Eger siz bir şäheriň häkimi bolsaňyz ol şaheri ösdürmek üçin nämeler ederdiňiz! Ýa da öz ýaşaýan şäheriňiz gözelleşmegi we ösmegi üçin kelläňizde nähili pikirleriňiz bar!?
Häkim bolsadyňyz!
-
Maxat
16 years ago
- ekip bilen yerime bag ekip çykardym, esasan uzyn agaçlar, suwyny yerasty suwlardan alyp biljek agaçlar
bizin topraklarymyzyn köpüsi çöl bolanson eger agaç eksek yagyşyn köp yagmagyna-da sebap bolup biler, men ön bu pikiri kan goldammokdym welin goldamazça-da dal, meselem agaç kan ekilse olar kökleri bn yer-asty suwlaryndan peydalansalar we agaçlaryn derlemekleri bn howada çyglyk meydana gelya we ondanam bulutlar, yagyşlr emele geler, agaçlaryn aşagyndaky kölegelerde yaşajyk otlar gögerer, çöl giden baglyga öwrülüp biler...
ps: birazajyk ependin bergisini üzme planyna menzedam öytyan))
-
Maxat
16 years ago
- birem agaç ekmeklige iterlip bilner, her hojalygyn köçanin ugruna ya howlysyna belli bir standartlara göra agaç ekmek şerti goylup bilner, şonun yaly hökümet edaralarynda-da,
birem dine gara-agaç, tal zat ekilip yörülman, türkmenistanyn şertlerine göra daşary yurtlardanam bolsa has amatly sortlar getirilip şolar yörüte plantasiyarda yetişdirilip ekilse
-
ultimatum
16 years ago
Bir emeli köl gazdyrardym, töweregi tebigi taýdan owadan bolan kölde balyk öndürderdim, garagum kanalyndan eklenýän köl kanalyň suwyny durylansoň şaheriň içinden akýan kanaljykdan duryja suw akdyrdardym, we kanaljygyň gyralaryny betonladyp öwadanja parklar gurdurardym.
Bu pikirine gosulamok mena. Emeli zatlan omri gysga bolyar. Tembolye kolin gurbagalardan dolyar. Asgabatda bara hana taze gurlan kanaljyk :D hezil beryar tuweleme :D
Dykkat eden bolsaňyz ösen şäherleriň içinden ýa suw akýar ýa-da olar deňiziň gyrasynda bolýar.
Olaryn kopisi tebigy deryalar yada koller. Onsanam ol saherlere menzejek bolup na gara gorgin. Her saherin oz ayratynlyklary bar.
Londan dag yasadymy Ashgabatda bar diyip :D
-
CeriumOxide
16 years ago
Emeli zatlan omri gysga bolyar.
Meniň köl diýýänim "howuzhan" ýaly zat!
içine akarsuw girip çykýan köl.
Onsanam ol saherlere menzejek bolup na gara gorgin
Şäheri "olar" ýaly edip bolsa arman ýokla, ýöne men ol şäherlere menzejetmeli diýmedim, diňe mysal berdim.
Londan dag yasadymy Ashgabatda bar diyip
ay bolyada...
-
CeriumOxide
16 years ago
- eger baýram-alynyň häkimi bolsadym, ýol edaraň boş ýatan işgärlerine bazardan soltan-sanjara gitýän ýoly täzelederdim
-
CeriumOxide
16 years ago
birem agaç ekmeklige iterlip bilner
Agaç ekilýälaý, ýöne ýalňyş agaçlar ekilýän bolaýmasa, köpüsi guraýar.
Ýadyňa düşýämi, "öteki zaman fizik topluluğu" :D, mekdebiň arkasyna agaç ekipdik, emma hemmesi gurap gitdi :P
ony halka etdirip bolmazla, bilýän adamlara pully etdirmeli.
biziň mekdebimiziň töweregi ýylyň 365 güni gar ýagan ýaly bolup durýady, gaty şordy, hemme ýer ap-ak bolup durdy, agaç ekseňem gurap gitýädi.
Emma mekdebe täze bir direktor gelipdi we bagbanlary gowy işledip, özi hem işläp mekdebi tokaýlyga öwürdi. Şol ýeriň şolar ýaly boljagyny hiç haçan gözegime getirip bilmezdim.
bilýän adam gerek.
-
seryozniy
16 years ago
- Şäherimizi baglar yaly bezejek, klimaty üýtgetjek, salkynlaşdyrjak yaly arzuvlary köp kişi etýändir. Soňrada häkim diňe şäheriň ovadalygyna dälde dövlet ýerlerinde işleýänleriň bilimini artdyrmak üçin, ösen ýurtlara stajirovka iberip dursa, iş usatlar köpelerdi.
-
mc_merw
16 years ago
- CeriumOxide
Şol ağaçlar guran soň, men bir bagbanyň ýanyna barip nesihat aldym. Soňky hepde mekdebe 200 nahal alyp bardym. Beden sapagynda şolary ekip çykdyk (girişdäki ýoluň gyrasyna, stoyankaň ýanyna, ...), garaz şol agaçlar şor diýmän, gün diýmän ulaldy. Yzyny hem diýýän direktoryň alyp çykandyrda :)
-
Achilles
16 years ago
- bttm-liler cyndanam ol shor meydanda indi bag osyarmi? :)
yorunja ekilmegini tavsiye etjekdim. sebabi yorunjany ekip yashka yygsan duzy alyar. proje yaryshmsynda 3-nji bolan proje. 1996-da.
emeli köl gowy pikr. eygerip bolsa. melih gokcek, ankaran hakimi, ana shol ankara'da gölcük'ü gurdurdy. owadan shu wagt shol yerler. hatda shol kol'un toweregindaki jaylaryn bahasy shu wagt 25-30 esse gymmatlapdyr.
yone bi zatlary etmek ucin, "eday" diyilmegem gerek. yhlasam gerek.
-
Maxat
16 years ago
Ýadyňa düşýämi, "öteki zaman fizik topluluğu" , mekdebiň arkasyna agaç ekipdik, emma hemmesi gurap gitdi
hawalay, ekilşikden ön 1 stakan limonat paylap aldapdy meşhur "Ahmet Kötil" mollymymyz))
-
mc_merw
16 years ago
- inede şu wagtlaryň suratlary
-
CeriumOxide
16 years ago
hawalay, ekilşikden ön 1 stakan limonat paylap aldapdy meşhur "Ahmet Kötil" mollymymyz))
Ahmet Katilmi :D
Myrat aga! şol suw çüwdüriminiň ýeri ýadyňa düşýämi :D:P
-
mc_merw
16 years ago
- CeriumOxide
ýatlatma...
Aşyr mollum aýtýady "Näme üçin stena hat ýazýaňyz !? Eger ýazjak bolsaňyz sende, mende, ejeňde ýok zady ýaz!".
-
hoshowaz
16 years ago
- men shaher hakimi bolaysam shu iki mesela ilkinji garardym.
1. suw tapmak yagny bagy-bossanlyga owurmek,
2. shaheri asfaltlatmak,
sonra bolsa:
3. shaherin arassachylygy,
4. shaheri yagtylandyrmak,
5. shaherin ichinde yerleshyan zawod-fabrikleri shaherin dashyna, yyga tarapyna(gunortasyna) gochurmek,
6. sherin ichinde kopchulik awtoulaglaryny gatnatmak(yone her yerine gider yaly we elyeterli(iki tarap uchinem),
7. belli belli yerlere bazarlar gurmak we muna gozegchilik etmek(hemme taraplayyn, satylyan harytlaryn hiline, nyrhlaryna we bazaryn arassachylygyna),
8. chagalar uchin yorite parklar gurdurmak,
9. sheyle hem awtoulag parklary gurdurmak,
10. we sh.m.
-
ultimatum
16 years ago
- Ay sizem aytmaly diyseler gozini cykaryanyzay. Siz giň ýeriň gurrini etyaniz :D Meselem şu asfaltyn 1 km.i 1.000.000 dollara golaylayar. Bu zatlar dilde aňsat...:D
-
ata
16 years ago
- hany, onda hoshowazy häkim saýlaýalyň :)
Gowja teklipler ýazan ekeniň bolsa-da, ýöne onuň üçin mümkinçilik ýeterlik bolarmyka - kim biler?! Iň azyndan niýetiň we planyň-a gowy ekeni, berekellah! Biribar hem rowa görsün-dä şu ýagdaýy sebäp-sebäpkär hökmünde.
-
ata
16 years ago
- ýokarda b-aly ttm-niň irräkki we soňrakky halynyň suratlary bar ekeni. mç_merw bn bir ýylda biz şo mekdebe barypdyk, ýagny, täze binasyna. şonda şordan ýaňa ap-akdy daş töweregi. şol şor gumlary kamazlap daşap, ýerine bereketli toprak getirip, iş edindipdiler, ynha, indem netijesini alýalar.
örän gowy bolupdyr.
mekdebiň häkimi hökmünde kim etdikä bu işleri :)
Aşyr mugallymyň geň-enaýy sözleri bardy. Şol çeşmejigiň(fontan) ýerinde hajathana bardy. tämiz ulanmaýanlara duýduryş berende:"...merkeziňizi merkezine tutup oturyň, daşyny hapalap ýörmän..." diýipdi:)
Aşyr mollum zabun tutýady, gowam täsiri bolandyr köp tarapdan...
-
CeriumOxide
16 years ago
- Türkmenpress-iň aýtmagyna görä,
Öňümizdäki günlerde 3 milllion nahal oturdyljak.
CeriumOxide 16 years ago- Men Mary şäheriniň häkimi bolsadym!
Bir emeli köl gazdyrardym, töweregi tebigi taýdan owadan bolan kölde balyk öndürderdim, garagum kanalyndan eklenýän köl kanalyň suwyny durylansoň şaheriň içinden akýan kanaljykdan duryja suw akdyrdardym, we kanaljygyň gyralaryny betonladyp öwadanja parklar gurdurardym.
Dykkat eden bolsaňyz ösen şäherleriň içinden ýa suw akýar ýa-da olar deňiziň gyrasynda bolýar.
Şeýlelik bilen halk üçin arassa, dury içilýän suw dörederdim