Garşylykly temperaturaly suw kellagryny köşeşdirýär. Munuň üçin elleriňi we aýaklaryňy gyzgyn hem sowuk suwly legene gezekli-gezegine geçirip durmaly. Kellagryny ýeňletmek maksady bilen gyzgyn suwly wanna kabul etmek ýa-da aýaklaryňy gyzgyn suwly wannada ýarym sagatlap saklamak hem mümkindir. Ýöne ýürek-damar kesellerinden ejir çekýän adamlar gyzgyn suwly wannalary kabul etmekden saklanmalydyr.

Aram gyzgyn we sowuk (buz ýaly däl) suw gezekleşdirip kabul edilen duş immunitetiň pugtalanmagyny gazanmaga, deriniň wagtyndan öň ýygyrt atmagynyň öňüni almaga ýardam edýär.

Tämiz agyz suwuny yzygiderli içýän adamyň aşgazany we içegesi oňat işleýär.

Synçgylawuk tutanda demiňi almazdan 6-7 owurt suw içmeli.

Wanna kabul edeniňizde ýuwunýan suwuňyza 1 nahar çemçe bal garsaňyz, deriňiz ýüpek ýaly ýumşap, öwşün atar. Bedeniňiz gowşap, nerwleriňiz rahatlanar.

Bolgar tebibi Wanga sarygetirmeli çagalary peçek gaýnadylyp, biraz sowadylan suwa düşmegi ündäpdir. Ol bu çäräni 1 hepdäniň dowamynda yzygiderli ýerine ýetirmegi maslahat beripdir.

Anginada bokurdagyňyzy deňiz suwy bilen çaýkamak peýdalydyr.

Ysmaz keselinde kükürtli suwdur deňiz suwunyň nepi degýär. Yzygiderli ýuwnulanda şeýle suwlar derini ýylmanak edýär.

Süýjüli diabetden ejir çekýän adamlara biraz zäk gaýnadylan suw bilen agzyňy çaýkamak peýdalydyr.

Ýatmazdan öň aýaklaryňyzy gyzgyn suw bilen ýuwsaňyz, basym we rahat uklarsyňyz.

Bir zatdan gorkan adamy köşeşdirmek isleseňiz, oňa bir käse suw içiriň. Biraz şeker garsaňyz – suwuň rahatlandyryjy täsiri güýçlener.

Ýiti we dowamly aşgazan kesellerinde ýandak gaýnadylan suwuň haýry degýär. Ony sowadyp, süzmeli. 5-10 günüň dowamynda günde 3 gezek nahardan 10 minut öň 100 ml içmeli. Bu melhemlik iç ýellenmesinde hem kömek edýär.

Bilim, Ahmedovaa tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir