Angliýanyň FA Kubogynda 1/8 finalda “Mançester Siti” topary myhmançylykda “Swansi Siti” toparyny 3–1 ýeňdi. Mançester şäheriniň wekiline ýeňiş getiren gollary Wolker (30), Sterling (47) hem-de Gabriel Žesus (50) derwezä girizdi. Bu ýeňiş “Mançester Sitini” ähli ýaryşlardaky yzly-yzyna 15-nji ýeňşi bolup, Angliýadan mundan öň hiç bir topara şeýle netije görkezmek başartmandy. Galyberse-de, Pep Guardiola “Mançester Sitidäki” 200-nji ýeňşini gazandy (268 oýun).

Angliýanyň FA Kubogynda 1/8 finalyň duşuşyklary şu günki “Wulwerhempton”–“Southempton” hem-de “Barnsli”–“Çelsi” oýunlaryndan soň tamamlanar.

çeşme: zamanturkmenistan

Sport, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir