp alypdyr. Dordunji gezek lukmanyn gonshusy dilege palini duzedip gelipdir. İcinden: " Lukman diyenlerinden artykmac adam eken, yene karz berse, derrew uzeyin" diyipdir. Lukman onun dordunji dileginem bitiripdir.
Lukmanyn gonshusy shol tenna sowda edip bashlapdyr welin, ishi show alypdyr. Tiz bayapdyr. Son bir gun lukmana dort tennani gaytaryp getiripdir. Lukman dine bir tennani alyp, ucusini yzyna gaytarypdyr-da:
-Ucusi mana on gowushdy-diyenmish.
Turkmen halky "Yagshy niyet-yarym dowlet" ya-da "Niyetine gora taparsyn" diyen parasatly pahimleri yone yerden doreden dal bolsa gerek. Aydylyshyna gora, niyetini duzuw tutan adamyn ishi hemishe rowac bolyar. 

Edebiýat, Korolewa tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir