Oglanlar - Gyzlar, her okanymda biri bilen paýlaşasym gelýär. nirä ýitdi gitdi munyň ýaly çeper türkmenler ? ýa nuryşkanyň 'ors gitdi - welsopedem galmady' diýşi ýaly, garaşsyz bolduk şahyram galmadymy ??? Şahyr! Şahyrlygyñ çyn bolýan bolsa, Sönüp, ýanyp, ýene sönüp, ýanyp git. Ynsanlyk ýazgydyñ çuñ bolýan bolsa, Gara ýere çümüp, çykyp, çümüp git. Hem akyl ber, hem iliñden akyl al. Kitapdan däl, gara ýerden nakyl al. Alan zadyñ demiñ bilen ýakyp al, Soñ ýene-de ýeriñ süýdün emip git. Dag ýoluna, çöl ýoluna belet bol, Dag ýolunda – çat açmaýan polat bol. Çöl ýolunda – tirkeş-tirkeş bulut bol. Teşne görseñ, dodagyna damyp git. Ýol agyrdyr: müñ ýanylar, öçüler. Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler. Ýel ygyna şaglap gitse geçiler, Sen öküz dek ýele garşy yñyp git. Bagt paýlansa, üç baýlygy ilki al: Ylgap baryp saglyk bilen erki al. Ýany bilen çuwal-çuwal gülki al, Soñ tapylar, galan zady zyñyp git. Dost paýlansa “Äber” diýip gyssanma, Alañdan soñ – gysgaltma hem gysgalma. Dileg etse – gözlerñi hem gysganma, Birin ber-de, biri bilen oñup git. Ha çaryk geý, Ha çokaý geý, Telpek geý – Parhy ýokdur: geýseñ bolar erkek deý. Ýöne weli şypbyldama çepek deý. Aýna gonçly ädik ýaly doñup git. Sorasañ aýdaýyn kyýamat nedir? Erkekler ownasa – kyýamat şodur. Her başy telpeklä goýmagyn gadyr. Bäş telpegi bir gyñaja dañyp git. Gözelligi sor bagryña, öýkenñe. Söýülseñ söý, söýülmeseñ süýkenme. Söýgi hem goşgudyr! Kişä öýkünme, Öz möhrüñi, öz közüñi goýup git. Ýeñip ýaşa: ahyrda ýeñ, başda ýeñ, Tomusda ýeñ, ýazda, güýzde, gyşda ýeñ. Söýgiñde ýeñ, gaýgyñda ýeñ, işde ýeñ – Bir oguldan ýeñilip hem ýeñip git. Ýeñsin ogul dil bilen däl, iş bilen. Señkä görä has ýitiräk huş bilen. Aýak däl-de, parasatly baş bilen Ýeñse ogul – gözüñ rahat ýumup git. Gözüñ sürtüp merhum enäñ alnyna, Bir aglapdyñ. Indi beri aglama: Öz balañy eliñ bilen jaýlama, Nobatyñda mele ýere sümüp git. Dünýä gelmegiñ-de nobaty ýagşy, Ýene ölmegiñ-de nobaty ýagşy. Men diñe bir zatda nobata garşy: Dost öýünde islän çagyñ gonup git. Başarsañ – köplügiñ içine garyş, Tanyşdan dost tutun, ýatlardan – tanyş. “Žiguliñ” içinden gözleme durmuş, Köplük bilen avtobusa münüp git. Köpelsin öýüñde ýürekdeş myhman – Ýary işçi bolsun, ýarysy daýhan. Elbetde, alymam, şahyram hökman. Üýşüp, çaşyp, çar tarapa eñip git. Şeýle dostlar bilen gezseñ birsellem – Ýetersiñ iñ uly matlaba çenlem. Gadamyñ giñden ur! Entekler ellem Hol öñde-le... Ýaş hakynda dymyp git. Haly wagtyñ meñzemegin kilime, Diri wagtyñ gyssanmagyn ölüme. Öçen wagtyñ öýkünmegin çilime - Içi közli ojar ýaly sönüp git. Ýene bir söz, magtanmak däl, öwüt däl: Mazaryma daş oturtmak sargyt däl. Mele ýeriñ astynda-da daş gyt däl, Bakylyk şol: Şol daşlara siñip git.
Ömrüme Pent
-
Maxat
16 years ago
- serdar şu aşakdaka
tjyklay
-
yalnyz
16 years ago
- onki yashulyn(yatan yeri yagty bolsun!) yazan goshgulary oran onat. meselem yatdymda galanyndan bir bent:
görejiň ýandyrar baýlyk, pul, altyn,
baýlykdan baýna diýp atygsar kalbyň,
puly alan alsyn, sen haky algyn,
ärler lar dünýäň baýlygyndan beýik bor.
we bashga bir goshgusyndab bir bent:
dogry sözle dogry bakyp garaga,
gülkä nobat berip bent ur gazaba,
çingiz handan galan diňe haraba,
sanjar ýaly, bina guran utupdyr.
-
SBOM
16 years ago
- ay yuregım bola dosjan supersın. gel men bılen paylas o gosgyny..onsanam vatana dılyetırme ok..yogsa...
-
hoshowaz
16 years ago
onsanam vatana dılyetırme ok..
bagyshla sbom, watana dil yetiryan kim baray mana-da aytsana. menem senin bilen bileyogsa...
-
bayram kadr
16 years ago
- şuny kim yazanam bolsa alla ondan razy bolsun!!!!dowamy gelsin
-
daKING
16 years ago
Içi közli ojar ýaly sönüp git
gaty gowy aydylan sözlem.Goldayan.
-
bond
16 years ago
- ylalashyan.
-
Bravo
14 years ago
- Ine gozyetim.Com name seredin wse! :D
derlap gtdimay. Saytyn 485nji sahypasynda aylanyp yorun :D
CeriumOxide 16 years ago- Gurbannazar agaň goşgylayndanam ýazsana eziz!