Gan bilen işlenilýän meseleler:
Adamyň agramynyň ortaça 7% gan tutýar. Onda size şeýle meseleler gelip biler:
Adam şikeslenme netijesinde 1,5 litr gan ýitirdi. Ýitirilen ganyň göterimini hasaplaň. Adamyň agramy 75 kg.
75kg --- 100%
x litr ---- 7% sebäbi gany biz litrde ölçeýäs.
x= 75kg * 7% / 100% = 5,25 litr, onda adamyň bedenindäki ganyň möçberi 5, 25 litr.
Indi ýitirilen ganyň derejesini ýitirilen ganyň möçberini ganyň umumy möçberine bölüp, 100%-e köpeldip tapýas.
Onda, 1,5 litr / 5,25 litr * 100% = 28,6 %. Diýmek adam 28,6% ganyny ýitiripdir.

Bilim, Lagly tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir