Bir garyp derwüş, obada gidip barýarka, ýadap bir naharhanañ agzynda durýar. Puly bolmansoñ nahar bişirilip duran gazanyñ ýanyna barýar-da, soñky gatap galan döwüm çöregini naharyñ buguna (tüssesine) tutup, az-owlak ýumşadyp iýýär. Muny gören naharhanañ eýesi şol ýerde derwüşiñ üstüne gygyrýar:
- Sen meniñ naharymyñ bugunyñ hakyny töle - diýýär.
Derwüş pulunyñ ýokdugyny aýdýar. Şeýlelikde naharhanañ eýesi derwüşi şol wagt kazy wezipede bolan Ependiñ ýanyna alyp gidip, arz edýär. Dawagär bolan wakany gürrüñ bereninden soñ:
- Naharymyñ bugunyñ hakyny tölesin.- diýip öz talabyny aýdýar. Ependi oturan ýerinden turup dawagäriñ ýanyna baryp, teññeli kisesini çykaryp gulagynyñ ýanynda şakyrdatýar. Soñra bolsa ýene ýerine geçip oturýar. Hiç zada düşünmedik dawagär "Düşünmedim! Siz näme etdiñiz şu wagt?" diýip soranda Ependi:
- Hasaplaşdyñyz! NAHARYÑ BUGUNYÑ HAKY TEÑÑÄNIÑ SESIDIR.
Nahar bugynyñ haky
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Ine adalatly chozgut. Yetirenine minnetdar!
Ahmedik_97 3 years ago- Ine adalatly chozgut. Yetirenine minnetdar!