Alymlar kofe içgisi ýürek keselleriniň döremek ähtimallygyny we töwekgelçiligini azaldýar diýen netijä geldiler. Bu barada ferra.ru habar berdi.
Framingham Heart we Cardiovascular Health maksatnamalarynyň barlaglaryna görä, günde bir gezek kofe içen adamlar onýyllyklaryň dowamynda ýürekde kemçiligiň döremek howpuny 5-12 göterim azaltdylar. Şol bir wagtyň özünde, başga bir barlaglar kofe içmek endigi bolmadyk adamlarda we günde bir gezek kofe içýänlerde ýürek ýetmezçiliginiň töwekgelçiliginiň deňdigini, ýöne günde 2 gezekden köp içenlerde töwekgelçiligiň 30% azalandygyny ýüze çykardy.
“Barlaglar kofe içmegiň ýürekde kemçiligiň döremek howpunyň peselmegi bilen baglanyşyklydygyny hem-de şeker, süýt we krem ýaly ýagly önümler goşulmasa, kofeniň sagdyn iýmit bolup biljekdigini görkezýär"-diýip, Amerikan karfiologik assosiasiýasynyň durmuş ýörelgesi we kardiometabolik saglyk geňeşiniň Dolandyryş komitetiniň öňki ýolbaşçysy Penni M. Kris-Eterton aýtdy.
çeşme: tmcars
Alymlar: Kofe ýürek ýetmezçiliginden goraýar
-
DeatH
3 years ago
- like
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- men kofe ichemoga indi nam etmeli mana peydaly eken bolmasa((
loveee_@ 3 years ago- ++++