1)Okuwa ýaňy başlan çaga tasanjyrap ejesiniň ýanyna barypdyr.

– Näme boldy, Ahmet jan?

– Biziň mugallymymyz-a hiç zadam bilenok!

– O nähili hiç zat bilenok?

– Çynymy aýdýan, eje! Hemme zady bizden soraýar…

2)Bir çagaly maşgala kireýine ýaşar ýaly jaý gözläpdir. Öý eýesi goh-galmagal bolar diýip, olara jaýyny bermek islemändir:
– Men jaýymy çagaly maşgala berjek däl.
Oglanjyk ýyrş-ýyrş edipdir-de, öý eýesine şeý diýipdir:
– Bolýar onda, siz jaýyňyzy maňa beräýiň. Ejem bilen kakamam meniň bilen ýaşar-da…

3)Gije balkonda kofe içip durun. Aşakda “mýau-mýau” diýip birnäçe gezek ses eşidildi.. Gel menem jogap bereýin diýdim:

Men: -Mýau-Mýau

Men: -Mýau-Mýau

Men: -Mýau

-Aý dost, bes etsene, men pişigimi gözleýän bulaşdyrmasanahow.


4)Eý, eştýäňmi, özgäniň bagtyna el degirme?

-Näme?

-Eliňi aýyr şekoladymdan diýýän saňa.


5)Düýn mekdepdäki bäşlikçi klasdaşyma duş geldim. Ol bir edarada başlygyň sekretary bolup işleýär. Onuň üstünden gülüp-gülüüüp tas şwabram bilen bedremdäki suwymy döküpdim.

6)Gorkýan zadyňyz başyňyza geler diýýärler. Men Çehow köçedäki elitka jaýdan, Mercedesden we iň soňky çykan “Iphone” telefondan gorkýan.

7)Egerde bir adam size ýamanlyk etse, giň boluň, oňa süýji beriň. Ýene ýamanlyk etse, ýene süýji, şekolat beriň. Ýene ýamanlyk etse, ýene-de süýji beriň. Goý süýji (сахар) kesel tutup ölsün.

Toplan gysgaça degişmelerim

Sorag-jogap, loveee_@ tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir