agzalar we myhmanlar! hemmanize hudaytagaladan uzak we hayirli yash, durmushunyzda ustunlik, iki dunyanizin abat bolmagyny dileyan. men birzatlar yazjak weli gen gormersinizda! belki bu mesele barada birinji gezek yazylyandyr, belki-de daldir. yone ozuma durmushymda birinji gezek sheyle zady yazjak internedin usti bilen. aranyzda meni tanayan bar bolsa menden beyle zady genem gormezler. sebap diysen menin yaradylyshym sheylerakda, yagny gonumel adam menin ozum. beyleki tarapdanam dindarmyka diyyan ozume. beyle dalem bolsam din tarapdan menin yalnyshlarymy duzetjeklere garshy hichhili tankydy jogabym bolmazmyka diyyan. yagny meni, egrelen yerimde dogry yola gelmage komek etjeklere men oran minnetdar bolardym we bolaryn, nesip bolsa. gepin tummek yeri, shonun uchinem men ozume sower yar gozleyan. yone bu yazyanlarym oyun-oyunjak zat daldir. eger aranyzda shu meselede mana gonuden-goni komek edip biljek bar bolsa men oran shat bolardym. menin pikirime gora durmush diyilyan zat dine bu dunyede dal, beyleki dunyede-de dowam edyar. shonun uchin menin durmushumy, soyguli pygamberimizin(saw) aydyshy yaly "jennet bahchelerinden bir bahche(turkche bolaydy oydyan)" bolmagyna komek edip biljek yar gerek. shu wagta chenli oylenmani gezdim. soyyanimem, goz onunda tutyanymam yok. shu yashyma chenli hichbir gyz bilen gezmedimem. yone indi yasham 25 bolup gelyar, wagtam bolaydymyka diyyan. shu maksat bilen bu yazgylary yazyan. sebabi adam belli bir yashdan son oz ichgin syrlaryny, durmushun ajysyny-suyjisini paylashyp biljek birine matachlik duyyar. olam turkmenchilikde "yanyoldash" diylen soz bilen anladylyar. ozum barada aytsam mende edil shu wagt jayam yok mashynam. yone bu zatlar iki yurek bir bolsa, janyn sag, hudaytagalanyn bernine kanagat edip, sag-aman yahsap yorsen bolmajak zatlar dal. eger mana-da biri bilen gosh birikdirmek nesip edayse, seni sheyle yashadaryn, beyle yashadaryn, sowuk suwdan gyzgyn suwa elini sokdurmaryn ya bolmasa shaherde, obada yashadaryn diyip soz berip biljek dal. esasy zat nirede we nahili bolanda-da, onunde-sonunda barjak yerimizin aladasyny etmek yagny hudaytagalany razy etmek dalmi eysem?! eger duygy-dushunjan bir bolsa, birin gysharan yerinde beylekin goltgy berse bu zatlaram kyn dalmika diyyan?! ahlagyn gozel bolsa, elinde baryny edip bu yola yapishsan yagny turkmenchiligimizde "yhlas bilen aglasan sokur gozden yash chykar" ya-da "yagshy niyet yarym dowlet" diyenleri. bu durmush gurmak meselesine soyguli pygamberimiz(saw):(sozme-soz doly bilemok yone manysy sheylerak) "bir gyz shu dort sebapden soyulup bilner. 1. gozelligi uchin; 2. mal-mulki, baylygy uchin; 3. nesilinin arassalygy, abraylylygy uchin; 4. ahlagy, dindarlygy uchin. siz dindar bolanyny saylan!" diyip maslahat beryar, biz yashlara. meninem pygamberimizin(saw) shu meselede aydanlaryna garshy boynum gyldan inche. bu dowurde dogry yolda yashamak kyn, esasanam yeke bolsan. yene ozum barada shulary diymek isleyan: chilim chekemok, nas atamok, spirtli ichgileri ichemok. belki bular men barada dine gowy zatlar bolmagy mumkin. men bulary aytmak bilen ozumi mahabatlandyrmak, reklama etmek isleyan yaly bolup gorunyan bolmagym mumkin. yone bu zatlar barada sizem gyzyklanyan bolsanyz gerek, shonun uchin yazdym bulary. yazanlarym ep-esli boldumyka diyyan. uns berip, sabyrsyzlyk bilen okanynyz uchin sag bolun! habarlashmak uchin shu adrese mail atyp bilersiniz: dalidomrul@hotmail.com a.b: bu mesele barada gyzyklananlara yuzlenesim gelyar: oyun etseniz we aldasanyz bu dunyede razy bolmaryn, o dunyede-de yakanyzdan elimi ayyrmaryn. bu mesela chynlakay garamagynyzy hayysh edyarin! soyguli pygamberimizin aydyshy yaly: "ya gepleme ya-da hayyr sozle". magtymguly pyragy "ya la otur ya dur sachgyl" diyyar. hormatlamak bilen yalnyz

Köneler, yalnyz tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir