Amerikanyň ýaşaýjysy welosipediň we berhiziň kömegi bilen 208 kg horlandy

Amerikanyň ýaşaýjysy welosipediň we berhiziň kömegi bilen 208 kg horlandy
Günorta Kaliforniýanyň 33 ýaşly ýaşaýjysy Jared Barger welosipediň we berhiziň kömegi bilen 208 kilogram horlanmagy başardy. Mundan ozal lukmanlar 301 kilogram agramly Jarede semizligi diňe operasiýa arkaly ýeňip boljakdygyny aýdypdylar. Bu barada championat.com habar berýär.

Galkan şekilli mäzinden ejir çekýän Jared lukmanlaryň bu sözünden soň keseli bilen özbaşdak göreşmegi ýüregine düwüp, az uglerodly berhiz tutup başlapdyr. Ol emeli süýjüdirijilerden we şekerden ýüz öwrüpdir.

"Biz öz bedenimizi gerekmejek zatlardan doldurýarys"-diýip, Jared belleýär. Ol uly hujyw bilen saklaýan berk berhiziniň kömegi bilen ilkinji 136 kg agramyny aýyrmagy başardy.

Barger çagalykdan bäri welosiped sürüp görmändir. Ol artykmaç agramyny aýyrmak üçin täze welosiped sürüp başlapdyr. Her gün, hatda ýagyşly günlerde hem 40-50 kilometr ýol geçipdir. Ol hatda soňabaka welosiped sürmäge endik edendigini belleýär. Welosiped sürmek we dogry iýmitlenmegi utgaşdyrmak bilen, ol ýene 93 kilograma çenli horlanmagy başardy.
Şeýle-de bolsa, Jarediň artykmaç derini aýyrmak üçin geljekde operasiýa edilmegi ähtimal diýip, çeşme belleýär.

Täzelikler, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir