Salam saýtyň hormatly agzalary! Hemmäňize jan saglygyny we işiňizde üstünlikler arzuw edýän! Meniň şu ýazgyny ýazmagyma saýtymyzda gabat gelýän käbir düşnüksiz sözler sebäp boldy. saýtyň agzalarynyň köpüsi şol sözleri okap düşünenoklar. Şol sözlerden men size käbirini mysal getireýin:

LOL Shadyyanja | 2008-06-16 21:31:20
şadyýanja agzamyz "lol" diýip bir söz-ä tapypdyr. a kakabay agzamyz bolsa, o söze düşünmändir.
LOLShadyyanja
hava men şol.indi içiň sovadymy.agşamlaryna arkayyn yatyp bilermiň,ya molla ugradayynmy dova okadar yaly... onsoň men çölüň adamsy bolamsoň gaty bir şäher adamyň sözlerine düşenemok.garayrat kylda lol näme diymek bolyalay (hapa sözem bolsa ,govja düşündirip yazsana hayyş edyan) kakabay | 2008-06-17 14:31:07
Ine, okuwçylar (talyplar), ýokarda görşüňiz ýaly "lol" diýen sözi kakabaý agzamyz bilmändir. Onuň bu sözi bilmezligi tebigy ýagdaý. Ol herkimde hem bolup biler. men size "lol" diýen sözi terjime edip bereýin. LOL text messaging abbreviation for laughing out loud - gaty ses edip gülmek LOL (Laughing Out Loud) громкий смех, умираю от смеха аббревиатура, принятая в чат-форумах Ýene-de www.talyplar.comda ýoň bolan bir söz bar. Offtopic. Bu söz näme diýmegi aňladýar? Bilýänler bilýäler, bilmäýänler bilenoklar. Menem bu sözüň manysyny bilmeýänlere ýetiresim geldi. off-topic - 1. не по теме, не относящийся к теме (о высказывании) 2. отклоняясь от темы - temadan daşlaşmak, başga tema geçmek Ine, şeýle, oglanlar we gyzlar! Dünýäde bilinmejek söz ýokdur. Onda-da adamlaryň köpüsi sözleriň terjimesini bilmekde köp kösenýärler. Eger şonuň ýaly kösenseňiz onda geliň-de menden soraýyň. Bilenjämi paýlaşaryn. Dostuňyz milliyetçi (öňki milletparaz). P.S. sizden geljek jogaplara sabyrsyzlyk bilen garaşýan.

Köneler, milliyetçi tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir