“Expanscape” kompaniýasy birbada ýedi ekran bilen enjamlaşdyrylan futuristik noutbuk döretdi. Noutbuk “Aurora 7” diýlip atlandyrylýar diýip, smotrim.ru habar berdi.

Agramy 12 kilograma deň bolan bu noutbugy dyzyňda goýup ulanmak kyn. Şeýle bolansoň, oňa noutbuk däl-de, iş stoly diýmek has dogry bolar.
“Gizmodo”-nyň ýazmagyna görä, “Aurora 7”-de esasy displeýiň gapdalynda diagonaly 17,3 dýuým bolan we 4K durulykly iki sany dik ekran bar, olaryň hersiniň ýokarsynda goşmaça 7 dýuýmlyk panel bar. Ýene bir doly ölçegli ekran esasy ekranyň üstünde we sensorly kiçi ýedinji ekran klawiaturanyň aşagynda ýerleşýär.
Rekord sanly ekranda şekilleriň görkezilişi Nvidia GeForce GTX 1060 grafiki tizlendirijisi tarapyndan üpjün edilýär. Şeýle hem kompýuter 64 Gb RAM-ly Intel Core i9-9900K prosessory bilen işleýär.
Häzirki wagtda “Aurora 7”-niň prototipi uçarda alyp gitmäge rugsat berilýän çäkden ýokary bolan goşmaça 148 wattlyk batareýa bilen işleýär. Şeýle-de bolsa, işläp düzüjiler bu ýetmezçiligi aradan aýyrmaga çalyşjakdyklaryna söz berýärler.

Tehnologiýa, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir