Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Bilşiňiz ýaly, türkmençilikde çagalar barada aýdylýan bir söz bar: “Bal süýji, baldan bala süýji” diýlip. Türkmenleriň öz çagalaryny nähili söýýändiklerine söz ýok. Men olaryň çagalaryna ýitirenlerinde nähili duýgyda bolýandyklary we olary teselli etmek barada birnäçe zat ýazmakçy, enşallah! Men öň “ölüm” blogyny hem açypdym. Şol ýerde öz gyz jigimiň hem ýaňy doglan çagasynyň aýrylanyny we ony baramda teselli etjegimi ýazypdym. Hawa, teselli etjek bolup, onuň gaýynenesi, baldyzlary we biziň maşgalamyz barka, şol ölüm blogyndaky maglumatlar boýunça teselli berjek boldum. Gaýtam aglady. Aýdýan zatlaryma düşünse-de, elbetde, ýarasynyň gozgalmagy we bu babatda ejiz bedeni tap getirip bilen däldir-dä agyr duýgysyna. Näme diýjegimi bilmedim we dalda gözledim. Şu ýagdaýy sizem bir göz öňüňize getirip görüň! Siz näme ederdiňiz?! Men gynandym we soňra ikiçägem oňa kä zatlary aýtdym. Azyragam bolsa giňedi, Allaha şükür. Köp maşgalalaryň iň kyn synaglary: olaryň çagalarynyň bakyýete göçmegimikä diýýän men-ä. Sebäbi, bu babatda hadysda “gurlan her bir maşgala üçin Biribaryň dünýädäki iň uly sowgady çaga” diýlip beýan edilýär. Elbetde, ynsanlar özleriniň bu dünýädäki iň uly sowgatlaryny ýitirmek islemezler. Indi, men şeýle ýagdaýdaky maşgalalar üçin käbir zatlary ýazmakçy, enşallah, olara peýdasy bolar diýen umyt we dileg bn ýazýaryn.

Köneler, ata tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir