Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Men soňky wagtlar käbir zat bilen gyzyklanýaryn: 1- Türkmenistanda bir iş/söwda/biznes gurmak üçin näme şertler/resminamalar gerekli?! 2- Daşary ýurtdan bir şereket bilen şärikleşip, şereket açmak üçin näme şertler/resminamalar gerekli?! Şol daşary ýurtly biznes eýesiniň wiza ýagdaýy nähili bolmaly?! 3- Ýokardakylar bolaýan ýagdaýynda, döwletimize aýda/ýylda näçe mukdarda salgyt tölemeli?! 4- Bular üçin döwletmiziň haýsy jogapkär guramasyna/şahsyýetine ýüz tutmaly?! Ýokardakylara meňzeşräk we bärde bolmadyk ýagdaýlar barada-da bilýän maglumatlaryňyzy: a- özüňiz; b- tejribeli tanyşlaryňyz/ýakynlaryňyz; c- tanyş jogapkär gurama ýa jogapkär şahsyýetler we ş.m. arkaly öwrenip, bärde-de paýlaşmagyňyzy haýyş edýärin! Mümkin, ýokardaky zatlar boýunça öňem aýratyn mowzuk açylan bolup biler - takyk bilemok, ýöne gerekli bolansoň, ýene-de bir gezek açmagy müwessa bildim. Berjek maglumatlaryňyz üçin öňünden minnetdarlyk bildirýärin! Köp sag boluň!

Köneler, ata tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir