“UANL Tigres” Klublaýyn dünýä çempionatynyň ýarym finalyna çykdy. Meksikalylar “Ulsan Hýonde” bilen duşuşyp, 2-1 hasabynda ýeňiş gazandylar.

Günorta Koreýanyň kluby hasaby ilki açdy. 24-nji minutda Kim Ki Hi pökgini geçirdi. “UANL Tigres” 38-nji minutda gol girizdi, goşmaça bäşinji minutda bolsa Andre-Pýer Žinýak hasaby 2-1 etdi.
“UANL Tigres” ýarym finalda “Palmeýras” bilen oýnar. Duşuşyk 7-nji fewralda geçer. Beýleki bir ýarym finalda Kataryň «Al-Duhail» klubyny ýeňen Müsüriň «Al-Ahli» kluby “Bawariýa” bilen duşuşar. Final we üçünji orun üçin oýun 11-nji fewralda geçiriler.
Turniriň häzirki ýeňijisi Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi iňlis “Liwerpulydyr”. Katar Klublaýyn dünýä çempionatyny yzygider ikinji ýyl kabul edýär, indiki gezek turnir dekabr aýynda Ýaponiýada geçer.



çeşme: tmcars

Sport, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir