100 gül
Bir aşyk magşuklar bar eken. Ikinji jahan urşy başlanýar we ýigidi watan goragyna çagyrýarlar.
Ýigit gyza:
-Eger men sana uruşdan 100 sany roza gül ugratsam maňa garas, eger 99 sany gül ugratsam maňa garaşma diýdigimdir -diýýär.
Gyz hem munuňbilen razylaşýar. Bir ýyldan soňra gyza ýigitden hat we guller gelipdir. Gyz howlygyp gülleri sanamaga başlapdyr. Sanap görse güller 99 sany çykýar. Ýene-de sanaýar 99 çykýar. Gyz içi-içine sygman aglaýar. Haty bolsa okamaga ýüregi etmän şkafyna salyp goýýar. Iki hepdeden soňra bolsa kakasynyňdostuna durmuşa çykmaga razy bolýar.
Toý güni ýigit uruşdan gaýdyp gelýär we gyza:
-Näme uçin maňa garaşmadyň diýse gyz aglap şeýle jogap berýär.
-Güller 99 sany eken.
Ýigit:
-Aýtsana haty okadyňmy?
Gyz:
-Ýok, okamaga ýüregim etmedi.
Ýigit:
-Bagtly bol ezizim, ýöne haty okap gör -diýýär.
Gyz oýüne baryp haty açyp okap görse onda şeýle sözler bardy:
"100-NJI GÜLÜM SENSIŇ!"

kitaphana.net

Edebiýat, loveee_@ tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir