TIKINÇINIŇ HEKAÝATY

«Zamanamyzyň şahy-soltany, biler bolsaň, ynha düýn meniň başymdan şeýle bir haýran galmaly geň ahwalat bolup geçdi. Küýkä duş gelmezimden ozal, men günüň säher çaglarynda öz dost-ýarlarymdan biriniň öýünde gurlan meýlisde bolupdym, ol ýere şu şäheriň ilatyndan ýigrimä golaý adam ýygnanan ekeni. Biziň aramyzda tikinçi, neçjar, dokmaçy ýaly dürli senetçiler bardy. Gün dogan çagynda, bize iýmek üçin nahar äberip başladylar. Birden öýüň eýesi biziň ýanymyza içerik girdi welin, onuň ýany bilen Bagdat şäherinden bolan bir owadan ýigit hem girdi. Görsek, ynha bir üsti-başy päkize, geýnüwli görmegeý ýigit, ýöne weli onuň bir aýagy agsak ekeni. Ol biziň üstümize giren badyna gol gowşuryp salam berdi, bizem ony hormatlap ýerimizden turduk, ol biziň bilen oturmakçy bolup ýönelende weli, birdenkä biziň aramyzda bir adamyň, ýagny bir dellegiň bardygyny gördi-de, oturmakdan boýun gaçyryp, yzyna çykyp gitmekçi boldy. Emma biz ony tutup sakladyk, öý eýesi ol ýigide azatda-mazat ýapyşyp, oňa ýalbarmaga durdy-da: «Näme üçin sen geleňsoň gitjek bolýaň?» diýip sorady. Ol ýigit bolsa:
«Allanyň haky üçin, agam, sen maňa hiç hili garşylyk görkezme! Meniň bu ýerden çykyp gitjek bolmagym, ynha, hol oturan äteňenälet dellek sebäpli» diýip jogap berdi.
Öý eýesi onuň aýdan sözlerini eşidip, biçak geň galdy-da: «Bu nähili bolýa! Bu ýigit Bagdatdan gelen adam, emma näme üçin bu dellek onuň ýüregini bozýarka?!» diýdi. Biz bolsak ol ýigidiň ýüzüne seredişdik-de: «A-how, ýigit, seniň bu dellegi ýigrenmegiň sebäbi näme? Aýdyp ber bize!» diýişdik.
«Aý, jemagat, Bagdat şäherinde bu dellek ikimiziň aramyzda şeýle bir iş boldy — diýip, ol ýigit gürrüň bermäge başlady. — Men şu dellek sebäpli öz aýagymy döwdürip, agsak bolup galdym, şonuň üçinem men şu dellek bilen bir ýerde oturyp-turuşmazlyga, asla onuň bolýan şäherinde-de ýaşamazlyga kasam etdim. Ine, şol zerarly-da Bagdatdan çykyp, öz şäherimi terk edip, şu şähere göçüp geldim; indem bolsa men hut şu sagadyň özünde bu şäherden çykyp, şu gijämi-de ýolda-yzda geçirmelidirin».
«Allanyň haky üçin, sen bize öz başyňdan geçireniňi gürrüň ber!» — diýip, biz oňa ýalbardyk.
Ine, onsoň ol ýigidem gürrüň bermegä durdy (dellegiň bolsa ýüzi saralyp-soldy): «Adamlar, biler bolsaňyz, meniň atam Bagdadyň uly täjirleriniň biridi, gudratly Perwerdigär bolsa oňa menden başga perzent bermändir. Men ösüp-ulalyp, är ýaşyna ýetenimden soň, meniň atam beýik Taňrynyň halanyny edip, özüni onuň ygtyýaryna geçirdi, maňa bolsa pul, hyzmatkärler, gul-gyrnaklar galdyryp gitdi, menem onsoň oňat geýnip, oňat iýip-içmäge başladym. Emma Allanyň emri bilen, meniň ýigrendigim aýal boldy. Ine, onsoň günlerde bir gün, men Bagdadyň köçelerinden geçip barýarkam, ýolumyň ugrunda bir topar aýala duş geldim-de, yzyma bakan göterdim ökjäni, gaçyp gözlerinden sypyp, bir petigiň gapdalyndaky kese oturgyjyň üstünde gizlenip oturdym. Oturanymdan bir minut hem geçip-geçmänkä, birden gabadymdaky öýüň maňa tarapky äpişgesi açyldy weli, görsem, äpişgeden maňa bir gyz göründi, özi-de edil dolan aýly gijäniň aýy kimin ýalpyldap dur, asla owadanlykda oňa taý geljek gyzy heniz görmändim. Ol gyz äpişgäniň öňünde goýlan güllere suw sepen bolup durdy. Onsoň ol gyz saga-sola towlanjyrady-da, äpişgäni ýapyp, aňyrlygyna gitdi welin, meniň ýigrenjim söýgä öwrüldi duruberdi. Menem şol oturyşyma bütin dünýäden bizar bolup, şol ýerde tä gün ýaşýança oturdym. Ine, bir görsem, biziň şäherimiziň häkimi gelýär, öňünde bir topar gul, yzynda hem bir topar hyzmatkär nökeri bar. Ol atdan düşdi-de, hälki gyzyň görnen öýüne girdi weli, men onuň şol gyzyň atasydygyny aňdym. Onsoň men halym perişan, lapykeç ýagdaýda öýümize gaýtdym, öýe gelibem şol gyzyň pikiri bilen başga zada baş galdyrman, öz düşegimde ýykylyp ýatdym. Onsoň meniň hyzmatkär gyrnaklarym ýanyma geldiler, töweregimde tegelenişip oturdylar, maňa näme bolandygyny bilmän azara galdylar, menem olaryň gepine-gürrüňine jogap hem bermän ýatyrdym, olar bolsa meniň halyma gynanyp aglaşdylar, uly alada galdylar.
Onsoň meniň ýanyma bir garryja kempir geldi, ol meni gören badyna, meniň näme derdimiň bardygyny bildi. Ol meniň başujumda oturdy-da, meniň bilen süýji-süýji gürrüň edip: «Jan balam, sen maňa dogrujasyny aýdaý, eger aşyk bolan bolsaň, seniň öz magşugyňa gowuşmagyň üçin men elimden gelenini ederin» diýdi. Men öz derdimi oňa aýdan wagtymda bolsa, ol maňa: «Balam, ol gyz Bagdat häkiminiň gyzydyr, özi-de ony hemişe gulp astynda saklaýarlar. Seniň ony gören ýeriň şol gyzyň bolýan otagydyr, onuň atasynyň bolsa aşakda uly jaýy bardyr. Ol gyz hemişe ýeke oturýandyr. Men olara ýygyýygydan barýandyryn, şoňa görä-de sen onuň bilen diňe meniň kömegim arkaly duşuşyp bilersiň — janlan ahyry!» diýdi.
Men onuň aýdanlaryny eşidenimden soň, özümi ele alyp, birneme dogumlandym, şol gün muňa meniň hossarlarym-da begendiler, ertesi ir bilen bolsa men eýýäm sagalan adamdym. Onsoň garry kempir ol gyzyň ýanyna gidip, juda ýakymsyz habar bilen gaýdyp geldi, asla onuň ýüzi-gözi hem üýtgän eken. Ol: «Balam, ondan maňa ýeten azary sen sorama! Men oňa bu habary aýtdym weli, ol gyz maňa: «Garry melgun diýsänim, eger sen şu tetelli gepiňi bes etmeseň, gaty çynymdyr, men seniň özüňe mynasyp temmiňi bererin!» diýip gaharlandy. Ýöne aýyby ýok, men onuň ýanyna soň ýene bir gezek bararyn» diýdi. Garrynyň bu habary ýene meniň derdimi artdyrdy.
Şondan birnäçe gün geçensoň, ol garry ýene meniň ýanyma gelip: «Oglum, sen maňa halat ýapmalysyň!» diýdi. Men onuň bu aýdanyna monça bolup, ýüregim ýerine gelen ýaly begenip: «Dünýäde seniň kem zadyň bolmaz!» diýdim. Ol garry bolsa: «Düýn men ol gyzyň ýanyna bardym weli, ol meniň halymyň teňdigini, gözlerimiň ýaşlydygyny görüp: «Daýza jan, görýän weli, seniň keýpiň ýok ýaly-la?» diýdi. Menem onuň bu aýdanyny eşidenimden soň, gözlerimden ýaş döküp: «Keýigim, jenap gyzy, men seni ýüreginden söýýän ýigidiň ýanyndan geldim ahyry, ol neresse sen zerarly öljek bolup ýatyr» diýdim. Onsoň ol (ýürejiginiň ýumşandygy bolsa bildirip durdy): «Seniň ol aýdýan ýigidiň özi nireden?» diýip, menden sorady. Menem oňa: «Ol meniň oglum, hut öz ýüregimden öndüren miwäm; birnäçe gün mundan ozal, sen äpişgedäki güllere suw sepip ýörkäň, ol seni synlap görüpdir, seniň ýüzüňi gören badyna-da, saňa aşyk bolup akylyny-huşuny ýitiripdir. Onsoň bu habary saňa ilki mälim eden günüm seniň maňa beren jogabyňy oňa habar berenimde, onuň derdi öňküsindenem artdy, ol başyny ýassykdan galdyrman ýatyr, özüň garaşyk etmeseň, ol hökman sen diýip öljek» diýip jogap berdim. Onsoň ol: «Diňe men zerarly şeýdip ýatyrmy?» diýip ah çekdi (ýüzi-de saralyp-solara gelipdir). Men hem oňa: «Alladan ant içýän, ynan, hut sen zerarly! Dagy nämedir öýdýäň?» diýip jogap berdim. Ine, onsoň olam: «Bar, oňa menden salam aýt, özi-de meniň ol zerarly çekýän derdimiň onuňkydan telim esse artykdygyny oňa habar ber. Anna güni bolar weli, goý, ol namaz wagtyndan öňräk şu ýere gelsin, men aşak düşüp, oňa derwezäni açyp bererin-de, ony öz otagyma getirerin, onsoň ikimiz birsellem bile bolarys; ol meniň atam namazdan gaýdyp gelmeziniň öň ýanynda çykyp gaýdar» diýip jogap berdi.
Men kempiriň bu habaryny eşiden badyma, meniň çekýän horluklarym başymdan dep bolup, ýüregim ýerine gelip rahatlandym. Men oňa halat-serpaý berip goýberdim, ol bolsa: «Sen arkaýyn bolaý, ýüregiňi agyrtma» diýip çykyp gitdi, men bolsam: «Asla meniň ýüregimde dert galmady» diýdim. Muňa bolsa meniň dost-ýarlarym hem beýleki garyndaşlarym biçak begendiler.
Anna gününe çenli şeýle boldy. Ine, onsoň garry gelip, meniň halymdan habar aldy, menem oňa janymyň sag, keýpimiň kökdigini aýtdym. Onsoň men egin-eşiklerimi geýip, ýuwnup-ardynyp, gyzyň ýanyna gitmek üçin adamlaryň namaz okamaga metjide ugramaklaryna garaşyp durdum. Şol wagt garry kempir maňa: «Entek seniň wagtyň bar, şonuň üçinem, sen hammama gidip ýuwunsaň, saçyňy-da deňletseň kem bolmazdy, ylaýta-da güýçli keselden soň, munuň özi gowy bolardy» diýdi. Menem oňa: «Gaty dogry aýdýaň, ýöne men saçymy syrdyraýyn-da, hammama soň ötägideýin» diýdim.
Ine, onsoň men saçymy syrdyrmak üçin dellegi çagyrmakçy bolup, öz hyzmatkärlerimiň birine: «Bazara bar-da, dellekleriň akyllyraklaryndan birini alyp gel, ýöne weli müň gepiň başyna ýetip ýaňrap, bizar-peteňimi çykarjak ýaňrasy bolmasyn» diýip tabşyrdym. Ine, onsoň hyzmatkärem gidip, ynha şu äteňenälet gojany alyp geldi.
Ol gelip maňa salam berdi, menem adam ýaly salamyny aldym. Onsoň ol: «Görýän weli sen horlanypsyň» diýdi. Menem oňa: «Hawa, men nähoşlapdym» diýip düşündirdim.
Onda ol: «Alla seniň gaýgy-gamyňy dep etsin, dert-belalardan gorap saklasyn!» diýip dileg etdi.
Menem: «Agzyňdan Hudaý eşitsin!» diýdim. Onsoň dellek seslendi: «Hudaýa şükür et, meniň jenabym, hernä sag-aman gutulypsyň! Sen saçyňy ýeňletmekçimi ýa-da gan aldyrjakmy? Ibn Abbasyň aýtmagyna görä, — Alla oňa rahmet nuryny saçsyn! — Pygamberimiz: «Anna güni gylyny gyrkdyranyň başyndan ýetmiş bela dep bolar» diýipdir; ýene şonuň aýtmagyna görä, ol: «Anna güni öz tenine sülük goýberen adam gözüniň kör bolmak belasyndan hem telim keselden dynar» diýipdir».
Men oňa: «Sen bu gürrüňleriňi goý-da, häziriň özünde turup, meniň başymy syryp ber, men ýarawsyz adam!» diýdim. Onsoň dellek ýerinden turup, elini uzadaga-da, ýaglygyny çykardy-da açdy weli, birdenkä görsem, ýaglygynyň içinde gyrasy kümüş ýedi gözli ýyldyznamasy bar eken, Ine, onsoň dellek ony eline alyp, jaýyň ortarasyna bardy-da, günüň şöhlesine bakan ýüzüni ýokaryk tutup, esli wagt seredip durdy, soňundanam şeýle diýdi: «Biler bolsaň, şu günüň, ýagny, anna gününiň, pygamberiň göçen wagtyndan hasaplanylýan (onuň şanyna şöhrat hem salawat bolsun!) alty ýüz altmyş üçünji ýylyň, Isgender zamanyndan hasaplanylýan ýedi müň üç ýüz ýigriminji ýylyň sapar aýynyň onundaky anna gününiň başyndan bäri sekiz gradusdyr alty minut geçipdir, şu günki günde dogmalysy bolsa, hasaplaşyk ylmynyň düzgünlerine görä, Mars ýyldyzydyr, özi-de bir sebäp bilen, onuň garşysynda duran Merkuriý eken, bu bolsa häzir saç syrmagyň gowudygyny görkezýär, onsoňam munuň özi seniň bir adam bilen duşuşmak arzuwyň bardygyny maňa aýan edýär, onuň özi amatly-da boljak, ýöne weli soňundan boljak zatlar hem gep-gürrüňlerem bar, ony bolsa men saňa aýtjak däl».
Men gaharlanyp: «Alladan ant içýän, sen meni bizar etdiň, özüňem öňünden gören bolup, meniň göwnüme ýok zatlary getirdiň. Men bolsam seni başga zat üçin dälde, diňe saçymy syrdyrmak üçin getirtdim ahyry! Basymrak bol-da, meniň saçymy syryp ber, özüňem meniň bilen gürrüňiňi azrak et!» diýdim. Dellek bolsa ýene maňa: «Alladan ant içýän, eger sen şu gün öz başyňa näme düşjegini bilýän bolsaň, onda sen şu gün hiç zat etmän ýatardyň. Men näme et diýsem, şony-da etmegi saňa maslahat berýärin, çünki men ýyldyz hasabyna esaslanyp aýdýaryn» diýdi.
Menem oňa: «Alladan ant içýän, men senden başga ýyldyz ylmyndan baş çykarýan dellek görmändim, ýöne weli men seniň juda biderek ýaňraýanyňy bilýän, şoňa gözümem ýetik. Mew seni diňe başymy syrdyrmak üçin çagyrtdym, sen bolsa biderek ýaňramak üçin gelene meňzeýärsiň» diýdim. Onda dellek ýene maňa bakyp:
«Men saňa ýene birnäçe zatlary aýdyp bereýinmi? — diýdi. — Ýyldyz sanap bilýän dellegi saňa Hudaý beripdir. Meniň hemme zatdan: jadygöýlikdenem, grammatikadanam, sarp-nahudanam, ritorikadanam, dilewarlykdanam, logikadanam, astronomiýadanam, geometriýadanam, kanunçylykdanam, rawatdanam, Gurhandanam başym çykýar, men ençeme kitaplary okap ýat tutdum, birnäçe işlere baş goşdum hem baş çykardym, ylymlar okadym hem aňyrsyna ýetdim, senetler öwrendim hem ele aldym, hemme zatlar bilen meşgul boldum hem baş goşdum. Seniň ataň meni az ýaňraýanlygym üçin halaýardy, şoňa görä-de saňa hyzmat etmek meniň borjumdyr. Ýöne weli men seniň aýdyşyň ýaly ýaňra beýleki däldirin, şoňa görä-de maňa salyhatly hem dymma diýip at berýärer. Seniň etmeli zadyň: Allaha şükür etmeli hem-de meniň aýdanyma garşy bolmaly däl, men seniň çyn maslahatçyňdyryn, niýetim saňa ýagşylyk etmekdir, özümem bütin bir ýyllap seniň hyzmatyňda bolmak isleýärin, senem meniň gadyrymy bilmelisiň, onuň üçin senden muzd tamakinem däl».
Men onuň bu aýdanlaryny eşidip: «Sen şu gün meni öldürmän dynmajak öýdýän, hökman öldürýäň» diýip jibrindim. Onda dellek maňa şeýle jogap berdi: «Eý, meniň jenabym, meniň özümden beýleki alty doganymyň hemmesinden tapawutlanyp, ýaňra däldigim zerarly, iller maňa Dymma diýip at berdi, çünki meniň doganlarymyň atlary ýaňralyk bilen baglanyşykly: uly doganyma Babuk-Ýaňra, ikinjisine Haldar-gykylykçy, üçünjisine Fakik-Samra, dördünjisine Aswani-Küýze, (hemişe agzy küýzäň agzy ýaly açyk dur diýen manyda), bäşinjisine Faşşar-Paň, altynjysyna-da Şakaşik-Gürlempaç diýýärler, ýedinjisine bolsa Samit-Dymma diýýärler, olam özüm».
Dellek gürrüňini biçak uzaga çekensoň, meniň gasygym ýarylara geleni üçin, men hyzmatkärime: «Onuň eline çärýek dinar ber-de, kowup goýber, Allanyň haky üçin, ol mgniň ýanymdan owarra bolsun! Başymy syrany-da gerek däl, beýlekisi-de!» diýdim — diýip, ol ýigit gürrüň berdi. — Emma dellek meniň öz hyzmatkärime aýdanymy eşidip: «Weý, jenap, bu näme diýdigiň boldy? Saňa hyzmat etmän, pul almajagyma Alladan ant içýärin, özem men saňa hökman hyzmat etmelidirin! — diýip gygyryp başlady. — Men saňa hyzmat etmäge borçludyryn, özem seniň göwün islegiňi ýerine ýetirmelidirin, asla men senden hak almagyň pikirinem edemok. Eger sen meniň gadyr-gymmatymy bilmeýänem bolsaň, emma men seniň gadyr-gymmatyňy bilýändirin, seniň ataň pahyr bize merhemet edendir, oňa-da gudratly Allanyň özi merhemet etsin, ol bende biçak gaýratly adamdy. Üstümde Alla bar, bir gezek, ynha şu günki ýaly, Taňrynyň nazar salan oňat bir gününde, seniň ataň meni öz ýanyna çagyrdyp getirtdi, menem onuň ýanyna geldim weli (ol özüniň dost-ýarlary bilen ýygnanyşyp oturan eken), ol maňa: «Maňa gan alyp ber!» diýdi. Onsoň menem ýyldyznamamy alaga-da, onuň belentligini ölçäp gördüm weli, ýyldyzlaryň ýerleşişi onuň üçin dogry gelmeýän ekeni, şol zerarlyda ol wagt gan almagyň özi agyr boljakdy, ine, onsoň menem bu ýagdaýy düşündirip gaýtdym, ol bolsa meniň aýdanyma eýermek bilen boldy-da, gan aldyrmakdan saklandy, men bolsam ony wasp edip, onuň şanyna şu gazaly aýtdym:
«Gan alyp bersem diýip, aly huzura geldim,
Ýöne bu gün garşyda şum ýyldyz baryn bildim.
Soň goşuldym söhbete, täsin zatlar dilimde,
Tapylmady taý maňa ylymda hem bilimde.
Hezil etdi jenabym, hullas gönendi jany,
Diýdi: «Sözüň dürdäne, aklyň tylla magdany».
Menem berdim jogabyn: «Özüň joşduň bu genji, Sen öwretdiň barysyn, sensiň ylmyň guwanjy.
Sahy, jomart, rehimli, sap göwünli, mylaýym,
Pikir-paýhas harmany, uzak ýaşa, Hudaýym!»
Seniň ataň muňa tüýs ýürekden şat bolup, hyzmatkärine gygyrdy-da, oňa: «Bu adama bir ýüz üç dinar bilen bir halat ýap!» diýdi. Aýdyşy ýaly-da, ol zatlary maňa gowşurdy. Amatly hem aýny wagty gelende bolsa, men oňa gan alyp berdim. Ol bolsa meniň aýdanyma garşy bolmady, gaýtam, maňa hoşallyk bildirip, taňryýalkasyn aýtdy, onuň ýanyna gelip ýygnanan adamlar hem maňa hoşallyk bildirdiler. Gan almaklygy gutaranymdan soň, men geplemän durup bilmedim-de: «Allanyň haky üçin, meniň jenabym, seniň: «Bu adama bir ýüz üç dinar ber!» diýeniň sebäbi näme?» diýip soradym. Ol bolsa maňa: «Bir dinar ýyldyz sanaýjylygyň üçin, bir dinar gürrüň bereniň üçin, bir dinaram gan alyp bereniň üçin, ýüz dinardyr bir halat bolsa meni taryplap gazal düzeniň üçin» diýip jogap berdi».
Men oňa: «Sen kimin adam bilen tanyş bolany üçin, Allatagala onuň günäsini bagyşlasyn-da!» diýdim weli, bu dellek loh-loh gülüp, şeýle diýdi: «Alladan özge Hudaý bolup bilmez, Muhammedem Allanyň resulydyr! Hemmäni üýtgedip, özi üýtgemeýäne at-owaza bolsun! Üstümde Alla bar, men seni akyllymykaň öýdýärdim weli, emma sen näsaglygyňdan samraýarsyň. Alla özüniň beýik kitabynda: «Zerre-den gargaryn, zerreden ýalkaryn» diýipdir, şol zerarly-da, sen her niçigem bolsa, ýalkanypsyň. Men seniň näme üçin darygýandygyň sebäbini bilemok, ýöne weli sen bilýärmiň, seniň ataň hem babaň pahyr menden maslahatsyz çöp başyny gymyldatmazdylar. «Maslahatly biçilen don gysga gelmez diýipdirler» ahyry; ýene bir nakylda bolsa: «Ýaşulusy bolmadygyň, özi ýaşuly bolup bilmez» diýilýär. Şahyr şeýle diýipdir: Başyn tutar bolsaň, bir möhum işiň, Maslahatyn algyn pähimdar kişiň.
Sen her bir işden baş çykarmakda maňa taý geljek adamy gözläbem tapyp bilmersiň, özümem iki aýagymyň üstünde dik durup, saňa hyzmat edip dursam-da, sen meni ýadadaňok, emma gel-gel, näme üçin men seni ýadadýarmyşym? Eýsem-de bolsa, aýyby ýok, seniň ataň pahyryň maňa eden ýagşylyklarynyň hatyrasy üçin men sabyrly hem arkaly bolaýaryn».
Men oňa: «Haý, eşegiň guýrugy bol-a, eger Hudaý çapsyn, sen gürrüňiňi uzaga çeke-çeke, meniň üstüme abanyp, asyl gepiňi gutarmadyň-la! Sen meniň başymy syryp ber-de, ýanymdan güm bol!» diýip gygyrdym. Şondan soň dellek meniň başymy ezdide: «Men seniň halys ýüregiňe düşenimi özümem bilýärin, emma men seni günäkär hasaplamok, sebäbi diýseň, seniň akylyň kemter, özüňem heniz ýaş çaga, seni egnime göterip, mekdebe gatnadyp ýörenimiň özi düýn dälmidi» diýdi. Men: «Jan dogan, Allanyň haky üçin, meniň bilen işiňi gutarýançaň gaýrat et-de, sesiňi kes, onsoň hudaý bizar-men bizar, şu taýdan sag-aman öz ýoluňa ugraweri!» diýip, üstümdäki eginbaşlarymy jyrym-jyrym edip ýyrtyşdyrdym. Meniň şeýdenimi görenden soň, dellek päkisini alyp, ony çalmaga durdy, özi-de meniň huşum başymdan uçara golaýlaýança çaldy durdy, ahyry gelip syrmaga başlady, kellämiň el ýaly ýerini syrdy-da, elini ýokaryk galdaryp durşuna: «Biler bolsaň, jenap, äwmek — şeýtandan, sabyr — Rahmandan! — diýip, şu namany aýtdy:
Alňasama, äwme — äwmek şeýtandan,
Ile rehm kyl — rahmet ýagar her ýandan.
Zulm eýleme — berer towpygyň Jepbar,
Beter zulma uçrar her bir sütemkär».
Ondan soň ol: — Eý meniň jenabym, görýän weli, sen meniň nähili uly orunda durýanlygymdan hem bihabar bolsaň gerek — diýdi. — Meniň elim patyşalaryň, emirleriň, wezirleriň, akyldar-bilimdarlaryň hem mynasyp ulamalaryň depesindenem inýändir, çünki şahyr maňa şeýle aýdypdy: «Dür monjugy sandym her hünärmendi, Bu dellek bir göwher, men oňa bendi.
Danalar «Lepbeý!» diýp alypdyr daşyn,
Gol astynda saklar şalaryň başyn».
Onsoň men oňa: «Sen özüňden soralmaýan zatlary aýtmagyňy goý-da, işiň bilen bolsana, sen meniň ýüregime düşdüň, halys bizar-peteňimi çykardyň!» diýip gygyrdym. Dellek bolsa: «Göwnüme bolmasa, sen howlugýan ýaly-la?» diýip sorady. Menem: «Hawa, hawa, ha-www!» diýip gygyrdym; şol wagt ol: «Sabyr et: äwmek şeýtandandyr, şeýtan päline gitmegiň soňy bolsa ökünç hem umytsyzlykdyr. Iň gowusy, her bir işde howlukmazlykdyr diýip, bir bende aýdypdyr, kimem bolsa, ýatan ýeri ýagty bolup, imany hemra bolsun! Alladan ant içýän, seniň bu howlugýan işiňden meniň göwnüm suw içmeýär. Meniň diýenimi etseň, sen öz ýüregiňe düwen işiňi maňa aýan et: sen başga bir zadyň üstünden bararsyň öýdüp gorkýaryn. Namaz wagtyna çenli ýene üç sagat galdy ahyry. Men bu barada şübheli bolup galmakçy däldirin — diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. — Emma men wagtyny takyk bilmek isleýärin, çünki aňyrsyna göz ýetirmezden, sözüňi biderek şagladyp ýörmegiň özi masgaraçylykdyr, ylaýta-da, meniň ýaly bilgiçler üçin gowy däl, sebäbi diýseň, meniň at-abraýym, gazanan şöhratym adamlaryň arasynda dilden-dile geçip äleme ýaýrapdyr, şoňa görä-de, beýleki ýyldyz sanaýjylaryň aýdyp ýörüşleri ýaly, men çen bilen aýdyp ýörmeli däldirin, meniň aýdanym — aýdanym bolmalydyr».
Ine, onsoň ol elindäki päkisini taşlady-da, ýyldyznamasyny alyp, günüň aşagyna gitdi, ol ýerde ep-esli wagtlap eglendi, ondan soň gaýdyp geldi-de: «Namaz wagtyna çenli üç sagat galypdyr, şondan azam däl, köpem» diýdi.
Men oňa: «Allanyň haky üçin, bes et indi — diýip jibrindim. — Sen meniň hut bagrymy paraladyň!» diýdim. Ondan soň dellek päkisini alyp, ony çalmaga durdy, onsoň ýene şol öňküsi ýaly, kellämiň birazajyk ýerini syrdy-da: «Men seniň şu alňasaklygyňa gynanýaryn, eger sen näme üçin alňasaýandygyň sebäbini maňa aýtsaň, özüň üçin gowy bolar; özüň bilýäň ahyry, seniň ataň hem babaň pahyr menden maslahatsyz çöp başyny gymyldatmazdylar» diýdi. Ine, onsoň men ondan dynyp bilmejegime gözüm ýetensoň, öz ýanymdan: «Namaz wagty ýetip geldi, men bolsam ilat metjitden çykmanka gyzyň ýanyna gitmekçi bolup otyryn. Eger bir minutlykça gijä galsam, onuň ýanyna nähili ýol bilen girip bilerin!» diýip içimi gepletdim.
Onsoň oňa: «Gürrüňiňi azrak et özüňem bu hili bolar-bolmaz ýaňramaňy goý-da, işiň bilen bol, men öz dostlarymdan biriniň ýanyna meýlise gitjek» diýdim. Dellek bolsa meýlis diýenimi eşidip: «Bu gün — meniň üçin iň bir haýyr-sahawatly gün bolmaly! Men düýn öz tanyş-bilişlerimden birnäçesini şu gün öýüme çagyrypdym, özüm bolsam olara iýer-içer ýaly, aňry-bäri taýýarlamagy ýadymdan çykaran ekenim, ynha indi diňe şu wagt ýadyma düşdi. Wah, arman, olaryň öňünde masgara bolmaly boldum!» diýdi. Men oňa: «Rast meniň bu gün meýlise gidýänimi bilen bolsaň, sen onuň gaýgysyny etme. Eger sen basymrak bolup, meniň başymy syrmak işiňi çaltrak gutarsaň, meniň öýümdäki iýer-içer ýaly zatlaryň hemmesi seniňki bolsun» diýdim.
Onda dellek: «Alla seniň döwletiňi zyýat etsin! Men bilip goýar ýaly, meniň öz myhmanlaryma hödürlär ýaly näme zadyň bar bolsa, aýdyp ber» diýdi. Menem oňa:
«Meniň bäş dürli naharym bar, on sany çalarak gyzardylyp gowrulan towuk, tutuş bir guzy bar» diýip jogap berdim. Onda ol: «Wah, getiripjik görkezäýseňdiň, öz gözüm bilenem bir görsemdim!» diýip şapbyldady. Menem ol zatlaryň hemmesini getirip beriň şuňa diýip, hyzmatkärlerime buýurdym. Onsoň ol getirilen zatlary görüp: «Sen Allanyň söýen adamysyň! Seniň ýüregiň, gör, nähili asylly eken! Ýöne weli, gül suwudyr müşkanbar gerek ekeni» diýdi. Menem oňa bahasy elli dinarlyk zady kagyza dolangylygyna onuň eline berdim, onuň içinde müşk-anbar ýaly her dürli hoş ysly zatlar bardy.
Wagt az galypdy, meniň ýüregim daralýardy, şonuň üçinem oňa: «Şuny al-da, meniň kellämi doly syryp ber, özi-de Muhammediň ömründen saňa pent bolsun — Alla oňa keremini eçilsin!» diýdim. Emma dellek: «Alladan ant içýän, eger onuň içindäki zatlaryň hemmesini görüp çykman, ony almaryn!» diýip seslendi. Onsoň menem hyzmatkäre buýrup, kagyzy açdyrdym weli, dellek ýyldyznamasyny elinden gaçyryp, aşak oturdy-da, kagyzyň içindäki müşk-anbar ýaly hoş ysly zatlary synlap başlady, şeýdibem meni aňry hetdime ýetirdi. Ondan soň ol ýerinden turup, päkisini eline alyp, meniň kellämiň ýene birazajyk ýerini syrdy-da, şeýle diýdi:
«Bu oglanyň bolşy agyn atasy,
Daragt köke görä, ýokdur hatasy.
Alladan ant içýän, balam — diýip, maňa ýüzlendi: — Men saňa hoşallyk bildirjegimi-de bilemok, seniň ataňa bildirjegimi-de bilemok, çünki meniň şu günki gurajak meýlisimiň hemmesi seniň sadakaň hem ýagşylygyň bir bölegidir. Emma meniň myhmanlarymyň arasynda bu hezzete mynasyp adam ýok, meniňkä geljek hormatly jenaplar tükel hammam eýesi Zengut, galla söwdagäri Saly, noýba satan Salit, düýekeş Suaýd, onsoň Suweýd hammal, Abu-Mukariş hammamçy, Kasym garawul, Kerim atbakar, Ikriş gökçi, Humeýd sübsegär tetelli adamlar. Özi-de olaryň arasynda ýürege düşegen, bezzat, ýaňra ýa-da agyr adam hem ýok, onsoňam olaryň her biriniň öz edýän tansy bar, her biriniň öz aýdýan gazaly bar. Ýöne olaryň iň gowy taraplarynyň biri — olar seniň hyzmatkär guluň ýaly, köp geplemegi hem ýaňralygy bilenoklar. Hammam eýesini alyp görsek, ol deprek bilen goşup, birhili geň aýdym aýdýar, onsoň tans edip: «Men gideýin, ene jan, golçajygymy dolduraýyn!» diýip aýdym aýdýar. Galla satan bolsa beýlekilere görä has ökdedigini görkezýär: tansam edýär, onsoň: «Galmady armanym mende, başym saňa oldy bende!» diýip aýdymam aýdýar weli, hemmeleriň erän bagryny daş edýär diýip, oňa gülüşýärler. Sübsegär aýdym aýdanda bolsa, uçup barýan guşlaram sakga duruberýär. Onuň bar bilýäni: «Aýalymyň täzeligi, göýä uly sandykdadyr», onuň özi weli görmegeý hem şadyýan adam, şonuň üçinem, men onuň şanyna gazal düzdüm:
Hapa daşýan dostum meniň göz guwanjym hanymanym,
Kaddy boýy serwi nahal, husny ýakar ystyhanym.
Bu gün ykbal ýarlyk edip, begendirdi men dymmany, Görüp dostum gelendigin, joş urdy yşgym ummany.
Diýdim: «Gardaş, tutaşdyrdyň ýürekde sönmez ataşy,
Diýdi: «Geň däl, bolan bolsam birdenkä küreçi başy».
Olaryň her haýsysy-da şadyýan hem gülkünç zatlar aýdyp adamlary ökdelik bilen güýmeýär. Ýöne weli, gürrüň berenden eşideniň bilen göreniň deň bolmaýar — diýip, sözüniň yzyny ýetirdi. — Şonuň üçinem, eger sen hormat edip, biziňkä baraýsaň, munuň özi biziň üçinem, seniň üçinem gowy zat bolardy. Sen öz dost-ýarlaryňdan biriniň öýüne gitmek hyýalyňy goýbolsun et. Onsoň-da seniň keselden ýaňa gutulandygyň alamatlary ýüzüňdenem bildirip dur. Seniň baryp-da ýaňra adamlara gabat geläýmegiňem mümkindir, özlerine degişli bolmadyk zatlaryň gürrüňini edip oturan ýaňra duşarsyň ýada olaryň arasynda ýalançy-ýaňranyň bolmagy mümkin, onsoň seniňem kelläň agyrar.
Sen näsaglanyňdan soň, heniz oňly daýanybam bilmänsiň ahyry».
Men içi ýananyň gülküsini eden bolup: «Muny haçanam bolsa, başga bir güne goýaly — diýip jogap berdim. — Sen menlik işiňi gutar, gudraty güýçli Taňrynyň penasy astynda menem gideýin, sen bolsaň öz dost-ýarlaryň ýanyna bar, olar seniň geleriňe garaşyp oturandyrlar».
Onda dellek: «Wah, jenap, men seni diňe şol ajaýyp adamlar bilen, köne adamlaryň ogullary bilen duşuşdyrmak isleýärin ahyry — diýip gürlemäge başlady. — Özi-de olaryň arasynda ýaňra hem köp geplegen adamlar ýok. Men özümiň ulalyp kemala gelen wagtymdan bäri, özüne degişli bolmadyk zatlary sorap oturan adam bilen asla ysnyşyp bilemok, şonuň üçinem, hemişe özüm ýaly, geplemezek adamlar bilen baryş-geliş edýärin. Eger sen olary hiç bolmanda ýekeje gezek görüp, olar bilen dostluk açaýsaň, sen öz dost-ýarlaryňy bütinleý taşlarsyň». Menem oňa: «Şolar arkaly Alla seniň şatlygyňy berkarar etsin! Haýsy-da bolsa, garaz bir gün men olaryň ýanyna hökman bararyn» diýdim. Onda dellek: «Men seniň hut şu gün barmagyňy isleýärin! — diýip seslendi. — Eger sen meniň dostlarymyň ýanyna meniň bilen bile gitmegi ýüregiňe düwen bolsaň, onda sen maňa bagyşlan zatlaryňy olara eltip bermäge rugsat et. Eger sen bu gün hökman öz dost-ýarlaryň ýanyna gitmekçi bolsaň, onda men seniň özüme eçilen hem hormatlap beren şol zatlaryňy öýüme äkideýin-de, öz dostlarymyň öňünde goýup gaýdaýyn, goý, olar maňa garaşmasynlar-da, iýsinler, içsinler, keýplerini köklesinler, men bolsam seniň ýanyňa gaýdyp geleýin, onsoň seniň dostlaryňyň ýanyna ikimiz bile ötägideris. Men öz dostlarymy öýümde goýup gaýdanym bilenem olaryň menden öýkekine etjek gümanlary bolmaz, çünki biziň aramyzda hiç hili dar gursaklyk ýokdur. Men derrew gaýdyp gelerin, onsoň sen her ýere gitseňem, men senden galmaryn». Men: «Ýeri-gögi ýaradan gudratly Allatagalanyň haky üçin! — diýip gygyrdym. — Sen öz dostlaryňyň ýanyna bar-da, olar bilen meýlis et, menem öz dostlarymyň ýanyna gideýinde, bu gün olaryňkyda bolaýyn: olar maňa garaşyp oturandyrlar». Onda dellek: «Men seniň ýeke özüňi goýberip bilmerin» diýip jogap berdi. Onsoň men oňa: «Meniň barjak ýerime özümden başga hiç kim baryp bilmez» diýdim. Emma dellek: «Görýän weli, sen haýsy-da bolsa bir aýal bilen belleşipsiň öýdýän, ýogsam bolmasa sen meni öz ýanyň bilen äkiderdiň ahyry — diýdi. — Özgelere garanda, bu babatda meniň hak-hukugym has uludyr, şoňa görä-de seniň isleýän zadyň ýerine düşmegine men saňa kömek bereýin. Men seniň janyňy gaýgy edýän: haýsydyr bir aýalyň ýanyna bararsyň-da, bir bela-betere ýolugarsyň öýdüp gorkýaryn. Bu şäherde, Bagdatda, onuň ýaly işe baş goşup bilýän adam ýokdur, ylaýta-da bu günki ýaly günde, onsoňam biziň Bagdadymyzyň welisi biçak berk tutýan, sarpasyna hormat goýulýan adamdyr.
Men oňa: «Häý, işi gaýdan, betnam goja, jähennem bol şu taýdan! Sen maňa nämeler aýdyp samraýarsyň!» diýip gygyrdym. Onda dellek: «Päheý, akmak diýsenim, sen maňa öz içiňden: — Bu nä bihaýa garry! — diýýänsiň. Özüňem şeýden bolup menden syr gizlejek bolýarsyň, emma men bu zatlara düşünýärin, aňyrsyna-da gözüm ýetip durany üçin, saňa bu meselede şu gün özüm kömek bermekçi» diýdi.
Men bu dellegiň aýdýanlaryny öz hossarlarym hem goňşularym eşider öýdüp gorkdum-da, birentekläp sesimi çykarman oturdym. Şeýdişibem biz namaz wagtynyň gelenini duýman galdyk, onsoň, wesýetnama möhleti gelip ýetdi. Ahyry dellek meniň başymy syryp boldy weli, men oňa: «Bu iýer-içer ýaly zatlary al-da, öz dostlaryň ýanyna bar. Sen dolanyp gelýänçäň, men bu taýda garaşyp oturaýyn, onsoň ikimiz bile gideris» diýdim.
Men bu äteňenäledi öz ýanymdan sypaýyçylyk bilen kowmak üçin, onuň dilini taparyn öýdüp, para-peşgeş bilen, aldaw bilen dynmakçy bolup elimden gelenini etdim, şol ugruna kowan boldum oturdym, emma ol: «Sen meni aldaýarsyň, ýeke özüň gidersiňem, hökman bir belanyň üstündenem bararsyň, onsoň çykara deşigem tapmarsyň. Allanyň haky üçin, ýeke gitme, men gelinçäm garaş, ikimiz bile gideli, menem seniň işiň jüpüne düşüşini göreýin» diýdi. Menem oňa: «Bolýa, ýöne meni garaşdyryp goýaýma» diýdim. Ine, onsoň bu äteňenäledem meniň özüne beren iýer-içer ýaly hem beýleki zatlarymy alyp, meniň ýanymdan gümüni dartyp gitdi, emma ol, zatlary öýüne göterip äkitdirmek üçin hammala beripdir-de, özi bolsa haýsydyr bir köçejigiň gapdalynda bukulyp galypdyr. Menem haýdan-haý turaga-da (azançylar bolsa eýýäm pygamberiň şanyna salawat aýdyp bolupdylar), özümiň eşiklerimi geýdim-de, köçä çykdym, onsoň gidip, şol köçejige ýetenimden soň, şol gyzy gören ýerimdäki öýüň ýanynda aýak çekdim, görsem, şol garryja kempirem maňa garaşyp duran ekeni. Onsoň menem onuňbilen şol gyzyň bolýan öýüne girip, ýokary çykdym-da, ol tama girdim. Ine, onsoň birdenkä görsem, öýüň eýesi metjitden gaýdyp gelip, jaýa girdi-de, derwezesini şark-murk gulplady. Menem ýokarky tamyň äpişgesinden aşak seredip görsem, ynha bu dellek! — Alla towpygyny bersin — derwezäniň agzynda pisini aşyryp otyr. Men: «Be, bu melgun meniň bu ýere gelenimi nireden bildikä?» diýip, içimi gepletdim. Edil şol minutyň özünde-de, Allanyň özi maňa geýdiren gorag perdesini sypyryp aýyrmak isläni sebäpli-de, öý eýesiniň hyzmatkär gyrnaklaryndan biri nämedir bir zady ýadyndan çykarypmy nämemi hojaýyn ony urmaga başlady, olam uly ili bilen aglap gygyrdy weli, onuň gullaryndan biri ylgap gelip, ol gyrnagy halas etmekçi boldy, emma hojaýyn onyda urdy, onsoň olam bar-bar bagyryp gygyrdy. Şonda bu äteňenälet dellek bolsa öý eýesi meni urýandyr öýdüpdir-de, galmagal turzup, özüniň üst-başyny ýyrtyşdyryp, depesinden gum sowrup, dat-bidat edip, töwerekden haraý isläp, ala-gykylyk etdi. Onuň töwereginde-de adamlar bardy, bu bolsa: «Häkimiň öýünde meniň jenabymy öldürdiler!» diýip nadaralyk edip başlady.
Ondan soň ol meniň öýüme bakan gykylyk edip ugrapdyr, adamlar bolsa onuň yzyna düşüp baryşlaryna, meniň hossarlaryma hem hyzmatkärlerime habar ýetiripdirler. Ine, onsoň men eýlämi-beýlämi bakmankam, meniň adamlarym uly yzlaşyk bolup, ýaka ýyrtyp, ýas tutup, özleri-de: «Waý, biziň jenabymyz-eý!» diýip aglaşyp, meniň giren öýüme ýetip geldiler. Bu dellegem ýakasyny sal-sal edip, olaryň öňüne düşüp gygyryp gelýärdi, uly ilem onuň yzynda som-saýak. Meniň hossarlarym ses edýärdiler, dellek bolsa olaryň hemmesinden beter gygyrýardy, olar: «Waý, öldürilipdir-eý! Waý, öldürilipdir-eý!» diýip aglaşyp, eňreşip, meniň giren öýüme bakan gelýärdiler.
Öý eýesi bolsa derwezäniň daşyndaky bu gykylygy eşidip, öz hyzmatkärlerinden birine: «Näme bolduka, görüp gel» diýipdir. Hyzmatkärem daşaryk çykyp görüp, öz hojaýynynyň ýanyna dolanyp gelip: «Jenap, derwezäniň agzyndaky adam on müňdenem köp, aýalmy, erkekmi, hümer berip duruşlaryna: «Waý öldürilipdir!» diýşip gygyryşýarlar, özlerem biziň öýümize bakan ellerini uzadyşýarlar» diýip habar berdi. Häkim bu habary eşidende, munuň özi näme-de bolsa, düýpli zat öýdýän diýip, özi-de gahar-gazaba münüp, turaga-da çykyp derwezäni açdy. Derwezäň agzynda hümerlenişip duran märekäni görüp, aňk-taňk bolup: «A-how, jemagat, bu näme boldugy?» diýip sorady. Meniň adamlarym bolsa onuň üstüne gygyryşyp: «Haý, äteňenälet, häý, itiň biri, häý, doňuz ogly, sen biziň jenabymyzy öldüripsiň!» diýip gygyryşdylar. Häkim bolsa olara: «A-how, adamlar, men siziň jenabyňyzy öldürer ýaly, ol näme edipdir? Ynha, meniň öýüm siziň gözüňiziň alnynda dur» diýdi. Dellek oňa: «Ýaňy sen ony gamçy bilen urup durduň, men onuň gykylygyny eşitdim» diýdi. Häkim bolsa ýene: «Men ony öldürer ýaly, onuň eden etmişi näme, asla ony meniň öýüme kim saldy, nireden getirip, nirä saldy?» diýip sorady. Onda dellek: «Äm-sämsirän bolma, ýaşuly! Men bu zatlaryň hemmesine belet. Seniň gyzyň ony, olam seniň gyzyňy söýýär. Ol seniň öýüňe giren wagtynda, senem ony duýduň-da, sen öz hyzmatkärleriňe ony urmaly diýip buýruk berdiň, olaram ony urdular. Alladan ant içýän, ýa-ha ikimiziň dawamyzy halyfyň diwany açyp berer ýa-da sen biziň jenabymyzy çykar daşaryk, hossarlary ony alyp äkitsinler, bolmasa-da, ynha özüm öýüňe girip, ony alyp çykaryn, onsoň özüň masgara bolarsyň» diýdi.
Onda häkim (onuň agzy agyzdyrykly ýaly gepleýärdi, özi-de märekäniň öňünde utançly görünýärdi): «Eger sen dogryňy aýdýan bolsaň, özüň öýe gir-de, ony çykar onda» diýip jogap berdi.
Dellek ýeke bökende öýe girdi; menem onuň öýe girenini görüp, çykyp gaçmagyň ýoluny agtaryp başladym. Emma men öz giren tamymyň içinde duran ullakan sandykdan başga, amatly çykalga tapmadym. Ine, onsoň men şol sandygyň içine girdimde, agzyny ýapyp, demimi almaga-da gorkup ýatdym. Dellek bolsa içerik girdi-de, gelegelmäşe, ala-hasyrdy bolup, meni gözlemäge durdy, özi-de meniň nirede bolmagymyň mümkindigini biljek bolup oýlanýardy. Onsoň ol eýlesine-beýlesine garanjaklady-da, meniň ýatan sandygymyň ýanyna geldi, birdenem ol sandygy depesine göterip alyp ugrady weli, meniň gorkymdan ýaňa tas janym çykypdy. Dellek bolsa haýdap barýardy. Onsoň men mundan gaçyp gutulyp bilmejegimi aňyp, sandygyň agzyny açmagy ýüregime düwdüm. Açaga-da ýere bökübem aýagymy döwdürdim. Onsoň derweze açyldy weli, görsem, ol ýere uly märeke toplanan ekeni.
Şunuň ýaly günde, başa iş düşen wagtynda haýry ýeter diýip, men öz ýanym bilen pul göterýärdim. Ine, onsoň goltugyma elimi sokaga-da bir penje gyzyl puly aldym-da, adamlaryň üstüne penjeläp gyzyl pullary seçdim, şeýdibem olaryň ünsüni özümden sowmak isledim. Ine, aýdanym ýaly, adamlar pul çöplemäge eňdiler-de, şonuň bilen garabaşagaý boldular, menem köçäniň burçundan öwrüldim-de ökjäni göterdim, Bagdadyň köçeleri bilen saga-sola ýegdekläp gaçdym. Emma bu äteňenälet dellek weli, şonda-da meniň yzymdan galman, men haýsy deşige sümsem, bu hem yzym bilen sümýärdi-de: «Olar meniň jenabyma ýamanlyk edip, meniň içimi ýakjak boldular! Allaha şükür, maňa Hudaý kömek etdi, meniň jenabymy-da Allanyň özi olaryň elinden halas etdi! — diýýärdi. — Seniň ahmal galmaklygyň hemişe meniň gaharymy getirýärdi, gör, sen özüňe nähili zeper ýetirdiň, eger Allanyň özi meni seniň ýanyňa ibermedik bolsa, onda sen özüňiň şu düşen duzagyňdan sypyp bilmezdiň, seniň başyňa şeýle bir towkyny salardylar weli, onsoň sen ol beladan hiç haçanam gutulyp bilmezdiň. Meniň hut seniň üçin ýaşap hem-de seni beladan gutaryp ýörmegim üçin näçe berersiň? Alladan ant içýän, seniň şu ahmal bolmagyň özi meniň janymy aldy, sen bolsaň ýene ýeke özüň gitmekçi bolupdyň! Emma biz ýene seniň bilen deň bolup durmarys, çünki sen kemakyl hem alňasak bolýarsyň».
Men oňa: «Sen maňa ýetiren bu zyýanlaryňy-da az görüp, ýene meniň yzymdan ylgap ýörsüň, üstesine-de bazaryň içinde maňa bu hili sözlerem aýdýarsyň-la!» diýip gygyrdym weli, şu dellege gaharym gelşinden ýaňa tas ýüregim agzymdan çykypdy. Onsoň men bazaryň içindäki myhmanhana baryp girdim-de, olaryň eýesinden haraý isledim, onsoň ol bu dellegi meniň ýanyma goýbermedi. Men myhman otaglarynyň birinde oturan ýerimden özüme: «Men indi bu äteňenälet dellekden sypyp biljek däl öýdýän, onuň gije-gündiz meniň ýanymdan aýryljak gümany ýok, meniň bolsa onuň ýüzüni görmäge halys ruhum çatanok!» diýip içimi gepletdim.
Onsoň men şol sagadyň özünde şaýatlary çagyrdyp getirtdim-de, öz garyndaşlarymyň adyna wesýetnama ýazdyrdym, özümiň pullarymy olara paýladym, onsoň ýörite beýemçi belläp, oňa öýümi hem ýerimi satmagy tabşyrdym, alnan pullaryda uly-kiçi dogan-garyndaşlarymyň hemmesine paýlap bermeli etdim. Özüm bolsam şu aragezer äteňetden halas bolmak üçin başymy alyp çykyp gitdim, ynha indem şol wagtdan bäri ýurt syryp ýörün. Men, ynha, siziň şäheriňize göçüp gelip, bu ýerde birnäçe wagt ýaşapdym weli, siz meni myhmançylyga çagyrdyňyz, ine, menem siziňkä gelip görsem, bu aragezer äteňenälet öňümde, özi-de siziň hormatly myhmanyňyz bolup oturan eken.
Ýeri onsoň, özümiň başyma şunça külpetler salan, meniň aýagymyň döwlüp, maýyp bolmagyma sebäp bolan şu tetelli adamyň bar ýerinde, siziň araňyzda oturyp keýp çekmäge nädip meniň ýüregim çydam edip bilsin?»
Şondan soň ol ýigit iýmek-içmekden bizar boldy, biz bolsak onuň hekaýatyny eşidip, dellege ýüzlenip: «Bu ýigidiň sen hakda aýdýan zatlary dogrumy?» diýip ondan soradyk. Ol hem bize şeýle jogap berdi: «Alladan ant içýärin, men özümiň bilimdüşünjäm, akylym hem mertligim zerarly oňa şol zatlary etdim, eger men bolmadyk bolsam, ol hökman ölerdi. Onuň halas bolmagyna diňe men sebäp boldum, entegem onuň bagty getirip, aýagynyň maýyp bolany gowy boldy, ýogsam onuň ganyny almaklary mümkindi. Eger men köp geplegen bolsam, onda men oňa ýagşylyk edibem bilmezdim. Ynha, men size öz başymdan geçiren wakamy aýdyp bereýin, onsoň siz meniň az gepleýändigime, özümiň alty doganymdan tapawutlanyp, mende ýaňralykdan asla nyşanam ýokdugyna ynanarsyňyz».

Edebiýat, BeZZaT. tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir