Şahyryň goşgy okaýşy hakda ýene bir ýatlama

Ahmet Gurbannepesow “Şahyryň goşgy okaýşy hakda ýene bir ýatlama” (G. Ezizow barada)
Gürrüňi ediljek goşgynyň haçanyrak ýazylandygyny biljek bolup, Gurbannazar Ezizowyň çap edilen eserleriniň bibliografik görkezijisine-de seredip çykdym. Emma onuň haçan çap edilendigi baradaky maglumat onda ýok eken. Ýöne onuň rus dilindäki terjimesiniň 1970-nji ýylda W. Sybin tarapyndan terjime edilip, «Molodaýa gwardiýa» žurnalynyň dördinji nomerinde çap edilendigi bibliografik görkeziji-de görkezilipdir. Onuň türkmençesem, megerem, altmyşynjy ýyllaryň ahyrlarynda çap edilen bolmaly, diýmek, şol döwürlerde-de ýazylan bolsa gerek.
Şol döwürlerde Türkmenistanyň Ýazyjylar soýuzynyň ýanynda «Ýaş ýazyjynyň güni» diýen bir edebi üýşmeleň geçirilerdi. Ony şol mahallar Ýazyjylar soýuzynyň edebi konsultanty bolup işleýän, ýazyjy Gurbandurdy Gurbansähedow gurardy. Bu gün adatça, çarşenbe güni öýleden soň geçirilerdi hem-de oňa Türkmenistanyň belli ýazyjylary gatnaşardylar we ýaşlara maslahat bererdiler. Indi seredip otursam, bu edebi üýşmeleň hem ýaş döredijiler üçin özboluşly mekdep bolupdyr. Ýaşlar ýazyjynyň gününe gelmek bilen uly ýazyjy-şahyrlaryň maslahatlaryny diňleýärdiler, özara tanyşýardylar, dostlaşýardylar, biri-birleriniň döredijiliginiň nähiliräkdigini, kimiň haýsy hörpden gopýandygyny aýyl-saýyl edýärdiler. Ynha, indi edebiýat meýdanyna göz aýlaýarsyň welin, häzir pylany diýlip ady tutulýan ýazyjy-şahyrlaryň köpüsi şol «ýazyjynyň gününde» goşgy okan ýaşlar bolup dur.
Gurbannazar Ezizow ol mahallar edebiýatçylaryň meşhur gazeti bolan «Edebiýat we sungatda» poeziýa bölüminiň müdiri bolup işleýärdi. Ol okalan goşgularyň gowy diýlip hasap edilenlerini soňra gazetde çap edýärdi. Men ol döwürde «Ýaş kommunist» gazetiniň propaganda we agitasiýa bölüminde işleýärdim. Goşgularym respublikan gazetlerde çap edilýärdi. Köňüldäki şahyrana göçgünlilik maňa: «Senem indi Gurbannazarçarak ýazyp biljek» diýip pyşyrdaýardy. Men muňa ynanmanam duramakdym.
Hawa, «Ýazyjynyň güni» dowam edýärdi. Öňde Gurbandurdy Gurbansähedow, Gurbannazar Ezizow, Mämmet Seýidow dagynyň oturanyny bilýän. Zalda başga-da ýazyjy-şahyrlar, gazet işgärleri köpdi.Olaryň arasynda Italmaz Nuryýewem bardy. Ýaşlaryň çykyş etjekleri çykyş edip saýpallandan soň, Gurbandurdy Gurbansähedow garaşylmadyk teklibi orta atdy.
– Mämmet diýýän-ä, (ol Mämmet Seýidowa ýüzlenýärdi) ýaşlaryň eserlerin-ä diňledik. Oňatja goşgulary bar eken. Indi şu «men şahyr» diýip, döşlerine kakyp ýören şahyrlarymyz bar, (ol bu sözleri oýunlyga salyp aýdýardy) şolaram diňläp göräýsek nähili bolarka? Soňky döwürde şularyň sesinem eşidip bolanok. Men Gurbannazardyr Italmazyň hersiniň bir goşgy okap bermegini haýyş edäýjek bolýan.Ýaşlaram diňlesin, bizem diňläli. Goý, şahyrdyklaryny görkezsinler. Neneň görýäň?
Mämmet Seýidow hem oýunlyga salyp bir zatlar diýip, teklip bilen ylalaşdy. Goşgy okamagy ilki bilen Gurbannazardan haýyş etdiler. Ol prezidiumda çap etmek üçin alnyp galynan goşgulary öňünde üýşürip, öňündäki ak kagyza bir zatlar bellik edip otyrdy. Teklip duýdansyz bolanlygy üçin ol ýerinden turup biraz oýurgandy. Soňra bolsa prezidiumdan düşüp, zalyň gaýra başyndaky penjiräniň öňüne baryp, gollaryny gowşuryp az salym uzaklara seredip durdy-da:
– Täzeräk ýazan goşgularymyň birini okap beräýeýin — diýdi.
– Goşgyň ady näme? — diýip, Gurbansähedow sorady.
– Heniz-ä at goýamok.
Gurbandurdy aga oýunlyga salga, ýene Mämmet Seýidowa ýüzlendi.
– Mämmet men-ä şu ýaşlara haýran galýan. Gowy-gowy goşgular ýazýarlar-da şolara at dakmany oňaranoklar. Men-ä haýran. Her niçigem bolsa bu zatlar senden ýeten ýoň bolsa gerek.
Gurbansähedow Mämmet Seýidowyň şol döwürlerde ýazan ajaýyp sekizlemelerini (olaram atsyzdy) göz öňünde tutup bu sözleri diýýärdi.
–   Hany, goşgusyny okasyn bakaly, göwnümiz ýetmese, baý oňa at dakarys-a! — diýip, Mämmet aga özüne mahsus ýitilik bilen jogap gaýtardy.
Ara düşen böwşeňlikden kemsiz peýdalanyp, özüni dürsän Gurbannazar goşgy okamaga girişdi. Ol şonda «Maňa seniň gözleriňden gitme ýok» diýen setirler bilen başlanýan goşgusyny okapdy. Bu meşhur goşga soňra ajaýyp kompozitorymyz Nury Halmämmedow saz ýazypdy we döwrümiziň taýsyz aýdymçylarynyň biri Atageldi Garýagdyýew ony aýdym edip aýdypdy.
Bu goşgy hemişe mana Çingiz Aýtmadowyň «Jemile» powestindäki bir epizody ýadyma salýar. Ol Daniýaryň purgun sürip barşyna Jemilä aýdyp berýän aýdymydy. Gijara, gazak sährasyna ýaýylyp giden çol aýdymy Çingiz Aýtmadow şeýle bir ussatlyk bilen ýazypdyr welin, onuň owazy gulagyňa gelip duran ýaly bolup dur. Gurbannazaryň bu goşgusy hem näme üçindir ýaňlanyp duran ýaly täsir galdyrýardy. Goşguda göräýmäge türkmençe däl ýaly bolup eşidilýän «gitme ýok» diýen söz düzüminiň geňräkligini goşgynyň bütin durkundan gelip çykýan joşgunly, päkize, wepadar duýgy basmarlap, gaýta ony goşgyny bezeýän ýaly edip görkezýärdi.
Maňa —
seniň gözleriňden gitme ýok.
Maňa —
seniň sözleriňden gitme ýok.
Düşün, bu dünýede soňky güne çen
Seniň şatlyk hem gussaňa kaýyl men.
Seniň ýüpek gijeleňden gitme ýok,
Seniň aýdyň gündizleňden gitme ýok…
Üstesine-de goşgynyň okgunlylygy (tempi) gitdigiçe ösýärdi, özünden başga zat barada pikir etmäge maý bermeýärdi. Megerem, şu ýagdaý ol bir gezek okalanda hemişelik ýadymda galmagyna sebäp bolan bolsa gerek. Bu goşguda şahyr Ezizowyň döredijiliginiň söýgi lirikasynda hiç bir türkmen şahyrynyň şu mahala çenli söýgi temasyndan ýazan şygryna meňzemeýän, juda özboluşly, çeper goşgyny we giň gözýetimli liriki gahrymany görse bolýar. Ol däp bolan, käbir derejede ýürege düşen «ýandym», «köýdüm», «öldüm ýar»… diýen ýaly lejikdiren zatlardan has ajaýypdy… Goşgy soňky küplete çenli ösýärdi, soňra birhili rahatlanan ýaly, düzlükden gidip barşyna, az-kem pese inen ýalyrak bolup tamamlanýardy:
Zemin aýlanyp dur.
Oňatlyk örän!
Hiç bir güýje oň ýoluny tutma ýok.
Dünýäň her gülünde men seni görýän,
Şonuň üçin bu dünýeden gitme ýok.
Bu ýagdaý barha hyjywlanyp, inçelip, üzülip barýan duýgulary birneme kadalaşdyrýardy, uludan demiňi aldyrýardy. Az-kem rahatlyk berýärdi. Bu çaklar Ezizowyň döredijiliginiň gülläp ösýän döwürleridi. Öň ol ähli pikirlerini, duýgularyny goşgynyň soňky küpletinde jemleýän bolsa, indi ol her setir saýy pikiri, duýgyny ösdürmek isleýärdi. Hatda setirleriň arasyndanam okamaga zat tapylýardy. Pikirini mümkingadar çugdam, az söz bilen bermäge çalyşýardy. Bu onuň okyja, poeziýa hormatynyň hem ussatlygynyň alamatydy…
Ussatlarça okalan goşgy tamamlandy. Ony dym-dyrs bolup diňlän zal henizem jadylanan ýaly dymyp otyrdy. Gurbansähedow: «Neneň gördüňiz?» Goşgyny şeýleräk ýazarlar!» diýýän ýaly, göýä Gurbannazaryň ajaýyp goşgusynyň üsti bilen ýaşlara oňat sapak berip bilenine begenýän ýaly keýpi-köklik bilen bize göz aýlaýardy. Mämmet aga bolsa adaty degişgenligi bilen:
– Heý, bular ýaly goşga-da at dakyp bolarmy?! — diýip, bälçireýärdi.
Meniň kalbymdaky özüme göwniýetijilik duman ýaly syrylyp: «Gurbannazaryň yzyndan ýetjek bolsaň, entekler çorba sowatmaly boljag-ow» diýip, içimi gürledýärdim.
Gurbannazardan soň, Italmaz Nuryýew: «Atalar ýaş ölýär…» diýen goşgusyny okady. Bü-de örän gowy goşgudy. Umuman, şol gün bu iki şahyr ýaş galamdaşlaryna — bize özleriniň ýöne ýere orta çykmandyklaryny görkezdiler. Ol goşgular henizem kalbymda ýaňlanyp dur.
Çeşme: www.enedilim.com

Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir