Fransiýanyň çempionatynda “Nant” topary tälimçisi Raýmond Domenegi wezipesinden boşatdy. 69 ýaşyndaky tejribeli tälimçi geçen ýylyň dekabr aýynyň ahyrlaryna wezipä bellenipdi. Ol 8 oýunda toparyna ýeke gezek hem ýeňiş gazandyryp bilmedi. “Nant” onuň ýolbaşçylygynda 4 oýunda deňme-deň bolup, 4 duşuşykda-da ýeňlişe sezewar boldy.

2004-2010-njy ýyllarda Fransiýanyň ýygyndysyna tälim beren Domenek “Nant” bile şertnama baglaşýança 10 ýyllap ýeke topara-da tälimçilik etmändi. Domenegiň ornuna “Nantyň” täze tälimçisi Antuan Kombuare bolar.


çeşme: zamanturkmenistan

Sport, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir