Ispaniýanyň çempionatynda 22-nji tapgyryň jemleýji oýnunda sanawyň lideri “Atletiko Madrid” öz meýdançasynda “Selta” bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýun 2-2 hasabynda deňlikde tamamlandy. Bir oýny kem 8 utuk aratapawudy bilen öňde barýan “Atletikonyň” gollarynyň ikisini hem Luis Suares derwezä girizdi. Bu onuň şu topardaky 15-16-njy gollary boldy. Ol bu görkezijä 17 duşuşykda ýetmegi başardy. Şeýlelikde, urugwaýly futbolçy XXI asyrda “La Ligada” täze topardaky ilkinji möwsüminde 16 gola iň çalt wagtda ýeten oýunçy hökmünde tassyklandy. Bu ugurda ozalky rekord Kristiano Ronaldo degişli bolup, ol 2009-2010 möwsüminde 17 oýunda 15 gol geçiripdi.

Sport, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir