Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Mowzugyň ady "Tm-da tazelikler?!" diýlip ýazylsa-da, men täzelikleri ýazjak bolup däl-de, bilýänlerden öwrenjek bolup ýazdym. Okap lapykeç bolaýmaň täzelik(ler) görüp bilmän :) Ýöne ýene-de Tm-dan gelen dostlarym we tel arkaly käbir habarlary eşidýärin. Ýene bir zat: öňem bu babatda mowzuk ýa-da mowzuklar açylan bolmagy mümkin, ýöne täzedenem bir ýazaýalyň, öwrenäýeliň diýen niýet bn täze mowzuk halynda açmak ilsedim, enşallah, höküwmet heläk edäýmez-le :) Şu wagda deňiç köne we täze täzeliklerden eşidenlerimiň sanawyny ilki özüm goýaýyn, soňam siziň goşantlaryňyza garaşýaryn bu babatda! Aşakda başlaýan onda!
Tm täzelikleri?!
-
ata
16 years ago
- Meň bilmeýänlerim:
1-) Pagta ýygym we welaýatlara görä netijesi;
2-) Häzirki howa maglumatlary;
3-) Uniwersitetleriň bu ýyl näçe talyp kabul edenligi;
4-) Tm-niň häzirki ykdysadyýeti we ş.m.
Sizem bilýän täzelikleriňizi ýazyberiň!
Sag boluň!
-
turkmenbalasy
16 years ago
- ata aga bäri ýaman iç gysgynç boldy. gaty görmäň menkileremä owerlik däl welin sizinkiler menkidenem erber. hemmesi däal yöne.gaýrat edip mowzuk açmak üçin mowzuk açmalyňlaý.menden gaty görmäň yöne.
-
turkmenbalasy
16 years ago
- ýazylan zatlar az yöne öz bolsa gowy dalmay kabirleme yaman uzyn yazya başyny başlap taşlayan.beyle bolmayarahow.form siteleri men bilşima göra gysga yöne berjek pikirinem beryan bolmalymyka diyyan hakkınızı helal edin eger bir yalnyşym bolan bolsa
-
garabekewul
16 years ago
- nemelayyy menem birje sorag sorasam bolyamy? a galyň nache boldyka shu wagt? a okuwly okuwsyz tapawut etyamika? gaty gorman yene,bu her bir kamillik yashyna yeten yigitleri gyzykzandyryan mesele diyip pikir etyan:)
-
ata
16 years ago
- ha-ha, galyň mowzugy bardy birnäçe, şol ýerde ýazmandyrlarmy :))
Eşidişime görä, welaýatlara görä üýtgeýär, emselem, çaklama arassa pul mukdary üçin ýerleriň sanawy:
1-) Aşgabat - 5000$;
2-) Mary - 4000$;
neme, hemme welaýatda-da şol 4000$ töweregi öýdýän, içindäki etrapdyr obalarda azyrak peselýän bolup biler, umuman. Bir-ä aýdypd-ow, kä obalarda/ýerlerde pul mukdary 10 mln manat diýip, az öz-ä, wiý, biz oglanlara gowy diýjek boldum :)
-
ata
16 years ago
- turkmenbalasy, men mowzuk açmak üçin mowzuk açamok, hakykatdanam, peýdaly bolar diýen niýet bn, ýa sorag hökmünde ýagdaýy öwrenmek üçin açýaryn!
Käbir dini mowzuklarymy görüp, "Içgysgynç ekeni" diýýän bolsaň, onda ýalňyşýarsyň. Sebäbi, dini mowzuklarda agzalaryň örän ünsli ýazmaklary gerekli, garamaty hem boýunlaryna bolýar eger hadys ýa aýat adyna säwlik etseler, şoň üçinem, ýazanlaryndan ýazmanlaryna has gowy görýärlermikä diýýän . A ,men bolsa terjime edip goýýan köplenç. Onsoň diňe okap geçýäler.
A durmuşa degişli mowzuklarymda, men, umuman, soňuna çenli durýaryn, agzalary gyzyklandyrjak, olardan ýazgy ýa-da ýazgylar aljak bolýaryn her edip hesip edip.
Sen öz mowzuklaryňda näme edýäň - biljek däl, häzir seredip göräýerin! Heşelle kakmak üçin däl, eger menden bu babatda has ökde bolsaň, men sendenem beter begenjek, Allah bar!
-
ata
16 years ago
- Sahypanyň gyzygynyň gaçmagy, agzalaryň dynç alyşda bolmagyna baglu uly möçberde.
Men yzly-yzyna birnäçe mowzuk açan bolup bilerin, has köp aşjak halyma, azyrak açýan entägem, günlere serpeýin, ýaýradaýyn diýip. Senem açypdyň yzly-yzyna birnäçe mowzuk.
Meň niýetim ýamanlamak ýa görüplik däl, açalyň mowzuklary, şol ýere agzalary çekmäge çalyşalyň, ýöne ahlak we syýasy taýdanam hetden aşmalyň beýle diýenim bn!
Ynha, gysgaça şulary aýtjakdym saňa!
-
ata
16 years ago
- Hä, ýene 1 zat:
Bärdäki ýazgylarym uzyn görünýän bolup biler, şeýle 1 uzyn hem däl maňa görä-hä, ýöne forumlarda ýazgylar gysga bolmaly diýen şert ýok, diňeje agzalaryň bu babatda ýaltanýanlygy aýan bolsa, onda gysgarak ýazylmagy ündelip biler, muňa men hem razy!
Ýöne bäri pikir alyşylýan sahypa, şonuň üçinem, ýazgy uzynlygyny bahana edýän agzalara düşünip bilemok. Hem pikir sahypasy, hem ýazgy uzynlygy ýa gysgalygy bahana - bular 1-1-ine tersiräk ýagdaý maňa görä!
-
ata
16 years ago
- mowzukdan daşyna çykdym, bagyşlaň!
Ýöne soraga jogap bermeli bolýar kä halatlarda!
Başga bir zat bolsa, turkmenbalasy, jinnek ýaly göwnüňe degmek niýetim ýok, eger degen bolsam, senden ötünç soraýaryn!
-
mc_merw
16 years ago
- Pagta
Awgustyň 23ine ilkinji ýygymlar başlapdyr. Başgada pagta tohumynyň gymmatlandygyny ýazýar. Süýüm (fiber, lif)hilli pes pagtanyň tonnasy 5,200 milýon manat, ýokary hilli bolsa 7,500 milýon manatlygy ýazylypdyr.
agrimarket.info sahypasynda bolsa şeýleräk ýazylanThe new price, set at $140 USD per tonne, will result in a 50 percent increase in farm profits, government officials said.
Birhilek ýazylan sanlar deň däl...
Biz ýalak daýhanlar 1$ üçin hem begenýär :)
-
nargilasha
16 years ago
- ata aga tm tezeliklerini koprek yazsanyz gaty gowy bolardy, hemem sizden sorajak zatlarym bar,londona nedip barsa bolarka okuw meselesi boyunca?scu hakda dolurak aydaysanyz gaty hoscal bolardym!
-
CeriumOxide
16 years ago
- meniň eşiden habarlarym.
bugdaýyň daýhandan alynyş nyrhy 600 manat/kg -dan 2000 manat/kg çykarylypdyr.
etrap we obalaryň ýollary oňarylýarmyşyn
maşyn gymmatlapdyr:(
etraplar arasynda awtobus reýsleri açyljakmyşyn we şol sebäpli täza owtubuslar alnypdyr.
onjuk musaýew basylypdyr!
-
Komendant
16 years ago
- Maşyn arzanlady. Öň pul üýtgände galypdy. Indi tamojny poşlinany ep-esli azaltdylar Maşynam arzanlady. Sebäbi pul üýtgände adamlar basga düşüp, her kim puluna bir zatlar aldy. Indi nagt pul azalansoň, alyjy az. Zadam arzan.
-
Achilles
16 years ago
- mashynyn galany chyn. rastamojka gayta gymmatlady. her mashyna 1000$ bermeli bolyar primerno, arzany.
onjuk musayew basylypdyr diyib-a eshidemok, yone dempartiyanyn 2nji sekretarlygyndan saglyk sebapli zararly ayrylypdyr diyip eshitdim.
etrap/obalaryn yollaryndan onerti mary-ashgabadyn yolyny onarmaly ekenleri.
-
Komendant
16 years ago
- Rastamojka öň 5% bolan bolsa, indi 2% boldy. 300-400$ bermeli, mashyna görä. Tazeje Jeep alsaň kopragem chykar elbetde.
Musayew 2-nji sekretar dal, 1-nji sekretardy. Yashy ep-eslä barandyr onun. Yeterlik ishledi.
-
nargilasha
16 years ago
- dascary yurtlara biletler gymmatlapdyr diyyarler scol cynmyka?
-
Achilles
16 years ago
- tochno nache % digini bilyan diysem yalanchy, yone on 5% bolan bolsa ol dollaryn onki kursundan shonun yalydy, a indi bolsa 14315 kursunden 2% bolyar. menine tanysh mashyn getirdenler 13 million 14million toledik diyyaler. diymek bir zady bardyr ugrunda...
-
ata
16 years ago
- täzelikler ýazylyp durar-la, enşallah.
ýokarda-da örän köp täzelik bar ekeni.
özüňizem ýazyp durarsyňyz-da:)
-
ata
16 years ago
- täzelikler ýazylyp durar-la, enşallah.
ýokarda-da örän köp täzelik bar ekeni.
özüňizem ýazyp durarsyňyz-da:)
-
ata
16 years ago
- daşary ýurtlara bilet bireýýäm gymmatlady, ýokarda-da ýazypdym öýdýän, aýratyn mowzuklaram açylypdy.
Ýokrda sag tarapda "talyplarda tap" diýen boşluga "biletler gymmatlapdyr" diýip gözledip gör, çykar birgiden netije
-
Komendant
16 years ago
- Bilimler günüňiz gutly bolsun!
-
ata
16 years ago
- tüwelem, şu baýram günlerini hem täzeden goýaýyn-la, gerek bolýar kämahal!
Minnetdar ýatladanyň üçin, komendant!
-
ata
16 years ago
- wiý, men hem gutlaýan :)
-
Komendant
16 years ago
- täze mekdepler açyldy. Uniwersitetiň täze korpusy açyldy. Şeýle gowy, owadan, hemme zat bar. Gymmat diýmeseň, söz ýok. Wagtyndan irräk okapsyňyz.
ata 16 years ago- 1-) 1 dolaryň bahasy häzirem 14 250 manat ekeni, ýöne täze manat eskizleriniň 2009-yň başynda ýöräp başlajagy we başga-da käbir sebäplere görä has hem düşjekmişin diýen myş hem bar ekeni.
2-) Tm-da şäherler we ülkeler arasy uçar biletleriniň bahalarynyň nyrhynyň galmagy( 4 aý öň asb-lon-asb biletiniň bahasy 330$-dy, indi 460$ bolupdyr, sebäbi, şol wagtlar 1$=19 800 manatdy, häzir bolsa 1$=14 250)
3-) Internet ulgamynyň Aşgabatda hyzmata başlamagy. Bu babatda www.turkmenpress.Com sahypasynda şeýle diýilýär:
,
4-) Her ýerde bolşy ýaly, Türkmenistanda-da dynç alyş wagtynyň gutarmagy sebäpli, basym täze okuw ýylyna başlanar;
5-)Beijing-däki dünýä olimpiýadalarynda hiç-hili orna mynasyp bolup bilmänligimiz (link:http://results.beijing2008.cn/WRM/ENG/INF/GL/95A/GL0000000.shtml )
6-) Dünýä bilim olimpiadalarynda ýaş talyplarymyzyň oňat orunlara mynasyp bolanlygy...